Ylym we tehnika

ESA Awstraliýada uzak kosmos bilen aragatnaşyk üçin ägirt antennany açdy
08.10.2025 14:27
3k+

ESA Awstraliýada uzak kosmos bilen aragatnaşyk üçin ägirt antennany açdy

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) Awstraliýanyň Nýu-Norsiýa şäherindäki stansiýada uzak kosmos bilen aragatnaşyk üçin Estrack ulgamynyň dördünji antennasyny açdy. Onuň diametri 35 metr bolup, Ýewropada has döwrebap we kuwwatly antenna hasaplanýar
Sürüjisiz ýük ulagy Şwesiýa bilen Norwegiýanyň arasynda ilkinji halkara gatnawyny amala aşyrdy
08.10.2025 07:43
11k+

Sürüjisiz ýük ulagy Şwesiýa bilen Norwegiýanyň arasynda ilkinji halkara gatnawyny amala aşyrdy

Şwesiýanyň Einride kompaniýasy kabinasyz özbaşdak elektrik ýük ulagyny ilkinji gezek halkara gatnawyna iberdi. Ulag Ýewropanyň demirgazygyndaky iň bir köp gatnawly serhet geçelgesi arkaly Şwesiýa bilen Norwegiýanyň araçäginden geçdi
Hytaýly alymlar ilkinji gezek Arktikanyň buzunyň aşagyna adam tarapyndan dolandyrylýan çümmek işini geçirdiler
08.10.2025 07:29
10k+

Hytaýly alymlar ilkinji gezek Arktikanyň buzunyň aşagyna adam tarapyndan dolandyrylýan çümmek işini geçirdiler

Hytaýly ummany öwrenijiler Arktikanyň buzunyň aşagynda ilkinji adam tarapyndan dolandyrylýan çuňluga çümmek işini geçirdiler. Geçen hepde tamamlanan ekspedisiýa polýar ekoulgamynyň ýagdaýy barada täze maglumatlary berdi diýip, Interesting Engineering ýazýar
Floridada köçelere ilkinji gezek awtonom polisiýa awtomobili gözegçilik edip başlady
08.10.2025 07:10
6.6k+

Floridada köçelere ilkinji gezek awtonom polisiýa awtomobili gözegçilik edip başlady

Maýami-Deýd okrugynyň (Florida ştaty, ABŞ) köçelerine ilkinji awtonom polisiýa awtomobili çykdy. Policing Lab we şerifiň ofisi bilen bilelikde durmuşa geçirilen taslama Police Unmanned Ground Patrol Partner (PUG) adyny aldy
Fizika boýunça Nobel baýragy kwant tehnologiýalary ulgamynda açyş üçin berildi
07.10.2025 17:45
3.9k+

Fizika boýunça Nobel baýragy kwant tehnologiýalary ulgamynda açyş üçin berildi

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň fizika boýunça baýragynyň eýelerini yglan etdi – olar üç amerikaly alym Jon Klark, Mişel Dewore we Jon Martinis boldy. Olara baýrak “makro derejesinde kwant tunneliniň açyşy we elektrik zynjyrynda energiýanyň kwantlaşmagyny görkezendigi üçin” berildi
Meta ABŞ-da 70 futbol meýdançasynyň ululygyndaky maglumat merkezini gurýar
07.10.2025 15:59
4.3k+

Meta ABŞ-da 70 futbol meýdançasynyň ululygyndaky maglumat merkezini gurýar

Meta kompaniýasy Luiziana ştatynda (ABŞ) 4 million inedördül fut (371 600 inedördül metr töweregi) meýdany bolan emeli aň maglumat merkezini gurýar, bu takmynan 70 futbol meýdançasyna deňdir. Reuters-iň habar bermegine görä, desganyň umumy çykdajysy takmynan 10 milliard dollar bolar
Blue Origin 8-nji oktýabrda ekipažly New Shepard raketasyny uçurar
07.10.2025 15:54
1.1k+

