Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
25.05.2025 10:56
4.9k+
Kann kinofestiwalynyň baş baýragy eýranly Jafar Panahiniň filmine berildi
78-nji Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasyny” eýranly režissýor Jafar Panahiniň “Ýönekeý bir tötänlik” (Простая случайность) filmi aldy. Bu barada festiwalyň ýapylyş dabarasynda yglan edildi. “Ýönekeý bir tötänlik” pidalaryň we jellatlaryň arasyndaky gatnaşyk baradaky wakadyr
25.05.2025 10:42
2.4k+
“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy 2026-njy ýylyň maýynda çykar
Disney studiýasy “Melgun Prada geýýär” (Дьявол носит Prada) filminiň dowamynyň üstünde işleýär. Variety žurnalynyň habar bermegine görä, filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirildi. Aktýorlar düzümi heniz belli däl
25.05.2025 10:40
3.5k+
Tanymal režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy barada serial düşüriler
Apple TV+ režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy we döredijiligi barada dokumental serialyň çykaryljakdygyny habar berdi. Deadline neşiriniň belleýşi ýaly, “Jenap Skorseze” atly taslama bäş bölümden ybarat bolar
25.05.2025 10:20
2.4k+
X sosial ulgamynyň işinde dünýä derejesinde bökdençlik bolup geçdi
X (ozal Twitter) sosial ulgamyny ulanyjylar platformanyň işleýşinde näsazlygyň bolmagyndan zeýrenýär. Muny onlaýn hyzmatlaryň işindäki bökdençliklere gözegçilik edýän Downdetector hyzmatynyň maglumatlary delillendirýär
25.05.2025 10:18
3.1k+
Kann festiwalynyň ýapyljak güni şäher çyrasyz galdy
Fransiýanyň Alpes Maritimes departamentinde elektrik energiýasy öçdi. Blekaut 78-nji Halkara kinofestiwalynyň geçirilýän Kann şäherine-de täsir etdi diýip, Deadline habar berýär. FranceInfo-nyň polisiýa işgärlerine salgylanyp habar bermegine görä, munuň sebäbi ýokary woltly liniýalardaky heläkçilik boldy
24.05.2025 19:27
13k+
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda 7-nji Halkara etnosport festiwalynda çykyş etdi
2025-nji ýylyň maý aýynda Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasynyň guramagynda Stambul şäherinde bütin dünýäde meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly geçirildi. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar, olaryň däp-dessurlary, at üstündäki oýunlary we milli sport görnüşlerini giňden ýaýbaňlandyryldy
24.05.2025 17:20
8.5k+
Apple könelip barýan we könelen gurluşlaryň sanawyny täzeledi
Apple kompaniýasy wintaž (könelip barýan) we könelen gurluşlaryň sanawyny täzeledi. Indi birinji sanawa iPhone 7 Plus-yň ähli wersiýalary, şeýle-de 64 GB we 256 GB ýatly iPhone 8 girdi. 128 GB iPhone 8 we iPhone 8 Plus-yň ählisi, diňe (Product) Red wersiýasyndan daşary, häzirlikçe bu sanawa girmedi
24.05.2025 13:11
10k+
Hytaýda ogurlanan iPhone-laryň gaýtadan satylýan global merkezi tapyldy
Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ogurlanan iPhone smartfonlarynyň köpüsi ahyrynda Hytaýyň Şençžen şäherindäki bir bina gelip düşýär. Muny derňewleriň netijesinde Financial Times-yň žurnalistleri anyklady. Gürrüň Huasýanbeý sebitindäki ünsi çekmeýän Feiyang Times binasy barada gidýär
24.05.2025 13:07
4.1k+
Xiaomi kompaniýasy 15s Pro flagmanyny we kofe ysly Civi 5 Pro smartfonyny hödürledi
Xiaomi-niň 15 ýyllygy mynasybetli Hytaýda kompaniýanyň uly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi we onda beýlekiler bilen bir hatarda, iki sany täze smartfon hödürlendi: kompaniýanyň öz prosessoryny alan Xiaomi 15s Pro flagmany we Leica kameraly orta derejeli Civi 5 Pro modeli
24.05.2025 13:03
1.8k+
Xiaomi kompaniýasy Pad 7 Ultra planşetini we Watch S4 eSIM akylly sagadyny görkezdi
Ýubileý tanyşdyrylyş dabarasynda Xiaomi kompaniýasy Pad 7 Ultra planşetini we Watch S4 eSIM 15th Anniversary Edition akylly sagadyny hödürledi. Planşet 10 ýadroly XRing 01 çipseti bilen enjamlaşdyryldy. Ol AnTuTu testinde 3 milliondan gowrak bal gazandy
