Ýewropanyň asfalt ýollarynda sary tegelekler çekilip başlandy: Bu nämä gerek?

Şu gün, 15:452,186
1 / 2

Germaniýanyň we Awstriýanyň birnäçe şäherleriniň köçelerinde adaty bolmadyk ýol belgileri peýda boldy. Asfaltda ne gadaganlygy, ne-de hökmany hereket ugruny aňladýan uly sary tegelekler çekilip başlandy. Ýol gulluklarynyň nygtamagyna görä, olaryň wezipesi sürüjileri tizligini gowşatmaga mejbur etmekdir.

SWR3 nemes radiosynyň habar bermegine görä, şeýle belgileri Berlin, Dýusseldorf we Karlsrue şäherlerinde, şeýle hem Awstriýada görüp bolýar.

Bu adaty bolmadyk çözgüdiň aňyrsynda psihologik tilsim ýatyr: asfaltdaky ýiti reňkli tegelekler sürüjiniň ünsüni çekip, ýoldaky şol bir görnüşli kartinany bozýar. Şeýlelikde, sürüji, ýolda hiç hili goşmaça çäklendirme bolmasa-da, instinktiw ýagdaýda ätiýaçly bolup, tizligini peselder diýlip pikir edilýär.

Käwagt reňkli bellikler bilen birlikde ýol sütünjikleri hem goýulýar. Olar bilelikde optiki illýuziýany döredip, ýoluň gatnawly bölegi daralýan ýaly duýgyny berýär. Netijede, sürüjä erkin giňişlik azalan ýaly görnüp, ol has ätiýaçly hereket edip başlaýar.

Mundan başga-da, bu usul ýaşaýyş kwartallarynyň üsti bilen üstaşyr hereketi azaltmaga hyzmat edýär. Eger köçe tiz geçmek üçin dar we amatsyz görünse, sürüjiler başga bir ugry saýlap biler.

Dýusseldorfyň Paulusplats meýdançasynyň golaýynda ýol giňişligi reňkli belgiler, köçe mebelleri, ösümlikler we ş.m. arkaly üýtgedilýär. Bu bolsa köçeleri üýtgedip gurmazdan, ulag hereketlerini başgaça guramaga mümkinçilik berýär.

Awstriýada geçirilen synaglaryň ilkinji netijelerine görä, şeýle belgi ulanylan böleklerde awtomobilleriň ortaça tizligi sagatda, takmynan, 2-3 kilometr peseldi.

Ýol hereketini gurnaýjylar, hatda şeýle ujypsyz haýallamanyň hem heläkçilik ähtimallygyny azaltmaga hem-de pyýadalaryň we welosipedçileriň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga kömek etjekdigine ynam bildirýärler.

Şol bir wagtyň özünde, tankytçylar sary tegelekleriň resmi ýol belgisi däldigini, şol sebäpli sürüjileri düşnüksiz ýagdaýa salyp biljekdigini belleyär.

Ýöne nygtamaly ýeri, şeýle tegelekler täze tizlik çäklendirmelerini girizmeýär we ýol düzgünlerini üýtgetmeýär. Olaryň maksady diňe ýol hereketine gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, howpsuz tizligi saýlamaga ugrukdyrmakdan ybarat.