Audi bir zarýadynda 1338 km ýol geçip, täze rekord goýdy

Şu gün, 10:45781
1 / 5

Audi kompaniýasy elektroulagyň bir gezekki zarýadda geçip bilýän aralygy boýunça täze rekord goýdy. Audi A6 Sportback e-tron performance elektrik liftbegi goşmaça zarýad almazdan Polşanyň çäginde 1338 kilometr ýol geçdi. Şeýlelikde, öňki rekord 130 kilometrden gowrak aralyk bilen täzelendi.

Ulagyň sürüjisi ralli boýunça ýewropa çempiony Miko Marçik boldy. Syýahat Polşanyň Zakopane şäherinden başlandy. Ugur Krakow şäherinden we ýurduň merkezi sebitlerinden geçip, Baltika deňziniň kenaryna çenli uzady. Soňra sürüji ýoluň bir bölegini gaýtadan geçdi. Aralygyň ep-esli bölegi, ulaglaryň gür bolýan iň gyzgalaňly wagtlaryna hem-de hereketiň iň ýygjam bolan ýollaryna düşdi.

Şeýle-de bolsa, elektroulagyň ortaça energiýa sarp edişi 100 kilometre 7,09 kWt/sag boldy. Bu netije modeliň öndüriji tarapyndan resmi ýöreýiş çäginiň WLTP ölçegine görä 776 kilometre çenli görkezilendigini hasaba alanyňda, has-da geň galdyryjydyr.

Bu üstünlik resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Audi A6 Sportback e-tron modeli kuwwaty 367 at güýjüne, aýlaw pursady bolsa 565 Nm bolan yzky elektrik hereketlendiriji bilen üpjün edilendir. Awtoulag 0-dan 100 km/sag tizlige 5,4 sekuntda ýetýär. Onuň iň ýokary tizligi bolsa 210 km/sag bilen çäklendirilendir.

Öňki rekord Lucid Motors kompaniýasyna degişlidi. 2025-nji ýylda Lucid Air Grand Touring sedany bir gezeklik zarýadda 1205 kilometr ýol geçipdi.

Şol ýyl Miko Marçik ýene bir rekord goýupdy. Ol Skoda Superb awtoulagynda dizel ýangyjynyň bir baky bilen 2831 kilometr ýol geçipdi.