Niderlandlaryň Eýndhowen tehnologiýa uniwersitetiniň talyplary hereket wagtynda howadaky zyýanly bölejikleriň mukdaryny azaltmaga ukyply «Ventra» atly konseptual elektroulagy işläp taýýarladylar.
Taslamany döredijiler, hatda elektrik awtoulaglarynyň hem daşky gurşawa doly zyýansyz däldigini belleýärler. Olardan zyňyndy gazlar bölünip çykmasa-da, tigirleriň we tormoz ulgamlarynyň könelmegi netijesinde hereket wagtynda howada ownuk tozan bölejikleri emele gelýär.
Bu meseläni çözmek üçin, talyplar awtoulag hereket edýän wagtynda gaty bölejikleri tutup saklaýan ýörite ulgamy döretdiler. Ulgam bölejikleri zarýadlandyrandan soň, olar onuň içindäki ýörite üste çökýär. Syýahat tamamlanandan soň toplanan tozany aýryp bolýar. Işläp düzüjileriň tassyklamagyna görä, alnan materialy gaýtadan işläp hem bolýar.
Toparyň hasaplamalaryna görä, bu ulgam awtoulagyň hereket tizligine baglylykda şeýle bölejikleriň 24–42 göterimini tutup saklamaga ukyplydyr.
Ventra konseptual elektroulagyň özi hem ekologik talaplary nazara almak bilen döredildi. Awtoulagyň massasy hem mümkin boldugyça ýeňilleşdirildi. Çünki bu ýol örtügine düşýän agramy we tizligi peseltmek üçin zerur bolan energiýanyň mukdaryny azaldýar.
Mundan başga-da, ulagyň elektron ulgamy sürüjä awtoulagy has saz we tygşytly dolandyrmaga kömek edýän ýörite kömekçi ulgam bilen üpjün edildi. Ol sürüjä hereket ediş usulyny kämilleşdirmek boýunça maslahatlary berýär.