Germaniýanyň «DeepDrive» startapy gönüden-göni awtoulagyň tigriniň içine oturdylýan we adaty geçiriji ulgamdan ýüz öwürmäge mümkinçilik berýän elektrik hereketlendirijisini işläp düzýär. Bu tehnologiýa eýýämden pudagyň BMW we Continental ýaly iri kompaniýalarynyň ünsüni çekdi.
Täze taslama ykjam, iki rotorly, radial akymly elektrik hereketlendirijisine esaslanýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, onuň öndürilişinde seýrek duş gelýän ýer metallary sarp edilmeýär. Şeýle-de onuň gurluşynda gara metallar 80%, magnitler bolsa 50% az ulanylýar. Işläp düzüjileriň hasaplamalaryna görä, bu önümçilik çykdajylaryny azyndan 20% azaltmaga mümkinçilik berer.

Hereketlendirijiniň gönüden-göni tigre oturdylmagy awtoulagda goşmaça boş ýeri döremegine mümkinçilik berýär. Bu ýeri bolsa, has uly sygymly batareýany oturtmak üçin peýdalanmak bolar. Şol bir wagtyň özünde, mehaniki bölekleriň sany hem azalyp, differensiala, mufta we hereketi geçiriji wala bolan zerurlyk aradan aýrylýar.
Şeýle-de DeepDrive startapy Continental bilen bilelikde ykjam hereketlendiriji-tormoz toplumyny hem işläp düzdi. Bu toplumda tormoz bölegine Germaniýanyň üpjün ediji kompaniýasy, elektrik hereketlendirijisine bolsa DeepDrive jogap berýär.
Häzirki wagtda bu tehnologiýa on sany iri awtoulag öndürijisi tarapyndan synagdan geçirilýär. Ähli işler meýilnama laýyklykda alnyp barlan ýagdaýynda, kompaniýa ýakyn ýyllarda tigir hereketlendirijilerini köpçülikleýin öndürip başlamagy maksat edinýär.