Hytaýyň Leapmotor awtoulaglary dünýä bazarynda Mitsubishi we Subaru-dan öňe geçdi

Şu gün, 12:13869

Hytaýyň Leapmotor awtoulag öndürijisi ikinji çärýekde dünýä bazarynda 240 müň awtoulag satdy. Nikkei agentliginiň berýän maglumatyna görä, startap öz rekordyny täzeledi we ilkinji gezek Subaru hem-de Mitsubishi ýaly iri ýapon awtoulag öndürijilerinden hem satuw boýunça öňe geçdi.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, şol aralykda Subaru 230 müň, Mitsubishi bolsa 170 müň awtoulag satdy.

Arzan bahaly elektromobillere we gibrid awtoulaglaryna ýöriteleşen Leapmotor satuwlarynyň Hytaýda we Ýewropada giňemegi netijesinde ýyllyk hasapda 84% ösdi. Ýewropa bazarynda kompaniýa 2023-nji ýylda startapyň 20% paýnamasyny satyn alan we onuň önümçilik kuwwatyndan peýdalanýan Stellantis bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Brendiň iň köp satylan modeli bolan Leapmotor T03 hetçbegiň bahasy Ýewropada 15,9 müň ýewrodan, Hytaýda bolsa 9,4 müň dollardan başlaýar. Subaru we Mitsubishi-niň modelleriniň bahalary HHR-de 25 müň dollardan, Ýewropada bolsa 30 müň ýewrodan başlaýar.

2015-nji ýylda esaslandyrylan Leapmotor kompaniýasy 2018-nji ýylda awtoulag öndürip başlady, 2025–2026-njy ýyllarda bolsa Hytaýyň elektroulag öndürijileriniň arasynda öňdebaryjylaryň hataryna girdi.