Lissabondaky Cordoaria Nacional muzeýinde LEGO konstruktoryndan ýasalan eksponatlaryň Ýewropadaky iň uly sergisi açyldy. Bu barada Euronews teleýaýlymyna salgylanyp habar berilýär.
2 müň inedördül metr meýdanda döredilmegi üçin 15 milliondan köpräk bölek sarp edilen 120-den gowrak uly göwrümli gurnamalar ýerleşdirildi.

Serginiň merkezinde dört sany «super model» esasy orny eýeleýär. Serginiň ýolbaşçysy Lukaş Siwesiň aýtmagyna görä, olaryň hersi «ýarym milliondan gowrak LEGO böleginden ýygnalyp», bu olary has-da täsirli edýär.
Esasy eksponatlaryň arasynda alty adamdan ybarat topar tarapyndan ýarym ýyllap ýasalan ABŞ-nyň Prezidentiniň 1:7 ölçegindäki 11 metrlik Air Force One uçarynyň nusgasy, 700 müň bölekden ybarat «Deňizleriň patyşasy» atly syýahatçylyk gämisi, şeýle hem 900 müň bölekden toplanan spinozawr bar.

Ekspozisiýalar kinematografiýa we sportdan başlap, ylym ýaly birnäçe temalar boýunça bölündi.
«Bizde kino dünýäsine, sporta, Star Wars älemine bagyşlanan birnäçe tematiki zolaklar, şeýle hem geografiýa, biologiýa we beýleki ylymlar boýunça öwrediji sergi tagtalary bar» diýip, gurnaýjy gürrüň berýär.
Ähli ýaşdaky myhmanlar üçin öz şahsy modelini ýasamaga mümkinçilik berýän interaktiw Fun Zone işleýär. Şeýle hem 3D Trick Gallery tölegli surata düşülýän ýörite ýer bar.

Şuňa meňzeş sergi eýýäm Ýewropanyň 11 ýurdunda geçirildi.
«Lissabondan soň, ähtimal, Pireneý ýarym adasyndaky syýahaty dowam ederis. Ilki Portugaliýa barmagymyzam ahmal. Ýa-da belki, göni Madride ýa-da Barselona gideris we ondan aňryk Ispaniýanyň iri şäherlerinde dowam ederis» diýip, Lukaş Siwes meýilleri bilen paýlaşdy.
Lissabondaky sergi 10-njy ýanwara çenli öz işini dowam eder.