Günorta Koreýada awtoulag öndürijiler bilen kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda soňky on ýylyň içinde iň uly gapma-garşylyk ýüze çykdy. Esasy sebäp diňe bir aýlyk haklarynyň derejesi bilen bagly bolman, eýsem iş orunlaryna howp salýan emeli aňyň we robot tehnikasynyň giňden ornaşdyrylmagydyr .
Ýurduň kärdeşler arkalaşyklary (şol sanda Kia we oňa eýelik edýän Hyundai Motor kärhanasynyň arkalaşygy) esasan üç talaby öňe sürdi:
- Adampisint robotlary (şol sanda Boston Dynamics tarapyndan işläp düzülenleri) we emeli aňlary zawodlara ornaşdyrmak meýilnamasynyň çäklerinde iş orunlarynyň saklanyp galjagyna kepillik berilmegini;
- Hökmany ýagdaýda pensiýa çykmaly ýaşyň 60-dan 65-e galdyrylmagyny;
- Kompaniýalaryň arassa girdejisiniň 30%-ine çenli bonuslaryň tölenmegini we esasy aýlyk haklarynyň ýokarlanmagyny.
Netijede, taraplar özara deslapky ylalaşyga geldiler, Kia-nyň işçileri indi ony 2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda geçiriljek ses berişlikde tassyklamaly. Onda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar:
- Esasy aýlyk zähmet hakynyň 100 000 won (~72 dollar) ýokarlanmaly;
- Ägirt uly bonus toplumy: aýlyk hakynyň 400%-ine barabar, şeýle hem bir gezeklik 12,7 million won (~9,180 dollar) töleg we her işgär üçin kompaniýanyň 47 paýnamasy;
- Tehnologik üýtgeşmeleri bilelikde dolandyrmak barada ylalaşyga gol çekilmeli – ýolbaşçylar iş bilen üpjünçilige kepil geçmek üçin awtomatlaşdyrma baradaky meýilnamalary aç-açan paýlaşmaga borçlandy.
Kia soňky pursatda ylalaşyga gelip, zawodlaryny işletmegini dowam etdirenem bolsa, Hyundai-yň enelik kompaniýasy düýpli zyýan çekdi. Birnäçe bölekleýin iş taşlaýyşlardan soň, kärdeşler arkalaşygy 21-nji awgustda 10 ýylyň içinde ilkinji gezek konweýerleriň 16 sagatlyk doly togtadylandygyny yglan etdi. Iş taşlaýyşyň jemi wagty 60 sagada ýetdi. Yonhap agentliginiň maglumatyna görä, şol sebäpden kompaniýanyň 55 200 töweregi ulagy çykman galdy, satuwyň ýitgisi 2,3 trillion wondan (~1,64 milliard dollardan) geçdi.
25-nji awgustda Hyundai-yň kärdeşler arkalaşygy hem ýolbaşçylar bilen deslapky ylalaşyga gelnendigini yglan etdi. Ol esasy aýlygyň 4,1% ýokarlandyrylmagyny, onuň 400% möçberinde goşmaça tölegiň berilmegini we goşmaça tölegleri öz içine alýar. Degişli kanuna ýurt derejesinde üýtgeşmeler girizilse, pensiýa ýaşy häzirki 60 ýaşdan ýokarlandyrylar. Mundan başga-da, kompaniýa geljek ýyldan başlap 2028-nji ýyla çenli 500 sany täze tehniki hünärmeni işe almaga borçlandy.
Hyundai Motor kompaniýasynyň beýanatynda: “Iki tarap hem fiziki emeli aň we robototehnika ýaly öňdebaryjy tehnologiýalaryň geljegiň ulag pudagynyň aýrylmaz bölegidigini boýun alýarlar” diýilýär.