Tesla rulsuz we pedalsyz Cybercab-y ýola çykardy

Şu gün, 16:51379
1 / 3

Tesla kompaniýasy Cybercab robotaksisini erkin ulanylyşa goýberdi. Awtomobil doly ýagdaýda ruldan we pedallardan mahrum. Ony kompaniýanyň goşundysy arkaly çagyryp bolýar, ýöne hyzmat häzirlikçe diňe ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäherinde elýeterli.

Cybercab-yň salonynda iki sany ýolagçy oturgyjy we 22 dýuýmlyk displeý bar. Ilon Mask syýahat wagtynda ýolagçylaryň oýun oýnap, film görüp, kitap okap ýa-da dynç alyp biljekdigini aýdýar.

Tesla-nyň maglumatlaryna görä, köplenç robotaksini bir ýa-da iki adam ulanýar, şol sebäpli hem sargytlaryň aglaba bölegini Cybercab ýerine ýetirse gerek. Ýolagçylaryň uly toparlary üçin öňküsi ýaly Model Y hyzmat eder.

Awtomobiliň funksiýalaryny robotaksi çagyrmak üçin ulanylýan şol bir goşundy arkaly dolandyryp bolýar.

Soňlugy bilen kompaniýa Cybercab-y hususy eýelere hödürlemegi meýilleşdirýär. Hususy modelleriň eýeleriniň hem öz Cybercab-laryny ýolagçy syýahatlary üçin kärendesine bermek mümkinçiligi bolar diýlip garaşylýar. Tesla-nyň saýtynda ähtimal satyn alyjylar üçin eýýäm sahypa peýda boldy, ol ýerde gyzyklanma bildirýändigiň barada maglumat galdyryp bolýar.

Şeýle hem Tesla Cybercab-y Pekine, Şanhaýa, Tokio we Gonkonga getirmegi göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde bu şäherlerde robotaksiniň işe girizilmegi barada resmi bildirişler häzirlikçe ýok. Çaky, kompaniýa awtomobiliň diňe synlamak we tanyşmak üçin görkezilişini geçirmegi ähtimal.

Cybercab kuwwaty 222 at güýjüne deň bolan bir elektromotor we sygymy 47,6 kWt·sag bolan batareýa bilen üpjün edildi. Tesla-nyň hasaplamalaryna görä, ulag bir zarýadda 673 kilometre çenli ýol geçip biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.