Volkswagen we onuň golçur kompaniýasy Audi rul mehanizmindäki hyrly birleşdirijide ýüze çykyp biljek meseleler sebäpli bütin dünýäde 2,1 milliondan gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar. Bu näsazlyk rul dolandyryşynyň hatardan çykmagyna getirip biler diýip, Umumygerman awtomobil kluby (ADAC) habar berýär.
Yzyna çagyryş kampaniýasy 2017-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 23-nji maýyna çenli çykarylan Audi Q3, şeýle hem 2013-nji ýylyň 24-nji sentýabryndan 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli çykarylan VW Golf, Golf Variant, Tiguan, Touran we Caddy modellerine degişlidir.
Öndürijiniň düşündirişi ýaly, käbir ýagdaýlarda poslama sebäpli rul mehanizminiň hyrly birleşdirijisindäki bolt döwlüp biler.
Ady getirilen awtomobilleriň eýeleri awtoulag ussahanasyna ýüz tutmaly. Ol ýerde hyrly birleşdiriji barlanar we poslama durnukly görnüşi bilen çalşyrylar.
Sentýabr aýynda Volkswagen ABŞ-da 208,7 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrypdy. Şol wagt bu kampaniýa Tiguan (2018-nji ýylda çykarylan), Atlas (2018–2019) we Audi Q3 (2019–2021) modellerini öz içine aldy. Kompaniýa munuň sebäbini rul reýkasynyň boltunyň möhletinden öň poslamak hem-de döwülmek töwekgelçiligi bilen baglanyşdyrdy.