Hytaý awtoöndürijisi BYD awtoulaglary daşamak üçin ýene-de 10 sany gämi sargyt etdi. Bu gämileriň her biri 9200-e çenli ulagy daşamaga ukyply bolar. Netijede, kompaniýanyň flotunyň 130 müňden gowrak awtoulag sygymlylygy bolan 18 gämä ýetmegine garaşylýar.
Gurluşyk işlerini Jinling we Haimen gämi gurluşyk zawodlarynda China Merchants Industry kompaniýasy amala aşyrar. BYD kompaniýasyna täze gämileriň gelip gowuşmagy 2027–2029-njy ýyllar aralygyna meýilleşdirilýär, şertnamanyň bahasy bolsa aýan edilmeýär.
Gürrüň PCTC synpyna degişli bolan ýöriteleşdirilen «Ro-Ro» görnüşli awtoulag daşaýjy gämiler barada gidýär. Bu görnüşli gämilerde konteýnerler ulanylmazdan, awtoulaglar özbaşdak ýagdaýda daşalýar.
BYD kompaniýasy özüniň ilkinji sekiz sany awtoulag daşaýjy gämisini 2025-nji ýylyň sentýabrynda «BYD Jinan» gämisi işe girizilenden soň edinipdi. Flotuň düzümine, şeýle-de «Explorer No.1», «Hefei», «Changzhou», «Shenzhen», «Xi’an», «Changsha» we «Zhengzhou» gämileri girýär. Bu gämiler görnüşine baglylykda 7200-den 9000-e çenli awtoulag daşamaga ukyplydyr.
CarNewsChina neşiriniň çaklamagyna görä, ilkinji sekiz gämi kompaniýa ýylda 1 milliondan gowrak awtoulagy eksport etmäge mümkinçilik berýärdi. Flota ýene-de on sany şeýle gäminiň gelip gowuşmagy bilen, bu görkeziji yylda, takmynan, 2,5 million ulaga ýetip biler.
Kompaniýanyň flotunyň giňelmegi, oňa daşary ýurtlara ätiýaçlyk üpjünçiliginiň artmagy sebäpli kärendä alnan gämilerden we ýokary gämi haklaryndan az garaşly bolmaga şert döreder. Bu flot, şeýle-de Tailanddaky zawody goşmak bilen, daşary ýurtlardaky önümçilik meýdançalarynyň logistikasy üçin hem peýdalanylýar.