Tesla elektromobili ilkinji gezek alyjysynyň öýüne özbaşdak bardy

01.07.2025, 14:185,719
1 / 2

Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask Tesla Model Y elektrik awtoulagynyň öz-özüni ilkinji gezek müşderä gowşurandygyny habar berdi. Bu barada ol özüniň X sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy.

Tesla awtonom sürüjilik tehnologiýalaryny işjeň ösdürýär. Onuň awtoulaglarynda eýýäm awtopilot ulgamlary oturdyldy, bu awtoulagyň ýollarda ugruny özbaşdak kesgitläp bilmegine mümkinçilik berýär.
Tesla awtoulaglarynda awtonom hereketlendiriji ulgamyň dürli ýol şertlerinde ygtybarlylygy, howpsuzlygy we hakyky mümkinçilikleri barada ýüze çykýan  sowallar bilen bagly köplenç tankyt edilýändigini bellemelidiris.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.