Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Awto
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Awto
26.05.2025 17:02
7k+
Kia uzyn ekranly we VIP oturgyçly täze Carnival miniweniniň bahasyny yglan etdi
Kia 2026-njy model ýylynyň täzelenen Carnival miniweniniň baha sanawyny çap etdi. LX-iň öň tekerleri hereketli esasy wersiýasynyň bahasy 36 990 dollar. Iň gymmat wersiýasy bolan SX Prestige gibridiniň bahasy 53 090 dollar
26.05.2025 15:02
5.3k+
BYD aprel aýynda Ýewropada ilkinji gezek elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi
2025-nji ýylyň aprel aýynda Hytaýyň BYD kompaniýasy Ýewropada elektromobil satuwy boýunça ilkinji gezek Tesla-dan öňe geçdi. Muňa gümrük paçlary-da, transport çykdajylary-da päsgel bermedi diýip, Jato Dynamics-iň maglumatlaryna salgylanyp, Bloomberg ýazýar
26.05.2025 15:01
3.6k+
Hyundai Günorta Koreýada elektromobillere zarýad bermek üçin robotlary işe girizdi
Hyundai Motor Group Günorta Koreýada elektromobil zarýady üçin awtomatik robotlar bilen programmany işe girizdi. Olar zarýad kabelini awtomobile özbaşdak birikdirmek üçin emeli aňy we 3D kamerany ulanýar. Zarýad portunyň ýerini kesgitlemekde ýalňyşlyk 10 mm-den hem azdyr
25.05.2025 19:25
1.5k+
Honda elektrik ulagynyň önümçiligini kemeldip, gibridlere üns berer
Honda Motor strategiýasyny täzeden gözden geçirýändigini we elektrik ulaglarynyň önümçiligine maýa goýumlaryny azaldýandygyny yglan etdi. Kompaniýa 2030-njy maliýe ýylyna çenli elektrikli awtoulag satmak boýunça görkezijisini umumy satuwyň 30 göterimine çenli azaltdy diýip, kompaniýanyň baş direktory Tosihiro Mibeniň beren beýanatyna salgylanýan CarBuzz habar berýär
25.05.2025 18:58
9.3k+
ABŞ-da 2020-2022-nji ýyllar aralygynda iň köp ogurlanan awtoulaglar atlandyryldy
ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygynyň ätiýaçlandyryş instituty (IIHS) iň köp ogurlanýan awtoulaglaryň sanawyny düzmek üçin barlag geçirdi. Netijelere görä, 2020-2022-nji ýyllar aralygynda ogrular üçin iň özüne çekiji awtoulag - «Dodge Charger SRT Hellcat» bolupdyr
25.05.2025 10:43
11k+
Toyota modeliň 70 ýyllygyna bagyşlap, Crown-yň ýörite wersiýasyny çykardy
Ýaponiýada Toyota Crown sedanynyň ýörite wersiýasy satylyp başlandy, ol modeliň 70 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu wersiýa Crown Special Edition Z «The 70th» adyny aldy. Model Mercedes-Maybach awtomobilini ýatladýan kuzowyň iki reňkli boýagy bilen tapawutlanýar: onuň üsti Precious Metal kümüşsöw reňkinde, aşaky bölegi bolsa ak ýa-da gara perlamutrda ýerine ýetirildi
25.05.2025 10:36
5k+
BMW V8 hereketlendirijisi bilen Speedtop uniwersalyny hödürledi
BMW täze Speedtop superkarynyň suratlaryny we ilkinji maglumatlary hödürledi. Şuting-breýk kuzowyna eýe bolan üç gapyly uniwersal awtoöndürijiniň geçen ýylky konseptine esaslanyp, Skytop modeli bilen bir platformada gurnaldy
24.05.2025 13:15
4.7k+
Xiaomi 800 km çenli ýol geçýän ilkinji krossoweri YU 7-ni hödürledi
