ABŞ-nyň Klemson uniwersiteti BMW kompaniýasynyň goldawy bilen Deep Orange 17 atly synag elektrokaryny tanyşdyrdy. Bu ulag adaty şäher şertlerinde sürlende özüniň sarp edýän energiýasyndan has köp mukdardaky energiýany öndürmäge ukyplydyr.

Ulag günde takmynan 20 km aralygy geçýän bolsa, şol aralykda 50 km ýol ýöremäge barabar goşmaça energiýa öndürip bilýär.
Synag nusgasynyň kuzowy Fraunhofer Gün energetika ulgamlary institutyň gatnaşmagynda işlenip düzülen 1700 sany fotoelektrik elementi bilen örtülendir. Ýörite plýonka bolsa panelleriň hatda bölekleýin kölegeli şertlerde hem elektrik energiýasyny öndürmegini dowam etdirmegine mümkinçilik berýär.

Işläp düzüjiler awtoulagy döredende onuň energiýa sarp edişini azaltmaga hem üns berdiler. Kupeniň agramy 550 kg. Onuň gurluşynda polat, alýumin, uglerod süýümi we 3D usulynda çap edilen metal bölekleri ulanyldy. Awtoulag tormoz berlende energiýa ýygnaýan rekuperasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyryldy, onuň salony bolsa Apple CarPlay-i we Android Auto-ny goldaýan media ulgam bilen üpjün edildi.

Işläp düzüjiler ulagyň aerodinamikasyny ostracion cubicum atly deňiz balygyndan ylham alyp kämilleşdirdiler. Şeýle dizaýn çözgüdi salonyň içini daraltmazdan, howanyň garşylygyny peseltmäge mümkinçilik berdi.

Ulagyň gündelik sökýän ýoly ölçenileninde, dört şäher nusga alyndy: Günorta Karolina (ABŞ), Frankfurt (Germaniýa), Madrid (Ispaniýa) we Mumbai (Hindistan).
Synag nusgasynyň geljekki barlaglary Klemson uniwersitetiniň Halkara awtomobil barlaglary merkezinde dowam eder.
Deep Orange 17-ni köpçülige ilkinji gezek Las-Wegasda geçiriljek CES 2027 sergisinde görkezmek meýilleşdirilýär.