24.05.2025 12:41
3.1k+
Samsung kosmosa dyzaýar: kompaniýa raketa uçurmak üçin öz meýdançasyny gurar
Samsung Group kosmos infrastrukturasy pudagyna ornaşyp başlady. The Korea Economic Daily-nyň habar bermegine görä, Samsung C&T Corp. “kosmos zawody” taslamasyny işläp taýýarlaýar, ol raketalar üçin uçuş meýdançasyny öz içine alar
24.05.2025 12:26
3.2k+
«Oasis» toparynyň gaýtadan birleşmegi bilen bagly konsert sapary üçin muşdaklar 1 milliard funtdan köp pul harçlar
«Oasis» britan toparynyň gaýtadan birleşendigi baradaky habara begenen muşdaklar şu tomus Beýik Britaniýada geçiriljek 17 konserti görmek üçin 1,06 milliard funt sterling harçlamaga taýýar. «Barclays» maliýe konglomeraty tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesine görä, bu konsertlere 1,4 million adam gatnaşar we her bir muşdak, ortaça, 766 funt sarp eder
24.05.2025 11:46
6.9k+
Türkmenistanda iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada aýdyldy
23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa 2025-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Çagalary goramagyň halkara
23.05.2025 19:14
15k+
Aleksandr Makedonski döwründen galan moda: çaganyň 2300 ýaşly altyn ýüzügi tapyldy
Ierusalimiň iň gadymy ilatly etraby bolan Dawidiň şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda ysraýylly arheologlar goýy gyzyl daşly kiçijik altyn ýüzügi tapdylar. Hünärmenleriň bellemegine görä, tapyndy irki ellinçilik döwrüne degişlidir, ýagny takmynan 2300 ýyl ozal, sebiti miladydan öňki 332-nji ýylda Aleksandr Makedonskiý basyp alyp yzýany döredilipdir
23.05.2025 19:11
16k+
Diňe ýeke ýaşaýjysy bolan şäherçe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol hem häkim, hem kitaphanaçy...
Amerikanyň Nebraska ştatynyň Monowi şäherçesinde ýeke adam - 90 ýaşly Elsi Eýler ýaşaýar. Ol şol ýeriniň häkimi, edara gullukçysy, gaznaçysy, kitaphanaçysy we ýerli garbanyşhananyň eýesi. Monowi iň az ýaşaýjyly ilatly ýer hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
23.05.2025 13:00
14k+
15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär
2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi
23.05.2025 12:08
1.2k+
Kwentin Tarantino öz filmleri hakdaky kitaplaryň döredilişine gatnaşar
Kwentin Tarantino we žurnalist Jeý Glenni režissýoryň meşhur filmleriniň döreýşi bilen baglanyşykly birnäçe kitap taýýarlaýarlar. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, Tarantino olara giriş sözlerini ýazar. Tapgyryň ilkinji kitaby "The Making of Quentin Tarantinoʼs Once Upon a Time… in Hollywood" diýlip atlandyrylar
23.05.2025 12:03
3.2k+
Instagram ulanyjylary özüne çekmek üçin mazmun döredijilere $20 müň dollara çenli pul teklip edýär
Instagram sosial toruna eýelik edýän Meta korporasiýasy ABŞ-da «Referrals» maksatnamasyny işe girizdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde mazmun döredijiler täze ulanyjylary ýa-da trafik çekmek arkaly pul gazanyp bilerler
23.05.2025 11:11
3.1k+
Netflix «Clash of Clans» boýunça multserial çykarar
«Netflix» striming hyzmaty «Clash of Clans» mobil oýny boýunça animasion serial dörediljekdigini mälim etdi. «Variety» neşiriniň bellemegine görä, taslamanyň üstünde işlejek topar hem-de premýeranyň senesi entek belli däl
23.05.2025 11:09
12k+
Britaniýada Sezaryň döwrüne degişli iň uly hazyna tapyldy. Tapan adama bir teňňe-de berilmez
Beýik Britaniýada b.e. öňki I asyryň ortalaryna degişli 800-den gowrak altyn teňňeden ybarat hazyna tapyldy. Esseks graflygynyň Çelmsford şäherinde ýüze çykarylan kolleksiýa «Greýt-Beddou hazynasy» diýlip atlandyryldy we demir asyryna degişli altyn teňňeleriň sany boýunça ýurduň taryhynda iň uly tapyndy hökmünde ykrar edildi
23.05.2025 11:05
1.2k+
GPT-4 emeli aňy onlaýn çekişmelerde adamlaryň 64%-inden has ynandyryjy bolup çykdy