15 ýyllygy mynasybetli geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Xiaomi özüniň ilkinji elektrik krossowerini – YU 7-ni hödürledi. Awtomobiliň tigir bazasy 300 sm, göwrümi – 499,9×199,6×160,8 sm. Gapy tutarlary awtomobiliň korpusyna ýygnanýar
24.05.2025 13:08
11k+
Ýewropada täze Lexus ES hödürlendi
Ýewropada sekizinji nesil Lexus ES ulagynyň premýerasy boldy. Täze wersiýa ozal Demirgazyk Amerikada hödürlenen modelden tapawutlanýar. Ýewropa bazary üçin niýetlenen model gibrid we doly elektrik görnüşlerde elýeterli bolar
23.05.2025 19:07
10k+
BYD 7000 awtoulag daşamaga ukyply täze rolkerini suwa goýberdi
«BYD Auto» kompaniýasy özüniň ýük flotuny täze, sany boýunça eýýäm ýedinji uly rolkeri bilen giňeltdi. «Guangzhou Shipyard International» gämi gurluşyk zawodynda gurlan gämi 7000-e çenli awtoulag daşamaga ukyply diýip, «CnEVPost» neşiri habar berýär
23.05.2025 12:11
5.4k+
Toyota we Lexus täze elektromobil hataryny anons etdi: krossowerler, sedanlar we flagmanlar
Toyota kompaniýasy we onuň Lexus premium-brendi elektromobil hatarynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Kompaniýalar 2026-njy ýyla çenli täze sedanlary, krossowerleri we flagman konseptleri hödürlär. Jemi 10-a çenli täze modeli çykarmak meýilleşdirilýär
23.05.2025 11:49
2.6k+
Honda täze gibrid güýç ulgamy bilen Toyota we Ford-a garşy çykýar
Honda 2027-nji ýyldan başlap kämilleşdirilen güýç gurluşly 13 sany gibrid awtoulag modelini dünýä derejesinde satuwa çykarar. Täze ulgam ýokary çekijiligi we özüne düşýän gymmatynyň arzandygy bilen tapawutlanýar
23.05.2025 11:41
3.6k+
Ferrari iýulda täze Amalfi sport ulagyny görkezer. Roma-nyň mirasdüşeri geň galdyrmagy wada berdi
Ferrari täze sport awtoulagyny - Ferrari Amalfi çykarmaga taýynlanýar. Ol Ferrari Roma modeliniň mirasdüşeri bolar. Resmi tanyşdyryş çäresini 2025-nji ýylyň iýulynda geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda awtoulag ýol synaglaryndan geçýär
23.05.2025 11:39
1.4k+
Honda gibridler we elektrik ulaglary üçin täze logotip döretdi
2025-nji ýylyň konferensiýasynda Honda täze firma nyşanyny resmi taýdan hödürledi. Täzelenen "H" nyşany 2027-nji ýyldan başlap gibrid we doly elektrikli modellerde ulanylar. Täze logotip ýönekeýleşdirilen we “tekiz” stilde ýerine ýetirilen
23.05.2025 11:04
5k+
Lexus atmosferaly V8 hereketlendirijili sedanynyň soňky wersiýasyny çykarar
«Lexus» kompaniýasy brendiň atmosferaly V8 hereketlendirijili iň soňky modeli boljak «IS500 Ultimate Edition» sedanynyň çäkli nusgada çykaryljakdygyny mälim etdi. Ulag jemi 500 nusgada öndüriler we diňe Demirgazyk Amerikada satuwa çykarylar
23.05.2025 00:05
8.5k+
2025-nji ýylyň aprel aýynda haýsy ýurtda awtomobil satuwy has ýokary boldy
GlobalData konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprel aýynda bütin dünýäde 7 324 712 ýolagçy awtomobili we ýeňil täjirçilik ulagy satyldy. Bu 2024-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 6% köpdür
23.05.2025 00:03
3.9k+
Elektrokarlardan lapykeç bolan Ford akkumulýator zawodynyň güýjüni Nissan-a berer
Ford Motor elektromobil işläp taýýarlamak meýilnamasyna gaýtadan seredilendigini habar berdi. Awtoöndüriji Kentukkidäki (ABŞ) akkumulýator öndürýän zawodynyň önümçilik kuwwatynyň bir bölegini Nissan kompaniýasyna kärendesine bermek kararyna geldi
22.05.2025 20:48
8.7k+
Toyota köne awtomobillerden alnan plastigi täze awtomobiller üçin gaýtadan ulanýar
Toyota Gosei kompaniýasy plastigi “kese gaýtadan işlemek” tehnologiýasyny işläp taýýarlady, bu täze komponentleri döretmek üçin hasapdan aýrylan awtomobillerden materiallary 50%-e çenli gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berýär
22.05.2025 20:44
7.3k+
Hyundai täze Grandeur 2026 kaşaň sedanyny görkezdi
Hyundai 2026-njy ýylyň täzelenen Grandeur sedanyny görkezdi. Model tehnologiýa taýdan has kämil bolup, giňeldilen mümkinçiliklere eýe boldy. Bu, aýratynam, Honors ýörite wersiýasyna degişlidir. Grandeur Honors modeli Hyundai SmartSense II howpsuzlyk ulgamy, Bose audioulgamy, Built-in Cam 2 kamerasy we kämilleşdirilen nawigasiýa bilen üpjün edildi
21.05.2025 16:44
7.9k+
Toyota kämilleşdirilen tehnologiýasy we dizaýny bilen täze RAV4 modelini hödürledi
Ýaponiýada «Toyota RAV4» modeliniň altynjy nesliniň dünýä boýunça resmi tanyşdyrylyşy boldy. Täze krossoweriň ölçegleri öňküsi ýaly saklandy, emma modele uly tehniki we tehnologik täzelikler girizildi, şeýle hem dizaýnda düýpli üýtgeşmeler boldy
21.05.2025 15:57
3k+
Volkswagen goşmaça tölegsiz premium opsiýaly ýörite T-Roc wersiýasyny çykardy
Volkswagen iki sany täze ýörite modeli - Black Edition Plus-y we Style Design-y goşmak bilen, Beýik Britaniýada T-Roc krossoweriniň hataryny giňeltdi. Iki görnüş hem bahany ýokarlandyrmazdan goşmaça opsiýalara eýe boldy
21.05.2025 15:49
6.8k+
Hyundai Ýewropada IONIQ 6-nyň bahalaryny döwdi. Ol ykjam hetçbeklerden arzan boldy
Hyundai IONIQ 6 elektrik sedanynyň Ýewropadaky bahasyny ep-esli arzanlatdy. Light-yň esasy komplektasiýadaky modeli indi maliýeleşdirilen ýagdaýynda 27 310 ýewro durýar. Bu öňküsinden 21 490 ýewro arzan we adaty benzinli C derejeli hetçbekleriň bahasyna laýyk gelýär
21.05.2025 15:45
13k+
Haýsy ulaglar ýygy-ýygydan ýol-ulag hadysalaryna uçraýar - Insurify-nyň reýtingi
Ulaglaryň käbir modelleri ýol-ulag hadysalarynyň statistikasynda beýlekilerden has köp bellige alynýarlar. Bu dürli faktorlar: sürüjileriň demografiýasy, awtoulaglaryň göwrümi we hatda reňki bilen baglanyşyklydyr
21.05.2025 15:40
3.4k+
Kia EV9 iň gowy elektromobilleriň arasynda dünýä bestselleri boldy
Kia EV9 dünýäniň elektromobil bazarynda öz ornuny berkitmegini dowam etdirýär. Model köp sanly abraýly baýraklara eýe boldy. 2025-nji ýylyň aprel aýynda ulag Volvo EX90 we Mercedes-Benz EQS bilen deňeşdiriji synaglarda üstün çykdy
21.05.2025 15:19
3.9k+
Lamborghini Aventador S karbon sazlamasyny aldy we ýaryş ulagyna meňzeş boldy
