Genesis superkaryň we haýbatly SUV ulagynyň konseptlerini ýola çykardy

Şu gün, 12:131,625
1 / 5

Hyundai Motor Group konserniniň Genesis premium brendi täze Magma GT superkaryny we X Skorpio synag ýolsuzlyk ulagyny ilkinji gezek köpçülige hereketde görkezdi. 

Awtoulaglar Italiýanyň Alp daglarynda geçirilen Tutto Bene Hillclimb baýryna çykmak ýaryşynyň çäklerinde synag ýörişlerine gatnaşdyryldy.

Magma GT ulagy Genesis brendiniň taryhyndaky ilkinji ortada ýerleşdirilen hereketlendirijili awtoulag boldy. Marka bu konsept arkaly özüne mahsus premium sedanlaryň we krossowerleriň çäginden çykmagy maksat edinýär.

Häzirlikçe superkaryň takyk tehniki görkezijileri doly aýan edilmeýär. Ýöne onuň iki sany turboüfleýjili 3,2 litr bolan V8 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandygy mälim. Bu enjamlar göni awtoulag sportunyň – WRC rallisinde hem-de uzak aralyk ýaryşlarynda ulanylýan kämil tehnologiýalar esasynda döredilipdir. Ulagyň kuwwatynyň 800 at güýjüne golaý bolmagyna garaşylýar.

Magma GT-niň önümçilik nusgasy, çaklamalara görä, 2027–2028-nji ýyllarda peýda bolup biler.

Görkezilen ikinji awtoulag — X Skorpio bolsa, hakyky tapgyrlaýyn önüm däl-de, eýsem, markanyň döredijilik ukybyny we geljekki mümkinçiliklerini görkezmek üçin ýörite döredilen täsin taslamadyr.