Hytaýda Kia Seltos ykjam krossoweriniň täze nesli satylyp başlandy. AutoHome neşiriniň habar bermegine görä, model alty komplektasiýada, 109 900 ýuandan 149 900 ýuana çenli (takmynan, 16,4 müňden 22,3 müň dollara çenli) bahadan elýeterlidir.
Ulagyň uzynlygy — 4460 mm, ini — 1830 mm, beýikligi — 1640 mm, tigir bazasy bolsa 2690 mm. Alyjylara şeýle-de ýolsuzlyk gurnamalary bolan, garaňky bezegli we aýratyn kuzow reňkli X-Line görnüşi hödürlenýär.

Hytaý bazarynda Seltos 10 dýuýmlyk sanly enjamlar paneli hem-de 27 dýuýmlyk sensor ekranly uly multimediýa ulgamy bilen hödürlenilýär. Ulgam Qualcomm Snapdragon 8295P prosessorynda işleýär, onuň 24 GB operatiw we 256 GB gurnama ýady bar, şeýle hem Baidu kompaniýasynyň Ernie Bot emeli aňyny goldaýar.

Motor hatarynda iki sany benzinli hereketlendiriji bar. Başlangyç 1,5 litrlik atmosfera hereketlendirijisi 115 at güýjüni berýär we wariator bilen işleýär. Şol göwrümdäki turbinaly hereketlendiriji bolsa 200 at güýjüni berýär we sekiz basgançakly awtomat geçiriji bilen utgaşdyrylýar. Iki ýagdaýda-da öňki tigirler herekete getirilýär.

Komplektasiýa baglylykda krossower panoramaly üçek, Dolby Atmos bilen Bose audio ulgamy, atmosfera yşyklandyrylyşy, simsiz zarýad beriji, kuwwaty 100 Wt-a çenli bolan Type-C portlary, şeýle hem şemalladylýan we gyzdyrylýan öňki oturgyçlar bilen enjamlaşdyrylyp bilner.
Howpsuzlyk üçin ýigrimi töweregi funksiýaly L2 derejeli sürüjä kömek toplumy jogap berýär, olaryň arasynda uýgunlaşdyrylan kruiz-kontrol, ýol zolagynda saklanyş, “kör zolak” gözegçiligi, töwerekleýin görnüş we daş aralykdan duralga goýmak funksiýalary hem bar.