Blue Origin 8-nji oktýabrda ekipažly New Shepard raketasyny uçurar

Blue Origin kompaniýasy NS-36 missiýasynyň çäklerinde ekipažly New Shepard raketasynyň uçuş senesini 8-nji oktýabra belledi. Uçuş Günbatar Tehasdaky Launch Site One meýdançasyndan amala aşyrylar. Uçuş penjiresi ABŞ-nyň merkezi wagty bilen 8:00-da (Aşgabat wagty bilen 18:00) açylar
Astronomlar sekuntda 6 milliard tonna tizlikde ulalýan ýalňyz planetany tapdylar
07.10.2025 13:08
6.2k+

Astronomlar sekuntda 6 milliard tonna tizlikde ulalýan ýalňyz planetany tapdylar

Astronomlar «sergezdan-planetanyň» – ýyldyzyň daşyndan aýlanman, kosmosda erkin gezip ýören obýektiň massasynyň rekord derejede ösýändigini hasaba aldylar. Ýewropanyň Günorta obserwatoriýasynyň «Örän uly teleskopynyň» (VLT) kömegi bilen geçirilen gözegçilikler, bu planetanyň sekuntda 6 milliard tonna tizlikde gaz we tozan sorup alýandygyny görkezdi
Alymlar ebedi doňaklykdaky ýaşy, takmynan, 40 müň ýyl bolan mikrob­lary oýartdylar
07.10.2025 13:02
5.3k+

Alymlar ebedi doňaklykdaky ýaşy, takmynan, 40 müň ýyl bolan mikrob­lary oýartdylar

Kolorado uniwersitetiniň (Boulder şäheri, ABŞ) alymlary on müňlerçe ýyl mundan ozal ebedi doňaklykda doňup galan gadymy mikroblary janlandyrdylar. Käbir nusgalardaky mikroorganizmler, takmynan, 40 müň ýyl bäri «uklapdyr»
Türkmen talyplary Malaýziýada WSDG 2025 bäsleşiginde baş baýraga we taslamany ösdürmek üçin pul baýragyna mynasyp boldular
07.10.2025 06:35
6k+

Türkmen talyplary Malaýziýada WSDG 2025 bäsleşiginde baş baýraga we taslamany ösdürmek üçin pul baýragyna mynasyp boldular

24 — 28-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Ma­laý­zi­ýa­nyň Saý­ber­ja­ýa şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry bäs­le­şi­gi (World Sus­tai­nab­le Develop­ment Goals Chal­len­ge — WSDG 2025) ge­çi­ril­di
Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy immun ulgamynyň öwrenilendigi üçin berildi
06.10.2025 17:39
3.3k+

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy immun ulgamynyň öwrenilendigi üçin berildi

Stokgolmda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi. Baýrak “periferik immunologik tolerantlyk” diýlip atlandyrylýan ugurdaky açyş üçin amerikalylar Meri E.Brankowa, Fred Ramsdella we ýaponiýaly Şimon Sakaguçä berildi
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Ýaponiýada iş saparynda bolýarlar
06.10.2025 10:54
7.9k+

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Ýaponiýada iş saparynda bolýarlar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki mugallymy öňdebaryjy bilim we ylmy tejribeleri özleşdirmek maksady bilen Ýaponiýa gitdiler. Olar 1-17-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Kawasaki şäherinde ýerleşýän we dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň biri bolan ICONM – Nanomedisina Innowasiýa Merkezinde tejribe okuwlaryna gatnaşýarlar
Nafud çölünde gadymy "ýol belgileri" tapyldy. Olar adamlara suw gözlemekde çelgi bolupdyr
06.10.2025 10:44
6.2k+

Nafud çölünde gadymy "ýol belgileri" tapyldy. Olar adamlara suw gözlemekde çelgi bolupdyr

Saud Arabystanynyň demirgazygyndaky Nafud çölünde tapylan haýwanlaryň ägirt uly gaýa suratlarynyň gadymy adamlar üçin “ýol belgisi” bolandygy anyklandy. Gadymy döwürde  bu suratlar suw çeşmelerine barýan ýoly görkezipdir diýip, Nature Communications žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar
Alymlar ilkinji gezek deri öýjüklerinden adamyň ýumurtga öýjüklerini ösdürip ýetişdirdiler
06.10.2025 10:42
4.7k+

