Benzinli ulaglaryň dünýä bazaryndaky paýy ilkinji gezek 50%-den pese düşdi

Şu gün, 09:211,218

Benzinli ulaglaryň dünýä bazaryndaky paýy ilkinji gezek 50%-den aşak düşdi. 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda içinden ýandyrylýan hereketlendirijisi bolan benzinli ulaglaryň global bazardaky paýy 49% boldy.

Birinji ýarym ýyllykda dünýäde şeýle ulaglaryň 20,25 milliony satyldy. Bu 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% azdyr. Deňeşdirip aýtsak, 2021-nji ýylda olaryň paýy 73 göterimdi.

Munuň esasy sebäpleriniň biri Pars aýlagyndaky çökgünlik bolup, ol benzin bahalarynyň birden galmagyna getirdi. Şol bir wagtyň özünde alternatiw hereketlendirijili ulaglara bolan isleg hem artýar.

2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda elektrik ulaglarynyň dünýä boýunça satylyşy 12% artyp, olaryň sany, takmynan, 6,9 milliona ýetdi.

Nusgawy benzinli hereketlendirijili ulaglardan ýüz öwürmegiň iň ýiti duýulýan ýerleriniň biri Hytaýdyr. Häzirki wagtda bu ýurduň paýyna dünýä boýunça elektrik ulaglarynyň söwdasynyň deň ýarysy düşýär.

Edil şonuň ýaly-da, gibrid ulaglar dünýä bazarynda öz durnukly orunlaryny saklap galýar.