Kia kompaniýasy ABŞ-da awgust aýyndaky satuw boýunça täze rekord goýdy. Amerikaly dilerler tomsuň soňky aýynda 83 793 sany awtoulag ýerledi. Bu geçen ýylky görkezijiden 786 ulag köpdür. Esasan-da, gibrid modelleriň satuwynda ýokary ösüş hasaba alyndy — olaryň satuwy 99% artdy.
Awgust aýynda «K4», «K5», «Carnival», «Seltos», «Sportage» we «Telluride» modelleri satuw boýunça rekord görkezijilere ýetdi. Gibridlere bolan islegiň artmagy ABŞ-da ýangyjyň gymmatlamagy bilen düşündirilýär. Kompaniýanyň doly elektrik energiýasynda işleýän modelleriniň satuwy bolsa, tersine, azaldy.

Geçen aýda «EV6» modeliniň satuwy 60% peselip, 1 796-dan 712 ulaga, has uly «EV9» modeliniň satuwy bolsa, takmynan, üçden bir bölege, ýagny 2 679-dan 1 789 ulaga düşdi. Şeýle-de bu aýda ABŞ-da bahasy 29 890 dollar bolan täze «EV3» elektrik ulagynyň satuwy başlanyp, onuň bary-ýogy alty sanysy satyldy.
«Sportage» Kia-nyň ABŞ-daky iň köp satylýan modeli bolmagynda galýar. Bir aýyň dowamynda amerikaly alyjylar bu krossoweriň 18 723 sanysyny satyn aldy. Ýylyň başyndan bäri bu modeliň satuwy 8,5 göterim artyp, 129 713 ulaga ýetdi.
Ikinji orunda 12 881 sanysy satylan «K4» ýerleşdi. «Telluride» bolsa 12 693 ulag bilen üçünji ýeri eýeledi. Bu modeliň ýylyň başyndan bäri satuwy, şol sanda gibrid görnüşiniň satuwa çykarylmagynyň netijesinde, 16,7% artdy.

Täzelenen «Seltos» modeliniň awgust aýyndaky satuwy 65,3% ýokarlanyp, 9 214 ulaga ýetdi. 2026-njy ýylyň dowamynda bu modeliň hem gibrid görnüşiniň çykarylmagyna garaşylýar.
Umuman, ýanwar-awgust aýlarynda «Kia» ABŞ-da 590 377 awtoulag satdy. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 570 641 ulag bolupdy. Şeýlelikde, kompaniýanyň sekiz aýlyk satuwy 3,5% töweregi artdy.