“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Gaýtadan dogluşyň” täze treýleri peýda boldy. Film 2-nji iýulda çykar

23.05.2025, 09:513,702
1 / 2

Universal Pictures kinokompaniýasy “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Gaýtadan dogluş” filminiň ikinji treýlerini çykardy. Filmiň ilkinji görkezilişini 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda guramak meýilleşdirilýär.

Filmiň sýužeti “Agalyk” filminiň wakalaryndan, takmynan, bäş ýyl soň ýaýbaňlanýar. Alymlar we harby işgärler iň uly dinozawrlary gözlemek üçin ýola düşýärler. Olaryň maksady - güýçli täze derman döretmek üçin bu jandarlaryň DNK-syny ulanmak.
Filmde baş keşplerde Skarlett Ýohansson (“Ar alyjylar”), Jonatan Beýli (“Ferrari”), Maherşala Ali (“Ýaşyl kitap”), Luna Bleýz (“Manifest”) we Ed Skreýn (“Tagt oýny”) çykyş edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.