Gazagystanyň wekili taryhda ilkinji gezek «Ýewropa hanymy» («Mrs Europe») halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy.
Gözellik täjiniň eýesi Almatyda ýaşaýan marketolog, SMM-hünärmen we bloger Swetlana Petrowa boldy.
«Gazagystan ilkinji gezek «Mrs Europe» adyny eýeledi. Bu täji ilkinji bolup öz ýurduma getirmek meniň üçin uly buýsançdyr. Bu ýeňiş – Gazagystan üçin!» diýip, ýeňiji zenan sosial ulgamlarda şatlygyny paýlaşdy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 20-nji sentýabrda Estoniýanyň paýtagty Tallinde geçirildi. Baş baýrak ugrunda Ýewropanyň çäginden daşarky sebitleri hem goşmak bilen, 15 ýurduň wekilleri bäsleşdi.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, bu taslama diňe bir gözellik bäsleşigi hökmünde göz öňünde tutulmaýar. Gatnaşyjylar çykyşlarynda öz ýurtlary bilen tanyşdyrdylar, şahsy üstünlikleri barada gürrüň berdiler we durmuş-jemgyýetçilik meseleleri hakda öz pikir-garaýyşlaryny paýlaşdylar. Bäsleşigiň meýilnamasynda medeni gatnaşyklar we jemgyýetçilik başlangyçlary-da öz ornuny tapdy.
Lybas görkezilişigi we fotosessiýalardan başga-da, bäsleşikde emeli aňyň häzirki zaman durmuşyndaky täsirine bagyşlanan forum, şeýle hem Lootus Õnnele dikeldiş we öňüni alyş merkezine sapar hem girizildi.
Bu gözellik bäsleşiginiň guramaçylary esasan sosial ähmiýetli ugurlara üns berip, zenanlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaklaryna itergi bermegi maksat edinýärler.