BMW kompaniýasy 2013-nji ýylda ilkinji i3 modeliniň satuwa çykarylany bäri iki millionynjy elektromobilini müşderä gowşurdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugynda habar berilýär.
Eger tokdan zarýad alýan gibridleri hem hasaba goşsaň, brend tutuş dünýä boýunça 3,5 million töweregi elektrikleşdirilen awtoulag satdy.
Markanyň ýubileý elektromobili Germaniýada öndürilip, Ispaniýadaky alyja iberilen i5 M60 xDrive modeli boldy.
Bellenilişi ýaly, Ýewropada BMW elektromobillerine bolan isleg çalt ösýär. 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde ol ýerdäki satuw 38% artyp, 81,4 müň ulaga ýetdi. Ýylyň birinji ýarymynda elektromobiller markanyň sebitdäki satuwynyň, takmynan, 28%-ini düzdi.
Şol bir wagtyň özünde, sebitde sargalan her üçünji BMW elektromobili iX3 modeliniň paýyna düşýär. Awgust aýynda Mýunhende i3 elektrik modeliniň täze nesliniň önümçiligi hem başlady.
ABŞ-da bolsa ýagdaý, tersine, gowşak. Federal salgyt ýеňillikleri ýatyrylandan soň, ikinji çärýekde BMW elektromobilleriniň satuwy 20%-den gowrak azaldy.