Ýewropa komissiýasy Google kompaniýasyna sanly bazarlar baradaky kanuny (Digital Markets Act, DMA) bozandygy üçin 890 million ýewro jerime saldy we kompaniýa ýüze çykarylan düzgün bozulmalary düzetmegi tabşyrdy.
Jerime iki bölekden ybaratdyr:
- Gözleg netijelerinde öz hyzmatlaryna artykmaçlyklary berendigi üçin 460 million ýewro,
- Işläp düzüjilere Google Play-den sowa geçip, ulanyjylary satyn almagyň has arzan usullaryna gönükdirmäge päsgel beren çäklendirmeleri üçin 430 million ýewro.
Şeýle-de, Ýewrokomissiýa Google-dan gözleg netijelerinde üçünji taraplaryň hyzmatlarynyň adalatly görkezilmegini üpjün etmegi we işläp düzüjilere goşundylar dükanyndan daşary öz tekliplerini erkin mahabatlandyrmak hem-de ulanyjylar bilen geleşikleri baglaşmak mümkinçiligini bermegi talap etdi.
«Iň gowy önümler gözleg ulgamynyň eýesine degişlidigi üçin däl-de, hakykatdan-da gowy bolandygy üçin ýeňiş gazanmalydyr» – diýip, Ýewrokomissiýanyň bäsdeşlik meseleleri boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Tereza Ribera belledi.
Talaplary ýerine ýetirmek üçin kompaniýa 60 gün wagt berildi. Google-da Ýewrokomissiýanyň çözgüdi tankytlandy we onuň üstünden kazyýete şikaýat etmek mümkinçiligine seredilýändigi bellenildi.