Sanly nyşanlaryň ählumumy standartlaşdyrylmagyna jogap berýän Unicode täjirçilik däl guramasy dokuz sany täze emojiniň çykaryljakdygyny mälim etdi. Olar geljekki Unicode Emoji 18.0 bukjasynyň bir bölegi bolar.
Täze emojileriň şekillerini konsorsiumyň agzalarynyň biri bolan Jennifer Deniel görkezdi.
2027-nji ýyl üçin meýilleşdirilen täzelenme toplumyna aşakdaky simwollar girer:
- Kebelek
- Tor halta
- Meteorit
- Saga tarap ugrukdyrylan başam barmak
- Çepe tarap ugrukdyrylan başam barmak
- Jaýrylan ýüz
- Maýak
- Hyýar
- Bozguç.

El hereketleri üçin, adaty bolşy ýaly, deri reňkiniň bäş dürli görnüşi göz öňünde tutulýar. Bu emojiler girizilenden soň, ulanyjylar üçin elýeterli bolan emojileriň umumy sany (ähli reňk görnüşlerini hasaba alanyňda) 4 000-e golaýlar.
Täze Unicode Emoji bukjasynyň resmi taýdan tassyklanmagy 2027-nji ýylyň ýazyna meýilleşdirilýär. Şondan soň, Apple we Google ýaly tehnologiýa ägirtleri täze simwollary öz operasion ulgamlaryna girizip başlar.
iPhone ulanyjylary bu emojileri iOS 27.5 wersiýasynyň çykmagy bilen, Android enjamlaryny ulanýanlar bolsa Android 18 wersiýasy bilen görüp biler diýlip garaşylýar.
Belläp geçsek, täze emojileriň goldawy operasion ulgamlary döredijiler tarapyndan her ýyl yzygiderli goşulýar. Mysal üçin, şu ýyl iOS 26 ulgamyna 8 sany täze simwol — çişen ýüz, tozan buludy, gemrilen alma, kosatka, ýeti, trombon, garaýagyz balerina we hazynaly sandyk goşulypdy.