Germaniýanyň BMW awtoulag kompaniýasy işgärleriň öz islegi bilen işden gitmegi üçin ýörite maksatnamany işe girizdi. Maksatnama esasynda käbir işgärlere 650 müň ýewrodan gowrak pul tölener. Bu möçber adaty görnüşli ýedi sany täze BMW X5 awtoulagynyň bahasyna deňdir.
BMW kompaniýasy 2027-nji ýylyň ahyryna çenli işgärleriniň sanyny, takmynan, 8 müň adam azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada BMW Blog neşiri habar berýär.
Kompaniýa işgärlere işden gitmek üçin iki senäni — 2027-nji ýylyň 31-nji marty ýa-da 31-nji oktýabryny saýlamagy teklip edýär. Işden ondan-da öň gitmäge razy bolan işgärlere goşmaça Turbo Bonus tölegi berler. Şol bir wagtyň özünde, zähmet şertnamasyny ýatyrmak diňe iki tarapyň özara razylygy bilen amala aşyrylyp bilner. Ýagny iş beriji hem, işgär hem beýleki tarapy mejbury ýagdaýda işden çykmaga ýa-da işden çykarmaga iterip bilmez.
Tölenjek puluň möçberi her bir işgär üçin aýratynlykda kesgitlenýär. Hasaplamada onuň ýaşy, aýlygy we kompaniýada işlän möhleti göz öňünde tutulýar. Işgär puly bir gezekde ýa-da bölekleýin alyp biler. Şeýle hem serişdeleri pensiýa üçin toplanýan hasaba geçirmek, gönüden-göni ätiýaçlandyryş üçin tölemek ýa-da bu usullaryň birnäçe görnüşini bilelikde ulanmak mümkinçiligi-de göz öňünde tutulýar.
Käbir işgärler üçin goşmaça ýeňillikler hem bolup, oňa laýyklykda, 2027-nji ýylyň oktýabryna çenli 55 ýaşyny doldurjak işgärler BMW-niň pensiýa çykan işgärlerine berilýän käbir ýeňilliklerden peýdalanyp bilerler. Olaryň hatarynda täze we ulanylan awtoulaglary ýeňillikli bahadan satyn almak mümkinçiligi hem bar. Käbir ýokary wezipeli işgärlere bolsa gulluk awtoulagyny öz eýeçiligine satyn almaga rugsat berler.
Maksatnama bolan gyzyklanma şeýle bir ýokary bolupdyr welin, kompaniýanyň işgärler üçin niýetlenen içerki internet ulgamy şahsy teklipler bilen tanyşmak isleýänleriň sanynyň köplügine tap getirip bilmändir. BMW ýüz tutmalaryň köplügini tassyklap, ilkinji nobatda, öň gelip gowşan arzalara seredilýändigini habar berdi.
Şeýle-de bolsa, 650 müň ýewrodan gowrak töleg ähli işgärlere beriljek adaty öwez tölegi däldir. Puluň möçberi her bir işgäriň şahsy ýagdaýyna we şertlerine baglydyr. Kompaniýa anyk ylalaşyklaryň şertlerini birin-birin aýan etmeýär.