1-nji sentýabrda Tim Kuk kompaniýanyň düýbüni tutujy Stiw Jobs aradan çykandan soň, 2011-nji ýyldan bäri eýeläp gelen Apple kompaniýasynyň baş direktory wezipesini tabşyrdy.
Ol wezipeden gitmeziniň öň ýanynda kompaniýanyň işgärlerine hoşlaşyk hatyny ugradyp, tutuş topara öz minnetdarlygyny bildirdi:
«Şeýlelikde, bu gün – mеniň Apple kompaniýasynyň baş direktory wezipesindäki iň soňky günüm. Bu pursadyň bir gün geljekdigini bilsem-de, onuň eýýäm gelip ýetendigine we bu setirleri ýazýandygyma henizem ynanyp bilemok. Men bu kompaniýany we onuň aňyrsynda duran topary janym bilen gowy görýärin. Şol sebäpli bu gün size hat ýazyp, söýgiňiz, her gün görkezen yhlasyňyz we iň esasy zat — size ýolbaşçylyk etmek bagtyna eýe bolanyma nähili minnetdardygymy aýtmak mümkinçiligini elden gideresim gelmedi».
Kuk gazanan üstünliklerinde Apple-iň işgärleriniň paýynyň uludygyny belläp, olary aýratyn zehinli topar diýip atlandyrdy:
«Apple kompaniýasynda, hakykatdan hem, özboluşly bir zat bar. Men ýyllyk hasabatlarda suratlandyryp bolmajak derejedäki buýsanjy başymdan geçirýärin. Bu ýer medeniýetiň hemme zatdan üstün çykýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz döredýän zatlarymyzyň uly ähmiýete eýedigine hem-de dünýäni özümizden öňki halyndan has gowulandyrmaga mümkinçiligimiziň we borjumyzyň bardygyna ynanýarys. Bu maksat — bu ýeri özboluşly edýän gymmatlyklaryň bir bölegidir. Apple ony kämilleşdirmäge kömek edýär, emma men ol duýgynyň bu ýere gelmeziňizden has öň hem her biriňiziň kalbyňyzda ýaşandygyna ynanýaryn. Hut şol duýgy sizi bu kompaniýa getirdi we gündelik işiňizi kesgitlemegi dowam etdirýär. Biz bilelikde her birimiziň ýeke özümiziň göz öňüne getirip ýa-da ýetip biljek sepgitlerimizden has uly zady döretdik. Biziň üstünligimiziň syry hem hut şundadyr. Biz birek-birekdäki iň gowy taraplary ýüze çykarýarys we kimdigimiziň we nämä ynanýandygymyzyň, nämäni aýaýandygymyzyň we dünýä nähili garaýandygymyzyň esasynda biri-birimize ylham berýäris. Stiwiň bir wagtlar aýdyşy ýaly, «Älemde öz yzymyzy galdyrmagy» başardyk. Biziň bagtymyz getirdi. Меniň bagtym getirdi».
Şol bir wagtyň özünde Tim Kuk Apple kompaniýasyndan doly gitmeýär. Ol kompaniýanyň direktorlar geňeşindäki ornuny saklap galýar. Baş direktor wezipesi bolsa Jon Ternusa geçýär.
Kuk öz ornuny tutjak kişi barada hem aýdyp, oňa doly ynanýandygyny-da nygtady:
«Dünýäni üýtgedýän önümleri döretmek üçin nämeleriň we nähili zähmetiň talap edilýändigine Jon ýaly gowy düşünýän adamlar örän azdyr. Men onuň kompaniýa ýolbaşçylyk etjekdigine diýseň begenýärin».
Ol hoşlaşyk hatyny eýýäm täze wezipesinde Apple Park-da we dünýäniň dürli künjünde zähmet çekýän işgärler bilen duşuşyp durjakdygyny aýtmak bilen jemledi.