Alymlar ilkinji gezek deri öýjüklerinden adamyň ýumurtga öýjüklerini ösdürip ýetişdirdiler

Oregonyň Saglyk we ylym uniwersitetiniň alymlary ilkinji gezek deri öýjüklerinden adamyň ýumurtga öýjüklerini döretdiler. Bu tehnologiýa önelgesizligi bejermekde öwrülişik döredip, ýaş, kesel ýa-da himiýa bejergisiniň täsiri sebäpli ýumurtga öndürmek ukybyny ýitiren aýallar üçin täze mümkinçilik döredip biler diýip, "The Guardian" gazeti habar berdi
SpaceX Falcon 9 raketasy şu ýyl 125 uçuşy amala aşyrdy – bu beýleki ýurtlaryň ählisinden köp
04.10.2025 19:42
3.5k+

SpaceX Falcon 9 raketasy şu ýyl 125 uçuşy amala aşyrdy – bu beýleki ýurtlaryň ählisinden köp

3-nji oktýabrda SpaceX kompaniýasy şu ýylda 125-nji gezek Falcon 9 raketasyny uçuryp, Ýere golaý orbita 28 sany Starlink internet hemrasyndan ybarat toplumy iberdi.   Uçuş ABŞ-nyň gündogar wagty bilen 10:06-da (Aşgabat wagty bilen 19:06) Kaliforniýadaky Wandenberg kosmos güýçleri bazasyndan amala aşyryldy
Wenerada ilkinji läbik turbalaryň bardygynyň alamatlary tapyldy
04.10.2025 15:46
3.4k+

Wenerada ilkinji läbik turbalaryň bardygynyň alamatlary tapyldy

Padua uniwersitetinden Barbara De Toffoliniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary Wenerada ilkinji gezek läbik turbalarynyň bardygyny tassyklaýan ylmy delilleri ýüze çykardy. Alymlar öňki kosmos missiýalarynyň radio­loka­siýa we topografiýa maglumatlaryny öwrenip, diametri 100 kilometreden ýokary bolan ullakan şit wulkanlaryna üns berdiler
Aşgabatda “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
04.10.2025 14:53
1.8k+

Aşgabatda “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

3-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň, BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) bilelikde yglan etmeginde geçirildi diýip, guramaçylar habar berdiler
SpaceX kompaniýasy Starship-iň indiki synag uçuşynyň senesini yglan etdi
01.10.2025 18:08
2k+

SpaceX kompaniýasy Starship-iň indiki synag uçuşynyň senesini yglan etdi

SpaceX aerokosmos kompaniýasy 13-nji oktýabrda Super Heavy tizleşdirijisi bilen bilelikde Starship kosmos gämisiniň 11-nji synag uçuşyny geçirmegi meýilleşdirýär. “Starship-iň onunjy uçuş synagy dünýäde ilkinji dolulygyna köp gezeklik raketa göterijisini döretmekde möhüm ädim boldy
Hytaýda ýeli energiýa öwürýän dünýäde iň uly howa generatory synagdan geçirildi
01.10.2025 09:23
9.5k+

Hytaýda ýeli energiýa öwürýän dünýäde iň uly howa generatory synagdan geçirildi

Hytaýyň Beijing SAWES Energy Technology kompaniýasy ýurduň ylmy institutlary bilen bilelikde S1500 ýel generatorynyň ilkinji synaglaryny geçirdi. Ol Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda, Sinszýandaky Hami şäherinde asmana galdy diýip, South China Morning Post habar berýär
Hytaýda takmynan 6 müň ýyl ozal ýaşalyp geçilen iň gadymy şäher harabaçylyklarynyň biri tapyldy
30.09.2025 10:17
8.9k+

Hytaýda takmynan 6 müň ýyl ozal ýaşalyp geçilen iň gadymy şäher harabaçylyklarynyň biri tapyldy