GPT-4 neýrotory onlaýn çekişmelerde, aýratyn-da, garşydaşyň şahsy maglumatlary ulanylanda adamlaryň özündenem has ynandyryjy bolup çykdy. Şweýsariýanyň Lozanna şäherindäki Federal politehniki mekdebiň mugallymy Robert Uestiň ýolbaşçylygynda, şweýsariýaly, italiýaly we amerikaly alymlar topary şeýle netijä geldiler
23.05.2025 10:31
8.2k+
Britaniýaly ejesiniň hatyrasyna tutuş Awstraliýany ylgap, rak bilen göreşmek üçin serişde ýygnady
Britaniýaly ultra-marafonçy Uilýam Guj 3800 km töweregi ylgap, 35 günde tutuş Awstraliýany geçdi. Ol ylgawa 15-nji aprelde Kotteslou kenaryndan başlap, ony 19-njy maýda garşy kenarda, Bondi kenarynda tamamlady
23.05.2025 09:51
3.7k+
“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Gaýtadan dogluşyň” täze treýleri peýda boldy. Film 2-nji iýulda çykar
Universal Pictures kinokompaniýasy “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Gaýtadan dogluş” filminiň ikinji treýlerini çykardy. Filmiň ilkinji görkezilişini 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda guramak meýilleşdirilýär. Filmiň sýužeti “Agalyk” filminiň wakalaryndan, takmynan, bäş ýyl soň ýaýbaňlanýar
22.05.2025 20:30
1.4k+
Microsoft ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin Discovery EA platformasyny işe girizdi
Build 2025 konferensiýasynda Microsoft korporasiýasy emeli aňyň kömegi bilen ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin döredilen Discovery platformasyny hödürledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze ulgam maglumatlary seljermekden we çaklamalary öňe sürmekden başlap, tejribeleri modelirlemäge we netijeleri gaýtadan işlemäge çenli ylmy gözlegiň ähli tapgyrlarynda kömek eder
22.05.2025 20:27
6k+
Kanadada dinozawrlaryň heläk bolan ýerinden 8 müň süňk tapyldy
Kanadanyň Alberta welaýatynda paleontologlar pahirinozawrlaryň 8 müňden gowrak süňküni tapdy. Bu burnunda süňk ösüntgisi bolan we uly göwresi bilen tapawutlanýan ot iýýän dinozawrlardyr. Tapyndy, takmynan, 72 ýyl mundan ozal tutuş bir dinozawrlar sürüsiniň heläk bolandygyny görkezýär diýip, Interesting Engineering habar berýär
22.05.2025 20:17
10k+
Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky ýolda ilkinji aýdym-saz ýoly peýda boldy
Türkiýede ilkinji aýdym-saz ýoly açyldy. Ol Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky awtoulag ýolunda ýerleşýär. Bu ýol böleginiň üstünden bellibir tizlik bilen hereket edilende, awtomobiliň tigirleri Wolfgang Amadeý Mosartyň “Türk marşy” (Rondo alla turca) sazyny “çalyp başlaýar”
22.05.2025 12:53
7.4k+
Gazagystana Merkezi Aziýada ilkinji superkompýuter getirildi
Gazagystana öndürijiligi, takmynan, 2 ekzaflops bolan sebitiň taryhynda ilkinji superkompýuter klasteri getirildi. Bu barada respublikanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
22.05.2025 12:52
5.9k+
You-Tube kanaly “pi” sanyny hasaplamak boýunça rekord goýdy – 300 trln sifr
Linus Tech Tips You-Tube kanaly “pi” sanyny hasaplamak boýunça dünýä rekordyny goýdy, oturdan soň 300000000000000 (300 trln) sifr kesgitlendi. Taslama 2024-nji ýylyň tomsunda başlandy. Topar Kioxia ýapon kompaniýasy bilen bilelikde superkompýuter ýygnady
22.05.2025 12:50
2.2k+
Xiaomi çip döretmek işine tas $7 mlrd maýa goýar we täze ulagyny hödürlär
Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy ýakyn on ýylda ykjam gurluşlar üçin hususy mikroçipleri işläp taýýarlamaga 50 mlrd ýuan ($6,9 mlrd) maýa goýar. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun Weibo sosial ulgamynda habar berdi
22.05.2025 12:41
1.6k+
Huawei kompaniýasy HarmonyOS ulgamyny alan ilkinji täjirçilik noutbugyny hödürledi
Huawei kompaniýasy Qingyun hatarynyň täze täjirçilik noutbugyny – Qingyun HM940-y hödürledi. Ol kompaniýanyň öz Huawei OS operasion ulgamyna eýe bolan ilkinji täjirçilik noutbugy boldy. Ozal Qingyun hatarynyň noutbuklary Windows ýa-da Lunix bilen işleýärdi
