Geely kompaniýasy täze gibrid kysymly Zhanjian 700 üçin arza kabul edip başlan ilkinji 9 minutynyň dowamynda 10 müň sany sargyt aldy. Bu model Galaxy Cruiser 700 ady bilen hem tanalýar. Bir sagadyň dowamynda sargytlaryň sany 43,9 müňe ýetdi. Çäkli mukdarda öndürilýän «Land Ark» görnüşi bolsa eýýäm doly satylyp gutardy.
Uzynlygy 5 metre ýetýän Galaxy Cruiser 700 hytaý bazaryna alty dürli enjamlaşdyryş görnüşinde çykaryldy. Olaryň arasynda yzky tigri hereketli adaty görnüşler hem bar. Awtoulagyň bahasy 199 800–389 800 ýuan aralygynda bolup, bu, takmynan, 27,9–54,4 müň dollara deňdir. Ýolsuz ýerlerde hereket etmek mümkinçilikleri giňeldilen iň gymmat görnüşden bary-ýogy 700 sany öndüriler.
Cruiser 700-iň güýç ulgamy 1,5 ýa-da 2,0 litrlik içinden ýanýan hereketlendirijä esaslanýar. Ulag dört sany elektrik hereketlendirijisi bilen hem üpjün edilip bilner. Ulagyň umumy kuwwaty 1128 at güýjüne eýe. Iň kuwwatly görnüşi 0-dan 100 km/sag tizlige 3,95 sekuntda ýetýär. Yzky tigri ýöredijili görnüşiniň bir gezekki ýangyç we elektrik ätiýaçlygy bilen geçip bilýän aralygy 1700 kilometrden hem köpdür.
Krossoweriň enjamlaşdyrylyşyna bloklanýan yzky differensial we «sanly şassiniň» 17 dürli iş tertibi girýär. Olaryň arasynda «leňňeç režimi» we bary-ýogy 3,36 metr radiusda bir tigriň daşyndan aýlanmaga mümkinçilik berýän «wals öwrümi» bar.
Elektron kömekçi ulgamlar ulagyň 80 km/sag tizlige çenli «sugunly synagdan» üstünlikli geçmegine hem ýardam etmelidir. Bu synag ulagyň öňünden duýdansyz çykýan päsgelçilikden (meselem, ýoldan geçip barýan sugundan) derhal ugruny üýtgeden ýagdaýyndaky durnuklylygyny barlamak üçin niýetlenilendir.