Sýansu welaýatynyň Usi şäherinde arheologlar Hytaýda irki taryhdan öňki ilatly ýerleriň biri bolan Maszýaban medeni harabaçylygyny tapdylar. Bu açyşyň ýaşy takmynan 6000 ýyl töweregidir diýip çak edilýär. Bu Ýanszy derýasynyň aşaky akymynda Maszýaban medeniýetine degişli şäher harabaçylygynyň ilkinji gezek ýüze çykarylyşydyr
Hytaý 2024-nji ýyla çenli ähli ýurtlardan öňe geçip, 300 müň senagat robotyny gurnady
30.09.2025 10:12
3.1k+

Hytaý 2024-nji ýyla çenli ähli ýurtlardan öňe geçip, 300 müň senagat robotyny gurnady

Halkara Robototehnika federasiýasynyň hasabatyna görä, 2024-nji ýyla çenli Hytaýda, takmynan, 300 müň senagat roboty gurnaldy, bu dünýäniň ähli ýurtlarynyň bilelikde gurnanyndan hem köpdür. Umuman alanyňda, häzirki wagtda Hytaýyň zawodlarynda şeýle maşynlaryň 2 milliondan gowragy işleýär
Alymlar Gentington keseliniň ösüşini 75% haýallatmagy başardylar
29.09.2025 14:51
2.1k+

Alymlar Gentington keseliniň ösüşini 75% haýallatmagy başardylar

Londonyň Uniwersitet Kollejiniň alymlary (UCLH) Gentington keseline garşy göreşde ilkinji ynamly netijeler barada habar berdiler. AMT-130 derman serişdesi bilen geçirilen synaglar bejerip bolmaýan bu keseliň ösmegini haýallatmagy başardy
Alymlar taryhy taýdan ygtybarly şekilleri döretjek emeli aňy işläp düzýärler
29.09.2025 12:19
7.9k+

Alymlar taryhy taýdan ygtybarly şekilleri döretjek emeli aňy işläp düzýärler

Sýurih uniwersitetiniň gadymy taryh professory Feliks K.Maýer bilen programmist Filipp Ştrebel bilelikde emeli aň esasynda işleýän täze surat generatoryny döredýärler. Ol gural Gadymy Rim we Gadymy Gresiýa döwründen taryhy taýdan hakykata ýakyn sahnalary şekillendirmäge ukyply bolar
NASA-da astronawtlyga dalaşgärleriň düzüminde ilkinji gezek zenanlar erkeklerden köp boldy
29.09.2025 08:56
2.4k+

NASA-da astronawtlyga dalaşgärleriň düzüminde ilkinji gezek zenanlar erkeklerden köp boldy

NASA 2025-nji ýylda astronawt bolmaga dalaş edýän 10 adamyň adyny yglan etdi. Agentligiň taryhynda ilkinji gezek zenanlar erkeklerden köp boldy: alty zenan, dört erkek. Bäsleşige gatnaşmak üçin 8 müňden gowrak amerikaly arza tabşyrdy
NASA 2026-njy ýylda Aýyň daşyndan adamly uçuşy meýilleşdirýär
27.09.2025 19:40
2.7k+

NASA 2026-njy ýylda Aýyň daşyndan adamly uçuşy meýilleşdirýär

NASA 2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda «Artemida» maksatnamasynyň çäginde ekipažly Aý uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Eger bu senä çenli ýetişilmese, iň soňky sene hökmünde aprel aýy görkezilýär diýip, Reuters habar berýär
Haýwanlar üçin birbada iki keselden goraýan ilkinji umumy sanjym döredildi
26.09.2025 19:59
1.8k+

Haýwanlar üçin birbada iki keselden goraýan ilkinji umumy sanjym döredildi

Belgorod döwlet milli gözleg uniwersitetiniň hünärmenleri Stawropol biofabrikasynyň we RYA-nyň Mikroorganizmleriň biohimiýa we fiziologiýa institutynyň alymlary bilen bilelikde özboluşly bakteriýany we onuň esasynda haýwanlary salmonellýozdan we kolibakteriozdan goraýan sanjymy döretdi
Alymlar reňkli we has takyk rentgen suratlaryny almagy başardylar
25.09.2025 20:22
2.8k+

