Hyundai eýýäm ramaly Boulder ýolsuzlyk ulagynyň köpçülikleýin öndüriljek görnüşini taýýarlaýar. Patent arzasyndan çen tutsaň, täze modeliň daş keşbiniň nähili boljagy gutarnykly ýagdaýa getirilipdir.
Carscoops neşiri geljekki ulagyň eskizini Hyundai kompaniýasynyň Hindistanda beren patent arzasynyň içinden tapdy.
Önümçilige goýuljak Boulder, umuman, ýaz aýlarynda görkezilen konsepsiýanyň dizaýnyny gaýtalaýar, ýöne ondan birneme sada görünýär. Ulagda burçlak kuzow, giňeldilen tigir arkalary, bamperlerde we bosagalarda gorag elementleri, ýogyn ýolsuzlyk tekerleri hem-de üçegindäki ýük gutusy galar.

Eskizden çen tutulsa, yzky gapylar yza açylar. Adaty radiator gözeneginiň ýerine goýlan boş panel elektrikleşdirilen güýç gurluşynyň boljakdygyny aňladyp biler.
Boulderiň ramaly gurluşa, garaşsyz öň asma ulgamyna we yzky okuna eýe bolmagyna garaşylýar. Transmissiýa ulgamyna dört tigri-de herekete getirer.
Motorlar barada häzirlikçe diňe deslapky maglumatlar bar. Esasy görnüşleriň kuwwaty 330–400 at güýji aralygyndaky gibrid güýç gurluşyna esaslanar diýlip garaşylýar. Käbir bazarlarda Hyundai 200 at güýjünden biraz ýokary kuwwatly 2,2 litrlik dizel motoryny hem hödürläp biler. Doly elektrikli görnüşiň peýda bolmagy hem mümkin.

Köpçülikleýin öndüriljek Boulder-iň resmi tanyşdyrylyşy häzirlikçe geçirilmedi. Modeliň esasy bazary ABŞ bolar diýlip garaşylýar. Ol ýerde täze ulag Ford Bronco we Jeep Wrangler bilen, belki-de, Toyota 4Runner bilenem bäsleşmeli bolar.