Audi-niň arassa peýdasy 87% azaldy, indi ol köpçülikleýin işden çykarmalara taýýarlanýar

Şu gün, 19:251,882

Audi kompaniýasynyň 2026-njy ýylyň üçünji çärýegindäki arassa peýdasy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 87% azaldy we 95 million ýewro barabar boldy. Germaniýanyň awtoulag öndürijisi şu ýyl ikinji gezek maliýe çaklamasyny ýaramaz tarapa üýtgetdi diýip, BILD gazeti habar berýär.

Audi indi ýyllyk girdejisiniň ozal çaklanan 58–63 milliard ýewro bolmagynyň ýerine 55–59 milliard ýewro boljagyna garaşýar. Görkezijileriň peselmegine, esasan, Hytaýda awtoulag satuwlarynyň azalmagy we ABŞ-nyň import paçlary sebäp boldy. Üçünji çärýekde kompaniýa geçen ýylyň degişli döwründäkiden tas 20% az awtoulag satyp bildi.

Audi häzirlikçe ABŞ-da awtoulag öndürmeýändigi sebäpli, amerikan paçlary kompaniýa, takmynan, 1,2 milliard ýewro zyýan ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa ABŞ-da 4 milliard dollar maýa goýum bilen zawod gurmak mümkinçiligine seredýär. Ol ýerdäki kärhana ýylda 200 müňe çenli krossower öndürmäge we 4500 iş ornuny döretmäge ukyply bolar. Emma taslamany durmuşa geçirmek baradaky karar heniz gutarnykly kabul edilmedi.

Önümçiligiň bir bölegini ABŞ geçirmek meýilnamalary Germaniýada uly tankyda sebäp boldy. Audi-niň ýolbaşçysy Gernot Döllneriň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Jorjiýa ştatynda geçirilen saýlaw çäresine gatnaşmagy, tankydy garaýyşlary has-da güýçlendirdi.

Onýança kompaniýa 2029-njy ýyla çenli Germaniýada 7500-e golaý iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär.