Dünýäde ýeke-täk W10 hereketlendirijili BMW M5 auksiona çykarylar

Düýn, 20:373,287
1 / 10

Seýrek duş gelýän W10 hereketlendirijili synag nusgadaky BMW M5 E39 sedany oktýabr aýynda Broad Arrow auksion öýünde satuwa çykarylar. Bu üýtgeşik awtoulagyň bahasynyň 250–350 müň ýewro aralygynda bolmagyna garaşylýar.

Awtoulag 1999-njy ýylda Volkswagen konserniniň şol wagtky ýolbaşçysy Ferdinand Piýehiň şahsy başlangyjy bilen döredilipdir. Ol inženerlere geljekde öndüriljek sport sedany üçin on silindrli hereketlendirijini taýýarlamagy tabşyrýar. Täze hereketlendirijini synagdan geçirmek üçin bolsa şol döwürde köpçülikleýin öndürilen BMW M5 saýlanyp alynýar. Awtoulagyň adaty V8 hereketlendirijisi aýrylyp, onuň ýerine göwrümi 5,0 litrlik atmosferaly W10 oturdylypdyr.

Täze hereketlendirijiniň kuwwaty 473 at güýjüne deş bolupdyr. Bu BMW M5-iň adaty hereketlendirijisinden, takmynan, 80 at güýji köpdür. Bu taslama soňra Bugatti Veyron giperkaryny meşhur eden, rowaýata öwrülen W16 hereketlendirijiniň düýbüni goýdy. Inženerler şeýle hereketlendirijileriň bary-ýogy üçüsini ýygnapdyrlar we olaryň diňe biri awtoulagda oturdylyp, umumy ýollarda hereket etmäge resmi rugsat alypdyr.

Awtoulagyň tejribe nusgasy adaty BMW M5-den ep-esli tapawutlanýar. Awtoulagda durnuklylygy gözegçilikde saklaýyş ulgamy we ABS öçürilipdir, hereketlendiriji üçin aýratyn elektron dolandyryş blogy hem-de adaty enjamlar paneliniň ýerine ýaryş görnüşine niýetlenen gurallar paneli oturdylypdyr. Muňa garamazdan, sedan alty basgançakly mehaniki geçirijiler gutusyny saklap galypdyr.

Synaglaryň dowamynda awtoulagy Ferdinand Piýehiň özi sürüpdir. Taslamany durmuşa geçirmek üçin konsern 2 million dollara golaý serişde sarp edipdir. Emma W10 hereketlendirijisi köpçülikleýin önümçilige goýberilmändir we netijede, Volkswagen onuň önümçiliginden ýüz öwürmek kararyna gelipdir.

Takmynan on ýyl ozal awtoulagy hususy kolleksioner satyn alypdyr. Ol awtoulagy Slowakiýada hasaba aldyryp, ony dowamly sürüpdir.