Renault bilen Geely-niň döreden Horse Powertrain bilelikdäki kärhanasy gibrid ýolsuzlyk ulaglary üçin B20 benzin hereketlendirijisini işläp düzdi, ol suwa doly çümdürilende hem işlemegini dowam edýär.
Kompaniýanyň maglumatyna görä, hereketlendiriji 1,1 metre çenli çuňlukda hem işläp bilýär we onuň peýdaly hereketiniň ýylylyk koeffisiýenti 48,4%-e ýetýär.
Horse B20 modeline 2,0 litrlik, dört silindrli turbo hereketlendiriji oturdyldy. Modifikasiýasyna baglylykda, ol 190-dan 252 at güýjüne çenli kuwwat we 300-den 380 Nm-e çenli aýlanma tizligine eýedir.

Hereketlendirijiniň esasy aýratynlygy — IPX8 suw geçirmezlik standartyna laýyk gelmegi. Düzüjiler hereketlendirijini jebisläp, ulagyň bölek şaýlaryny we datçiklerini hem şu standartyň talaplaryna laýyk getirdiler.
B20 suwa çümdürilende, datçikleriň görkezijilerine baglylykda elektronikasy drossel gapagynyň açylyşyna berilýän jogaby awtomatik üýtgedýär ýa-da hereketlendirijiniň kuwwatyny çäklendirýär. Bu bolsa hereketlendirijiniň çuň suw päsgelçiliginden geçýän mahalynda hem işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.
Horse B20 hereketlendirijisini alan ilkinji awtoulag Hytaýyň Geely Galaxy Cruiser 700 atly ýolsuzlyk ulagydyr. Bu klassyky rama gurluşyna eýe bolan, dört tigri hem hereketlendirijili modeldir. Onuň gibrid güýç ulgamynyň umumy kuwwaty 1128 at güýjüne ýetýär.
Deňeşdirip aýtsak, Land Rover Defender 900 mm-e çenli çuňlukdaky suw päsgelçiliklerinden geçip bilýär. Jeep Wrangler üçin bolsa bu görkeziji 760 mm-e deň. Bu ýerde gürrüň hereketlendirijiniň suw geçirmezligi barada däl-de, eýsem, awtoulagyň suw päsgelçiliginden geçmek ukyby barada gidýär.