Gibridler Hyundai bilen Kia-ny ABŞ-da täze satuw rekordyna ýetirdi

10.08.2026, 13:102,287
1 / 2

Hyundai we Kia 2026-njy ýylyň iýul aýynyň netijeleri boýunça amerikan bazaryndaky satuw rekordlaryny täzelediler. Söwda iň uly itergi beren gibrid awtoulaglary boldy.

Hyundai 82 480 sany maşyn satdy (geçen ýylkyndan 4% köp), Kia-nyň satuwy bolsa 75 857 awtoulaga ýetdi (+7%).

Hyundai-yň diňe gibridleriniň satuwy 35% , Kia-nyňky bolsa — 108%.

Hyundai-yň iň meşhur modeli Tucson krossoweri boldy, ol 19 714 sany awtoulag möçberinde satyn alyndy (geçen ýylky netijeden 20% köp). Elantra-nyň satuwy 39% artyp, 17 115 maşyna ýetdi, Santa Fe bolsa 13 373 ekzemplaýara ýetdi.

Tucson, Elantra we Sonata modelleriniň gibrid wersiýalary iýul aýy boýunça tutuş taryhynda iň gowy netijäni görkezdi.

Kia rekord görkezijilerini Sportage Hybrid, Seltos, Carnival Hybrid, Telluride we täze K4 sedanynyň üstünliginiň hasabyna gazandy.

Elektromobilleriň ýagdaýy welin o diýen öwerlik däl. Hyundai Ioniq 6-nyň satuwy 92% — 949-dan 76 awtoulaga çenli peseldi. Ioniq 5 — 38%, Ioniq 9 bolsa — 35% ýitirdi. Kia EV6-nyň satuwy 47% azalyp, 674 maşyna, EV9 bolsa 5% azalyp, 1650-ä düşdi.

Analitikler munuň sebäpleriniň biri hökmünde elektromobil satyn almak üçin 7500 dollarlyk federal salgyt ýeňilliginiň ýatyrylmagyna yşarat edýärler. Mundan başga-da, gibridlere alyjyny uniwersallygy bilen has özüne çekýär.

Muňa garamazdan, Hyundai we Kia elektromobilleri ösdürmekden ýüz öwürmeýär. Häzirki wagtda Kia EV3 ykjam krossowerini taýýarlaýar, Hyundai bolsa Ioniq 5 N modeliniň bahasyny arzanlatdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.