Tekerleriň üstündäki konsert zaly: Audi täze modellerine Dolby Atmos tehnologiýasyny ornaşdyrýar

27.06.2025, 07:194,451

Dolby we Audi kompaniýalary hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy, onuň çäklerinde awtoulag öndürijisiniň ulaglaryna Dolby Atmos töwerekleýin ses tehnologiýasy ornaşdyrylar. Bu barada Dolby Laboratories kompaniýasy habar berdi.

Dolby Atmos 2025-nji ýylyň iýul aýyndan başlap Bang & Olufsen Premium 3D ses ulgamy bilen enjamlaşdyrylan Audi awtoulaglarynda elýeterli bolar. Gürrüň şu aşakdaky modeller hakda barýar:

  • Audi Q7
  • Audi Q8
  • Audi A8
  • Audi e-tron GT

Tehnologiýa resmi Audi connect hyzmatlarynyň işleýän ähli bazarlarynda elýeterli bolar.
Dolby Atmos - bu Dolby Laboratories tarapyndan işlenip düzülen ses tehnologiýasydyr. Ol sesleriň ýokary takyklykda töwerekleýin çykmagyny üpjün edýär, bu sesiň kabul edilişini aňrybaş hakyky ýaly edýär we aýdym-sazy janly gören ýaly duýgyny döredýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.