Alymlar reňkli we has takyk rentgen suratlaryny almagy başardylar

Amerikanyň Sandia National Laboratories ylmy-barlaghanasynyň barlagçylary has ýokary takyklygy bolan reňkli rentgen suratlaryny almaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýa oýlap tapdylar. Taslamanyň ýolbaşçysy Edward Himenes bu usulyň köp metallardan peýdalanylýan reňkli giperspektral rentgen wizualizasiýasy diýlip atlandyrylýandygyny aýtdy
Aýyň topragynda çaý ösdürip ýetişdirdiler - alymlaryň täze barlagynyň netijeleri
25.09.2025 15:48
3.2k+

Aýyň topragynda çaý ösdürip ýetişdirdiler - alymlaryň täze barlagynyň netijeleri

Kentiň uniwersitetiniň alymlary Britaniýanyň Dartmoor Tea çaý plantasiýasy, Lightcurve Films kompaniýasy we Europlanet bilen hyzmatdaşlykda çaýyň Aýyň topragynda ösdürilip ýetişdirilip bilinjekdigini anykladylar
NASA ýene 6 müňden gowrak planetanyň bardygyny tassyklady
24.09.2025 13:11
3.3k+

NASA ýene 6 müňden gowrak planetanyň bardygyny tassyklady

NASA Gün ulgamyndan daşary ýene 6 müňden gowrak planetanyň bardygyny tassyklady diýip, Science Alert neşiri habar berýär. Ilkinji ekzoplanetalar 1992-nji ýylda açyldy: astronomlar pulsaryň töwereginde aýlanýan birnäçe planetany ýüze çykardy
Atlantik ummanynyň düýbünden süýji suwuň ummasyz ätiýaçlygy tapyldy
24.09.2025 11:42
6.7k+

Atlantik ummanynyň düýbünden süýji suwuň ummasyz ätiýaçlygy tapyldy

Alymlar ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar kenarýakasynda Atlantik ummanynyň aşagyndan süýji suwuň ägirt uly howdanyny tapdylar. Bu barada üç aýlyk ekspedisiýany tamamlan halkara barlagçylar toparyna salgylanýan  CNN habar berdi
SpaceX smartfonlar bilen göni aragatnaşyk saklamak üçin ýene 15 müň sany Starlink hemrasyny uçurar
24.09.2025 11:35
3.3k+

SpaceX smartfonlar bilen göni aragatnaşyk saklamak üçin ýene 15 müň sany Starlink hemrasyny uçurar

SpaceX Federal aragatnaşyk komissiýasyna 15 müňe çenli goşmaça hemrany uçurmak üçin ýüz tutdy. Bu hemralar gündelik smartfonlar we beýleki enjamlar üçin, aýratyn anten zerurlygy bolmazdan, göni birikmegi üpjün etmek üçin niýetlenendir
Arheologlar: Gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň üsti bilen baran bolup biler
24.09.2025 11:14
5.4k+

Arheologlar: Gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň üsti bilen baran bolup biler

Arheologlaryň çaklamalaryna görä, gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň çäginden geçip baran bolup bilerler. Bu barada Aýwalygyň (Türkiýede kenarýaka şäher) kenarynda tapylan 138 sany daş gurallary maglumat berýär
Türkmen talyplary WSDG 2025 halkara ylmy bäsleşikde ýeňiş gazandylar
24.09.2025 10:27
1.7k+

Türkmen talyplary WSDG 2025 halkara ylmy bäsleşikde ýeňiş gazandylar

Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary halkara derejesindäki «Bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bäsleşigi – 2025» (WSDG 2025) atly ýaryşda üstünlik gazandylar. Bäsleşik Malaýziýanyň Multimediýa uniwersiteti we Malaýziýanyň ýaş alymlar birleşigi tarapyndan onlaýn görnüşde guraldy
Neuralink pikiri tekste öwürmek üçin niýetlenen implantyň synaglaryna başlar
23.09.2025 17:49
1.3k+

Neuralink pikiri tekste öwürmek üçin niýetlenen implantyň synaglaryna başlar

2025-nji ýylyň oktýabrynda Neuralink hassalara öz pikirlerini gönüden-göni tekste öwürmäge mümkinçilik berjek beýni implantynyň kliniki synaglaryna başlar. Bu implant sözleýşe jogap berýän myşsalary dolandyrmak mümkinçiligini ýitiren adamlara kömek etmeli diýip, Bloomberg habar berýär
Ganatynyň bolmagy ýöne ýere däl... Düýeguşlaryň we emularyň ata-babalarynyň uçup bilendigi anyklandy
23.09.2025 17:09
6.7k+

