Amazon kompaniýasynyň rulsuz we pedalsyz robotaksileri ABŞ-da işlemäge rugsat aldy

04.08.2026, 19:123,853
1 / 4

ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy müdirligi (NHTSA) Zoox kompaniýasyna Amazon-yň elektrik robotaksisini täjirçilik maksatly ulanmaga wagtlaýyn rugsat berdi.

Ruly we tormoz pedaly bolmadyk awtonom ulag üçin şeýle rugsatnama ilkinji gezek berilýär.

Zoox robotaksileriniň oturgyçlary biri-birine bakdyrylyp goýlan. Ulag sagatda 120 km tizlige ýetip bilýär.

Taksi diňe uzak aradan işleýän operator tarapyndan dolandyrylýar. Häzir NHTSA bu görnüşli ulaglar üçin umumy kadalaşdyryjy standartlary işläp düzýär.

Zoox eýýäm Las-Wegasda we San-Fransiskoda işleýär, ýöne entek diňe synag maksatnamasynyň çäginde ýolagçylary mugt daşaýar. Kompaniýa awgust aýynda Las-Wegasda tölegli gatnawlary ýola goýmagy we soňlugy bilen hyzmatyny beýleki ştatlara hem ýetirmegi meýilleşdirýär.
 

Berlen rugsatnama Zoox-a indiki iki ýylyň dowamynda şeýle awtoulaglaryň ýylda 2500-e çenlisini ulanmaga mümkinçilik berýär.

Teslanyň robotaksisi we Alphabet kompanisyna degişli Waymo robotaksileri eýýäm ABŞ-nyň birnäçe şäherinde işleýär. Zoox-dan tapawutlylykda, bular sürüjisiz ulaglar üçin ýörite dizaýn edilen däl-de, awtonom sürüş üçin üýtgedilen adaty awtoulaglardyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.