22.05.2025 12:38
6.6k+
Denzel Waşington garaşylmadyk ýagdaýda “Altyn palma şahasy” hormat baýragy bilen sylaglandy
Amerikaly aktýor Denzel Waşingtona Kann kinofestiwalynda “Altyn palma şahasy” hormat baýragy berildi. Dabara bäsleşikden daşary görkezilen Spaýk Liniň “Jennet we dowzah” (Рай и ад) filminiň premýerasy wagtynda geçirildi
22.05.2025 12:35
5.1k+
Disney “Haýwanlar şäheri-2” multfilminiň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi
Walt Disney Animation Studios-yň YouTube kanalynda “Haýwanlar şäheri-2” (Зверополис-2) multfilminiň ilkinji treýleri peýda boldy. Animasion filmiň dünýä prokatyndaky premýerasy 26-njy noýabra meýilleşdirilýär. Ikinji filmde Zootopia şäheriniň ýaşaýjylary täze howpa duçar bolýar
22.05.2025 12:30
4.4k+
Google sesli wideo döredýän ilkinji EA modelini – Veo 3-i hödürledi
Sessiz EA wideolarynyň uzak bolmadyk taryhy soňlandy. I/O 2025 konferensiýasynda Google tekst arkaly sesli wideo döredýän generatiw emeli aňyň ilkinji wersiýasyny – Veo 3 modelini hödürledi. Beýleki çözgütlerden tapawutlylykda, model ses döretmek üçin goşmaça görkezmeleriň bolmagyny talap etmeýär: ol kadrlary seljerip, sesi awtomatik saýlaýar
22.05.2025 12:26
901
Apple WWDC 2025 konferensiýasynyň geçiriljek senesini resmi taýdan yglan etdi
Apple her ýyl geçirilýän işläp düzüjileriň konferensiýasyny – WWDC 2025-i resmi taýdan yglan etdi. Çäre 9-njy iýundan 13-nji iýun aralygynda geçiriler. Ol 9-njy iýunda, duşenbe güni sagat 22:00-da (Aşgabat wagty) esasy tanyşdyrylyş bilen açylar
21.05.2025 15:15
12k+
Hytaýda sürüjisiz samoswallaryň giden bir tapgyry ulanyşa berildi
Hytaýda 100 sany uly awtonom Huaneng Ruichi samoswal ulagy işe girizildi. Bular dünýäde emeli aň tehnologiýasyny ulanýan ilkinji açyk görnüşli elektrik awtoulaglarydyr. Olarda sürüjiniň kabinasy asla ýok we 90 metriki tonna çenli ýük daşamaga ukyply
21.05.2025 15:07
15k+
Alymlar näme üçin barmaklaryň suwda mürşýändigini anykladylar
Barmaklar uzak wagtlap suwda saklansa, olaryň derisi ýygyrt-ýygyrt bolýar. Uzak wagtlap muny deriniň çişmegi bilen baglanyşdyryp geldiler, ýöne Bingemton uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary başga netijä geldiler
21.05.2025 14:24
1.1k+
Halkara Buker baýragy ilkinji gezek kyssalar toplumy üçin berildi
Hindi zenan ýazyjysy Banu Muştagyň “Heart Lamp” (“Ýürek-çyra”) kitaby Halkara Buker baýragyny aldy. The Washington Post-yň belleýşi ýaly, taryhda ilkinji gezek baýrak aýratyn romana däl-de, kyssalar toplumy üçin berildi
21.05.2025 11:33
11k+
ABŞ-da telefona garaşlylyga garşy göreşmek üçin ýalan smartfonlar satylyp başlandy
Metaphone amerikan startapy daşky görnüşi boýunça telefona meňzeýän akril plitkasyny satuwa çykardy. Bu “gajet” nomofobiýa – telefonsyz galmak gorkusy bilen göreşmek üçin döredildi we onuň bahasy 20 dollar. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, ol dumskrollingden – habarlar lentasyny ýa-da sosial ulgamlary yzygiderli dörmek endiginden saplanmaga kömek edýär
21.05.2025 11:25
3.2k+
“Ol: Derrä hoş geldiňiz” serialynyň ilkinji treýleri peýda boldy
HBO Max “Ol: Derrä hoş geldiňiz” (Оно: Добро пожаловать в Дерри) serialynyň – “Ol” filminiň prikweliniň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi. Onuň premýerasynyň güýzde bolmagyna garaşylýar. Serialyň wakalary režissýor Endi Muskettiniň Stiwen Kingiň romanyna esaslanan filmlerindäki wakalardan 27 ýyl öň bolup geçýär
21.05.2025 11:09
7.4k+
Hytaý kompaniýasy 10 518 drony Wýetnamyň asmanyna götermek bilen rekord goýdy
Aprel aýynda Ginnesiň rekordlar kitaby täze üstünligi hasaba aldy: Wýetnamyň asmanyna bir wagtyň özünde 10 518 kwadrokopter galyp, dünýäde iň uly yşyk şüweleňini geçirdi. Bu barada Interesting Engineering habar berýär
«
1
…
83
84
85
…
276
»
«
1
…
80
81
82
83
84
85
86
87
88
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.