Ýewropa Komissiýasy batareýalar hakyndaky täze düzgünnamada käbir enjamlar üçin ýörite gowşadylmalar girizip, Apple Watch akylly sagatlaryny, AirPods simsiz gulaklyklaryny we ýene birnäçe enjamy çalşyp bolýan batareýalar bilen üpjün etmek talabyndan boşatdy.
Ýewropanyň täze kanunçylygyna görä, elektronika enjamlarynyň ömrüni uzaltmak we olaryň materiallaryny gaýtadan işlemek işini ýeňilleşdirmek maksady bilen, ulanyjylar öz enjamlarynyň batareýalaryny özbaşdak çykaryp we çalşyp bilmelidir. Ýöne indi Ýewropa Komissiýasy bu talapdan boşadylan enjamlaryň sanawyny giňeldip, oňa alty sany täze bölümi, şol sanda dakylýan elektronika önümlerini – akylly sagatlary we fitnes-trekerleri goşdy.
Munuň sebäbi bu kiçijik enjamlaryň berk we jebis gurnalan korpusyny açmagyň we olary täzeden ýygnamagyň olaryň suw geçirmeýän goragyny bozup hem-de howpsuzlyk üçin uly howp döredip biljekdigi bilen düşündirilýär. Düzgünden boşatmak talaby häzirki wagtda bar bolan tehnologiýalara laýyklykda, gurluşy taýdan ulanyjylara batareýany howpsuz ýagdaýda çalşyp bilmäge mümkinçilik bermeýän ähli enjamlara degişli bolar.
Apple Watch we AirPods enjamlaryndan başga-da, bu täze düzgünler Meta kompaniýasynyň akylly äýneklerine hem degişlidir. Bellenilip geçilmeli zatlaryň ýene biri hem, Apple kompaniýasynyň iPhone smartfonlary çalşyp bolýan batareýalar talabyndan eýýäm düzgünnamanyň iň ilkinji görnüşinde, ýagny onuň batareýasynyň aýratynlyklary we suwdan goragyň ýokary derejesi göz öňünde tutulyp boşadylypdy.
Bu täze resminama indi Ýewropa Parlamenti we Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi tarapyndan serediler. Eger hiç hili garşylyk bolmasa, täze kadalar Ýewropa Bileleşiginiň resmi žurnalynda çap edilenden 20 gün soň güýje girer we düzgünnamanyň 2027-nji ýylda doly güýje girmegine çenli hereket eder.