2026-njy ýylyň Ford Explorer Tremor-y tanyşdyryldy. Ol Timberline-a derek çykdy
Ford kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň Explorer Tremor wnedorožniginiň täzelenen görnüşini hödürledi. Model önümçilikden aýrylan Timberline komplektasiýasynyň ornuna geldi. Täze model klirensi 25 mm ýokarlandyrylan wnedorožnik podweskasy, güýçlendirilen stabilizatorlar, öň tarap we yz tarap gorag plastinalary, şeýle hem ähli ýola bolýan rezinli 18 dýuýmlyk tekerler bilen enjamlaşdyrylandyr