BMW täze 3 Series sedanyny görkezdi

Düýn, 14:383,098
1 / 13

BMW kompaniýasy benzin hereketlendirijili täze nesil 3 Series sedanyny görkezdi. Model nusgawy gurluşyny saklap galdy, ýöne dizaýny mese-mälim üýtgedi. Şeýle-de awtoulagda i3 elektrosedanynda ulanylýan sanly tehnologiýalar ornaşdyryldy.

3 Series-iň sekizinji nesli döwrebaplaşdyrylan CLAR platformasynda döredildi. i3, ondan tapawutlykda, täze Neue Klasse arhitekturasyna esaslanýar. Daşky görnüşi boýunça benzinli görnüş elektrikli modele örän meňzeýär. Tapawut esasan kuzowyň ölçeglerinde, öňki bamperiň we howa ýygnaýjylarynyň dizaýnynda göze ilýär.

ABŞ we Ýewropa bazarlary üçin hereketlendirijileriň görnüşleri biri-birinden tapawutlanar. Mysal üçin, Demirgazyk Amerikada satuwlar başlananda 330, 330 xDrive we M350 xDrive görnüşleri hödürlener.

M350 xDrive öňki M340i modeliniň ornuny tutar we täze M3 çykýança 3 Series maşgalasynyň iň güýçli görnüşi bolar. Ol 3,0 litrlik, hatarlaýyn alty silindrli turbo hereketlendirijisi we 48 woltlyk ýeňil gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Bu ulgam 437 at güýjüni we 580 Nm aýlama güýjüni öndürýär. Awtoulag 100 km/s tizlige 4,1 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 250 km/sagat.

Esasy görnüşlerde 255 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisi ulanylýar. Şeýle awtoulaglar 100 km/s tizlige 6 sekuntda ýetýär.

Ähli görnüşler sekiz basgançakly Steptronic awtomatiki transmissiýa bilen üpjün edilýär. Olar yzky ýa-da doly hereketli ulgam bilen hödürlenip bilner.

Ýewropada satuwa çykarylýan başlangyç görnüşi BMW 318 modeli bolar. Onda 156 at güýjüni we 250 Nm aýlama güýjüni öndürýän 2,0 litrlik dört silindrli hereketlendiriji ulanylýar. Bu görnüş 100 km/s tizlige 9,5 sekuntda çykýar.

Awtoulagyň salony i3-niň stilinde ýerine ýetirilipdir. Ol 17,9 dýuýmlyk multimediýa ekrany, Panoramic iDrive ulgamy we goşmaça 3D grafika görkezýän proýeksiýa displeýi bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle-de salonda täze bezeg materiallary we täze oturgyçlar ulanylýar. M350 görnüşinde sport äheňli salon hem hödürlenýär.

Sedanyň şassisi hem kämilleşdirildi. Onuň tigirleriniň arasyndaky ölçeg giňeldildi, adaptirlenýän asma ulgamy goşuldy.

Şeýle-de täze modelde Drift Moment ulgamy bar. Ol awtoulagy wagtlaýyn yzky ýöredijili tertibe geçirýär. Bu funksiýa soňra programma üpjünçiliginiň täzelenmesi arkaly elýeterli bolar.

Häzirlikde täze modeliň diňe ABŞ bazaryndaky görnüşleriniň bahasy mälim edildi. Ol ýerde BMW 3 Series-iň iň arzany 49,9 müň dollardan satylar.