Hytaýda awtoulaglaryň günde 3-4 sanysy tanyşdyrylýar: täze modeller üç aýda «könelýär»

Şu gün, 17:471,494

Hytaýyň awtoulag bazarynda 2026-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 542 sany täze ýa-da täzelenen modeliň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu günde ortaça 3,6 ulag görkezilendigini aňladýar. Şeýle maglumatlary BYD kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti He Çžiçi getirýär.

Onuň aýtmagyna görä, köp modeller eýýäm birnäçe aýdan soň täze ulag derejesini ýitirýär.

Gürrüň diňe bir noldan döredilen täze ulaglar hakda däl. Statistikada düýbünden täze ulaglar bilen bir hatarda, satuwdaky modelleriň täzelenen görnüşleri hem göz öňüne tutulan. Diňe 16-njy iýulda, bir günüň dowamynda Hytaýda sekiz awtoulag tanyşdyrylyşy geçirildi.

«Gasgoo» pudaklaýyn neşiriniň berýän maglumatyna görä, düýbünden täze awtoulagy işläp taýýarlamak üçin iki ýyldan gowrak wagt hem-de 1 milliard ýuandan (148 million dollar töweregi) gowrak pul sarp edilýär. Emma tiz wagtdan bazara täze modelleriň nobatdaky tapgyry çykýandygy sebäpli, ulaga bolan gyzyklanma bahym pese gaçyp bilýär.

Bu bäsleşik, aýratynam, bazarda isleg peselen wagty has aýdyň ýüze çykýar. CPCA-nyň berýän maglumatyna görä, ýylyň birinji ýarymynda Hytaýda 8,7 million ýeňil awtoulag satylypdyr, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20,2% azdyr. BYD-yň satuwlary hem 15,72% azalyp, 1 808 511 ulaga düşdi.

Alyjylar üçin maşynlaryň tiz täzelenmegi, bir tarapdan, gowy — bahalar arzanlaýar, täze tehnologiýalar köpelýär. Ýöne ýaramaz tarapy hem bar: satyn alnan ulag ikilenç satjak bolanyňda gymmatyny tiz ýitirýär. Öndürijiler üçin agyryly ýeri — käbir modifikasiýalar konweýerde uzak eglenmän, ähli harçlanan çykdajylara garamazdan önümçilikden aýrylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.