Türkmen talyplary Malaýziýada WSDG 2025 bäsleşiginde baş baýraga we taslamany ösdürmek üçin pul baýragyna mynasyp boldular

07.10.2025, 01:356,003

24 — 28-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Ma­laý­zi­ýa­nyň Saý­ber­ja­ýa şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry bäs­le­şi­gi (World Sus­tai­nab­le Develop­ment Goals Chal­len­ge — WSDG 2025) ge­çi­ril­di. Bäsleşigi ýur­duň Ýaş alym­lar gu­ra­ma­sy bi­len Mul­ti­me­dia uni­wer­si­te­ti­ gu­ra­dy diýip,"Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Hal­ka­ra bäs­le­şi­ge 17 döw­let­den — Türk­me­nis­tan­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, In­do­ne­zi­ýa­dan, Tai­land­dan, Fi­lip­pin­ler­den, Bang­la­deş­den, Ru­my­ni­ýa­dan, Bra­zi­li­ýa­dan, El-Sal­wa­dor­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­dan, BAE-den, Mü­sür­den, Hin­dis­tan­dan, Pa­les­ti­na­dan, Wýet­nam­dan, Gwa­te­ma­la­dan 2100-den gow­rak tas­la­ma işi hö­dür­le­nil­di.
Bäs­le­şi­ge Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň 4-nji ýyl ta­lyp­la­ry Baý­na­zar Mu­ham­me­dow hem-de Jeý­hun Ju­ma­şow bi­le­lik­dä­ki «HeartS­tep: ça­ga­la­ryň ir­ki ösü­şin­de gep­le­şik ukyp­la­ry­ny ös­dür­mek» at­ly tas­la­ma­sy bi­len gat­na­şyp, «Grand Pri­ze Run­ne­rup» baş baý­ra­gy­na, al­tyn me­da­la, tas­la­ma­ny ös­dür­mek üçin pul baý­ra­gy­na, şeý­le hem Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­na ça­ky­ly­ga my­na­syp bol­du­lar. Bu tas­la­ma gür­le­me­si kyn ça­ga­la­ra gep­le­mä­ge kö­mek ed­ýän luk­man­çy­lyk usu­ly esa­syn­da, lo­go­ped­ler, ça­ga psi­ho­log­la­ry, de­giş­li ug­ruň luk­man­la­ry bi­len mas­la­hat­la­şy­lyp taý­ýar­la­nyl­dy. Ol yk­jam go­şun­dy gör­nü­şin­de bo­lup, türk­men, rus dil­le­rin­de sözleýiş ukyp­la­ry­ny ös­dür­ýär. On­dan äh­li ça­ga­lar peý­da­la­nyp bil­ýär­ler. Ta­lyp­la­ryň 2 ýy­la go­laý wagt bä­ri kä­mil­leş­dir­ýän bu yk­jam go­şun­dy­sy Flut­ter prog­ram­ma di­lin­de ýa­zyl­dy. Ge­çen ýyl ol «San­ly çöz­güt — 2024», şeý­le-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da ge­çi­ri­len in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şik­le­rin­de ýe­ňi­ji bol­dy.
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň oba ho­ja­ly­gy (in­že­ner-mu­gal­lym­la­ry taý­ýar­la­mak) hü­nä­ri­niň 2-nji ýyl ta­ly­by Yh­las Kur­ba­now bäs­le­şi­ge aw­tor­lar bi­len oky­jy­la­ryň ara­syn­da ara­gat­na­şy­gy gu­ra­ma­ga ni­ýet­le­nen «Syn­çy» saý­ty­nyň tas­la­ma­sy bi­len gat­na­şyp, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Bu tas­la­ma dur­nuk­ly ösü­şiň 4-nji — «Hem­me za­dy öz içi­ne al­ýan we ada­lat­ly ýo­ka­ry hil­li bi­li­mi üp­jün et­mek we hem­me­ler üçin bü­tin öm­rüň do­wa­myn­da oka­mak müm­kin­çi­li­gi­ni hö­wes­len­dir­mek» mak­sa­dy­na la­ýyk­lyk­da taý­ýar­la­nyl­dy.
«Syn­çy» saý­ty ki­tap­la­ryň hi­li­ni kä­mil­leş­dir­mek­de, ki­tap oka­ma­ga hö­we­si art­dyr­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Oňa aw­tor­lar ki­tap­la­ry­ny, ýa­zan iş­le­ri­ni ýük­le­ýär­ler, ola­ry okan oky­jy­lar eden bel­lik­le­ri, ýü­ze çy­ka­ran ýal­ňyş­lyk­la­ry üçin hö­wes­len­di­ril­ýär. Bu saýt aw­tor bi­len oky­jy­nyň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ös­dür­ýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.