Ganatynyň bolmagy ýöne ýere däl... Düýeguşlaryň we emularyň ata-babalarynyň uçup bilendigi anyklandy

Alymlar düýeguşuň, emunyň, kazuaryň, kiwiniň we nandunyň ata-babalarynyň uçmaga ukyply bolandygyny ýüze çykardylar. Paleognatlar diýlip atlandyrylýan bu maşgalanyň häzirki zaman wekilleri ewolýusiýanyň netijesinde, indi diňe ylgamaga ukyply bolansoň bu ukybyny ýitiripdir
Beýni özgeleriň hereketlerini özi edýän deýin kabul edýär - alymlar
23.09.2025 16:21
3.2k+

Beýni özgeleriň hereketlerini özi edýän deýin kabul edýär - alymlar

Halkara alymlar topary täze açyş etdi. Adamlar başgalaryň hereketine syn edende, beýni ol hereketi edil özi edýän ýaly kabul edýär. Barlagçylaryň gelen netijeleri Scientific Reports žurnalynda çap edildi. "Biziň eden esasy açyşymyz beýniniň hakyky hereketlerinde, hatda başga bir adamyň hereketine syn edeninde hem şol bir tormozlama mehanizmini işjeňleşdirýändigini anyklamagymyzdan ybarat
Hytaýda maşinistsiz tizligini sagatda 200 km-e çykaryp biljek dünýäde iň tiz otly guruldy
23.09.2025 00:21
6.7k+

Hytaýda maşinistsiz tizligini sagatda 200 km-e çykaryp biljek dünýäde iň tiz otly guruldy

Hytaýyň Şandun welaýatynyň Sindao şäheriniň Sýunan etrabynda dünýäde iň çalt awtomatlaşdyrylan otly görkezildi. Ol sagatda 200 km-e çenli tizlikde hereket edip bilýär. Otly GoA4 (Grade of Automation 4) derejesindäki dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan bolup, doly sürüjisiz işläp bilýär
Alymlar syçanlaryň göni içinde işleýän böwrek modelini ösdürip ýetişdirdi
21.09.2025 21:20
1.9k+

Alymlar syçanlaryň göni içinde işleýän böwrek modelini ösdürip ýetişdirdi

Alymlar barlaghanada janly syçanlary ulanyp, emeli böwrek modelini ösdürip ýetişdirdiler. Olar böwregiň iki esasy elementini: gany süzýän nefronlary we peşewi ýygnaýan turbalary birleşdirýän aýratyn gurluşlary – assembloidleri ulandy
Ýapon alymlary sygry zebranyň reňkine boýandygy üçin Şnobel baýragyny aldy
21.09.2025 21:10
13k+

Ýapon alymlary sygry zebranyň reňkine boýandygy üçin Şnobel baýragyny aldy

Ýaponiýaly biologlar üýtgeşik tejribeleri üçin Şnobel baýragyna mynasyp boldy – olar sygry zebranyň reňkine boýady. Kyodo News-iň habar bermegine görä, sylaglama dabarasy 18-nji sentýabrda Bostonda geçirildi. “Zebranyňky ýaly zolaklara boýalan sygyrlar gögeýinleriň hüjüminden gaçyp biler” atly ylmy gözleg 2019-njy ýylda neşir edildi
Ösümliklere ýiti ýagtylyk bolmazdan ösmäge mümkinçilik berýän madda tapyldy
21.09.2025 21:07
2k+

Ösümliklere ýiti ýagtylyk bolmazdan ösmäge mümkinçilik berýän madda tapyldy

Miçigan döwlet uniwersitetinden alymlar ösümliklere ýagtylygyň pes bolan şertlerinde-de ösmäge mümkinçilik berýän ozal näbelli mehanizmi tapdy. Ylmy gözlegiň netijeleri Nature Communications žurnalynda neşir edildi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.