1016industries awtobezeg ussahanasy döwrebaplaşdyrylan, karbon obwesli, peseldilen podweskaly, altyndan tekerli Lamborghini Aventador S-i hödürledi. Sazlaýjylar onuň kuwwatyny we sport stilini saklap galdylar. Sport ulagyna täze kapot, uly splitter, gapdal elementler we yzky antiganat ýaly karbon aerodinamiki obwes berildi
21.05.2025 07:59
4.1k+
BMW şuting-breýk äheňinde üýtgeşik konsept-karyny görkezmäge taýýarlanýar
BMW şuting-breýk kuzowynda ýerine ýetirilip bilinjek üýtgeşik konsept-karynyň premýerasyna taýýarlanýar. Prototip 23 – 25-nji maýda geçiriljek Concorso d'Eleganza Villa d’Este 2025 awtomobil sergisinde görkeziler
20.05.2025 14:53
5k+
Ford rul mehanizmindäki kemçilik sebäpli, 2025-nji ýylda çykan täze F-150 pikaplaryny yzyna çagyrýar
Ford kompaniýasy rul mehanizminde kemçiligiň bardygy sebäpli 9181 sany F-150 2025 kysymly pikabynyň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Zawodda berkidijiler nädogry oturdylypdyr, bu bolsa rul mehanizmindäki birikdirijini gowşadyp ýa-da onuň sypmagyna sebäp bolup bilýär
20.05.2025 14:51
2.3k+
Al Paçino Maserati-ni esaslandyryjylar hakdaky baýopikde surata düşer
Al Paçino italýan awtoulag brendini esaslandyryjylara bagyşlanan “Doganlar Mazeratiler” terjimehal filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär. “Çokundyran atanyň” (“Крестный отец”) ýyldyzy 1914-nji ýylda esaslandyrylan Maserati kompaniýasynyň esasy maýadarlaryndan biri Winçenso Wakkaronyň keşbini ýerine ýetirer
20.05.2025 14:49
3.9k+
Chevrolet Silverado EV 2025 täze opsiýalara eýe boldy. Baha 98 müň dollara bardy
Chevrolet täzelenen Silverado EV 2025 elektrikli awtoulagyny görkezdi. Model birnäçe komplektasiýalarda elýeterli. Esasy WT bazasynyň bahasy 57 095 dollardan we iň ýokary derejeli RST Max Range-iň bahasy bolsa 97 895 dollardan başlaýar
20.05.2025 10:50
4.1k+
Swikkaudaky Volkswagen zawody millionynjy elektromobili çykardy
Germaniýanyň Swikkau şäherindäki zawod möhüm sepgide ýetdi - konweýerden millionynjy elektromobil çykdy. Ol Kings Red Metallic reňkine eýe bolan Volkswagen ID.3 GTX Performance boldy. Bäş ýarym ýylyň içinde zawod içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerden doly ýüz öwrüp, elektromobil önümçiligine geçdi
20.05.2025 07:48
3k+
Mazda «EZ-6» sedanynyň sport wersiýasyny hödürledi
«Mazda» kompaniýasy hytaýly hyzmatdaşy «Changan» bilen bilelikde «EZ-6» sedanynyň Hytaý bazary üçin niýetlenen täze sport wersiýasyny çykardy. «Sports Edition» agressiw dizaýny bilen tapawutlanýar. Ol hem arassa elektromobil görnüşde, hem-de gibrid güýç ulgamly («Range Extender») görnüşde hödürlenýär
20.05.2025 07:39
2.2k+
Audi Wengriýadaky zawodynda millionynjy «Q3» modelini öndürdi
«Audi» kompaniýasynyň Wengriýanyň Dýor şäherindäki zawodynda «Q3» awtoulagynyň millionynjy nusgasy öndürildi. Ilkinji gezek 2011-nji ýylda tanyşdyrylan ykjam awtoulag henizem kompaniýanyň iň meşhur modelleriniň biri bolmagynda galýar
19.05.2025 22:36
6.4k+
Bary-ýogy 72 sany öndüriler: De Tomaso «P72» superkarynyň seriýa wersiýasyny tanyşdyrdy
