Germaniýanyň awtoulag öndürijisi Audi ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynda bahasy 4 milliard dollarlyk zawod gurmagy meýilleşdirýär. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, Meýkon şäheriniň golaýynda ýerleşjek zawodda ýylda 200 müňe çenli krossower öndüriler.
Gurluşyga başlamak 2027-nji ýylda göz öňünde tutulýar. Önümçilik bolsa 2030-njy ýyllaryň başynda ýola goýlar diýlip garaşylýar.
«Biz iň uly we ýokary derejeli krossowerlerimizi bu ýerde — Jorjiýa ştatynyň Meýkon şäherinde öndürmegi meýilleşdirýäris. Bu uzak möhletleýin maýa goýumdyr, sebäbi biz ABŞ-nyň bazaryna ynanýarys» diýip, Audi kompaniýasynyň baş direktory Gernot Döllner aýtdy.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi ABŞ-da, takmynan, 4,5 müň täze iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer. ABŞ-nyň ady agzalmaýan resmi adamy «Reuters» agentligine zawodyň Q7, Q8 we Q9 modellerini ýygnajakdygyny habar berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp zawodyň gurulmagy baradaky kararyň kabul edilmegine özüniň gümrük paçlary syýasatynyň ýardam edendigini aýtdy. ABŞ-nyň awtoulaglara, polada, alýumine we ätiýaçlyk şaýlaryna girizen paçlary awtoulag öndürijilerini önümçiliklerini ABŞ geçirmäge höweslendirmek üçin niýetlenendir. Geçen ýyl Audi kompaniýasy 1,4 milliard dollar möçberinde paç töledi. Munuň sebäbi kompaniýanyň ABŞ-nyň bazary üçin niýetlenen awtoulaglaryny Ýewropadan ýa-da Meksikadan import etmegi boldy.
Senator Berni Moreno hem zawodyň gurluşygy baradaky karary gümrük paçlary, düzgünleşdiriş çäreleri we Kaliforniýa ştatynyň ýangyç tygşytlylygy boýunça öz standartlaryny kesgitlemek hukugynyň çäklendirilmegi bilen baglanyşdyrdy.
2025-nji ýylyň aprelinde Donald Tramp import edilýän awtoulaglara 25 göterim gümrük paçlaryny girizmek baradaky karara gol çekdi. Käbir öndürijiler üçin ýeňillikli düzgün göz öňünde tutulýar. Degişli resminamalar tassyklanan ýagdaýynda, paç awtoulagyň ýa-da onuň şaýlarynyň diňe ABŞ-nyň çäginden daşarda öndürilen bölegine degişli bolýar.
Täze gümrük paçlarynyň girizilmegi bilen baglylykda, beýleki awtoulag öndürijileri hem önümçiligini ABŞ geçirmek mümkinçiligine seredýärler. Hususan-da, 2025-nji ýylyň aprelinde «Nikkei» neşiri Ýaponiýanyň «Nissan Motor» kompaniýasynyň hem şeýle mümkinçiligi öwrenýändigini habar beripdi.