«De Tomaso Automobili» italýan brendi 11 ýyldan soň «P72» superkarynyň köpçülikleýin önümçilik üçin niýetlenen wersiýasyny hödürledi. Ilkinji ulaglar müşderilere 2025-nji ýylyň ahyrynda gowşurylar. Bu modelden bary-ýogy 72 sanysy öndüriler
19.05.2025 18:58
5.1k+
Toyota 18 müň dollardan bZ5 kupe-krossoweriniň önümçiligine başlady
FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy bZ5 elektrik kupe-krossoweriniň yzygiderli önümçiliginiň başlanandygyny habar berdi. Bu orta göwrümli awtomobil bolup, Hytaýda deslapky sargyt üçin eýýäm elýeterlidir. Täze ulag iki wersiýada hödürlenýär
18.05.2025 22:43
11k+
Hyundai we Saud Arabystany täze ägirt awtomobil zawodyny gurýar
Patyşa Salman adyndaky awtomobil klasteriniň çäklerinde patyşa Abdallanyň ykdysady şäherinde (KAEC) Hyundai Motor Manufacturing Middle East (HMMME) zawodynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu Saud Arabystanynyň jemgyýetçilik maýa goýum gaznasy (PIF) bilen Hyundai Motor Company-nyň bilelikdäki kärhanasydyr
17.05.2025 19:53
6.7k+
ABŞ-da Jeep Grand Cherokee ulagynyň täze wersiýasy hödürlendi
ABŞ-da 2026-njy ýylyň Jeep Grand Cherokee ulagynyň täze wersiýasy hödürlendi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu model 1993-nji ýylda başlanan däpleri dowam etdirmek bilen, has döwrebap we rahat boldy. Bu onuň premium SUV ulaglarynyň arasynda bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirýär
17.05.2025 19:52
8k+
Toyota 375 at güýji we 420 km geçýän ýoly bilen bZ Woodland krossowerini çykardy
Toyota kompaniýasy täze bz Woodland elektrik krossowerini anons etdi. Model syýahatçylara niýetlenip, doly herekete getiriji, umumy kuwwaty 375 at güýji bolan iki elektrik hereketlendirijisi we ýolsuz ýerden hereket etmek üçin X-Mode ulgamy bilen enjamlaşdyryldy
17.05.2025 19:49
7.4k+
Has uzyn, giň we kuwwatly täze Toyota bZ4X Touring çykdy. Geçýän menzili 560 km çenli
Toyota kompaniýasy Touring ady bilen bZ4X elektrik krossoweriniň täze görnüşini hödürledi. Ol Ýewropa bazary üçin niýetlenip, uly göwrümi we amatlylygy bilen tapawutlanýar. Model adaty bZ4X-den 140 mm uzyn we 20 mm beýik boldy
17.05.2025 14:53
3.4k+
Dünýäniň elektromobil bazary soňky 4 ýylda tas üç esse ösdi
Dünýäde elektromobil satuwy 2025-nji ýylyň ilkinji dört aýynda 5,6 mln ulaga ýetdi we bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 29% köpdür. Diňe aprel aýynda 1,5 mln elektrokar satyldy diýip, Rho Motion habar berýär
17.05.2025 13:25
9.1k+
SAIC dünýädäki iň uly awtoparomy suwa goýberdi: ol her saparda 9500 awtoulag daşaýar
Dünýädäki iň uly ro-ro görnüşli gämi «SAIC Group-yň» golçur kompaniýasynyň flotuna goşuldy. 15-nji maýda gämi Hytaýdan Ýewropa tarap ilkinji saparyna ugrady diýip, «ITHome» portaly habar berýär. Ägirt «Anji Ansheng» awtoparomy bir gatnawda 9500 awtoulag daşap bilýär
«
1
…
27
28
29
…
86
»
«
1
…
24
25
26
27
28
29
30
31
32
…
86
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.