Hindistan

Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi
22.01.2026 11:16
837

Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, hindi tarapyna bolsa Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj ýolbaşçylyk etdi
Aşgabatda dürli ýyllaryň hindi kinolarynyň görkezilişi bolar
16.01.2026 11:40
5k+

Aşgabatda dürli ýyllaryň hindi kinolarynyň görkezilişi bolar

2026-njy ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda Aşgabatda Hindi kinosynyň festiwaly geçiriler. Kinolary «Aşgabat» kinoteatrynda görkeziler. Çäräni Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde guraýar
Türkmenistanyň daşary işler ministri hindi ilçisi bilen duşuşdy
09.01.2026 14:38
2.5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri hindi ilçisi bilen duşuşdy

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki saparlary we duşuşyklary guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Hindi kompaniýasynyň paýnamalary 20 aýda 55 000% ýokarlandy
20.12.2025 16:16
3.9k+

Hindi kompaniýasynyň paýnamalary 20 aýda 55 000% ýokarlandy

Hindistanyň kän bir bilinmeýän RRP Semiconductor Ltd. kompaniýasynyň paýnamalary oňyn girdejiniň ýokdugyna we bary-ýogy iki işgäriniň bardygyna garamazdan, soňky 20 aýda 55 000%-den gowrak gymmatlady. Paýnama bahalarynyň şeýle ösüşi Hindistanyň Gymmatly kagyzlar boýunça komissiýasy tarapyndan barlagyň sebäbi boldy diýip, Bloomberg habar berýär
Messä Hindistanda 1,1 mln dollarlyk seýrek sagat sowgat berildi: dünýäde olar bary-ýogy 12 sany
19.12.2025 09:16
16k+

Messä Hindistanda 1,1 mln dollarlyk seýrek sagat sowgat berildi: dünýäde olar bary-ýogy 12 sany

«Inter Maýami» futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Hindistana eden sapary wagtynda bahasy 1,1 mln dollardan gowrak bolan eksklýuziw Richard Mille RM 003-V2 GMT Tourbillon 'Asia Edition' sagadyny sowgat aldy
Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi
15.12.2025 17:38
14k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär
Messi bilen duşuşygyň guramaçylygynyň pes bolmagy Hindistanda janköýerleriň nägileligine getirdi
14.12.2025 10:46
21k+

Messi bilen duşuşygyň guramaçylygynyň pes bolmagy Hindistanda janköýerleriň nägileligine getirdi

Lionel Messiniň täjirçilik saparynyň çäklerinde Hindistanyň Kalkutta şäherindäki Vivekananda Yuvabharati Salt Lake stadionyna barmagynyň dowamlylygynyň gysga wagtlyk bolmagy, onlarça müň futbol janköýerleriniň tertipsizlik döretmegine getirdi
Hindistanda Messiniň uly ýadygärligi açylar: dabara futbolçynyň özi gatnaşar
13.12.2025 17:42
17k+

Hindistanda Messiniň uly ýadygärligi açylar: dabara futbolçynyň özi gatnaşar

Şenbe güni Kalkuttada (Hindistan) futbolçy Lionel Messi öz şanyna gurlan 20 metrlik ýadygärligi açar diýip, Bi-bi-si habar berýär. Hindistan boýunça üç günlük saparyň dowamynda argentinaly futbolçy «Inter Maýamidäki» klubdaşlary Luis Suares we Rodrigo De Paul bilen bilelikde Haýdarabada, Mumbaýa we Delä barar
Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizildi
11.12.2025 22:30
6.9k+

Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizildi

Türkmenistanyň hödürlän “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty” atly hödürnamasy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada gutarnykly çözgüt 11-nji dekabrda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edildi
Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy
07.12.2025 11:48
3.1k+

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär
Daşary ýurt neşirleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada çykyş etdiler
06.12.2025 10:41
5.7k+

Daşary ýurt neşirleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada çykyş etdiler

«Business Сentral Asia» halkara žurnaly Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde çap edilýän hem-de Aziýa sebitinde, sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan «Business Сentral Asia» halkara žurnaly şu ýylyň noýabr aýyndaky sanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlady
Türkmenistanyň DIM-nde Hindistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
29.11.2025 22:17
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-nde Hindistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

27-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşygyň barşynda diplomatlar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini, şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy
29.11.2025 10:37
2.9k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Bu barada milli Parlamentiň saýtynda habar berilýär. Mejlisiň ýolbaşçysy ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi
Soňky 10 ýylda planetany beýlekilerden has "ýaşyl" eden ýurtlaryň sanawy düzüldi
27.11.2025 12:09
7.2k+

Soňky 10 ýylda planetany beýlekilerden has "ýaşyl" eden ýurtlaryň sanawy düzüldi

Planetanyň "ýaşyl öýkeni" roluny ýerine ýetirýän tokaýlar kömürturşy gazyny özüne siňdirýär we kislorod çykarýar. Mundan başga-da, olar öz ekoulgamlaryny we suw aýlanyşyny döredip, müňlerçe kilometr uzaklykdaky sebitlere täsir edýärler
Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy
25.11.2025 12:46
20k+

Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy

Mumbaýda 89 ýaşynda Bolliwud kinosynyň ýyldyzy Dharmendra (doly ady – Dharmendra Kewal Krişan Deol) aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Dharmendra hindi kinosynyň iň esasy şahsyýetleriniň biridi
Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanda geçirilen 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy
18.11.2025 11:41
3.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanda geçirilen 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 14-15-nji noýabrda Hindistanyň Andhra-Pradeş ştatynyň Wişakhapatnam şäherinde geçirilеn Söwda, maýa goýum, senagat, tehnologiýa we geoykdysadyýet ugurlar boýunça 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy
Starlink Hindistanyň çet sebitlerini internete birikdirmäge kömek eder
10.11.2025 06:44
3.4k+

Starlink Hindistanyň çet sebitlerini internete birikdirmäge kömek eder

Hindistanyň Maharaştra ştatynyň häkimiýeti çet we doly üpjün edilmedik sebitlerde hemra internetini işe girizmek üçin Starlink bilen hyzmatdaşlyk etmek islegi barada şertnama baglaşdy. Bu taslama ştat boýunça giň zolakly elýeterliligi giňeltmäge gönükdirilen “Sanly Maharaştra” maksatnamasynyň bir bölegi bolar
Dünýäde iň köp okaýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi
10.11.2025 06:29
7.2k+

Dünýäde iň köp okaýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Dünýäniň dürli ýurtlarynda kitap okamak endigi özara ep-esli tapawutlanýar. World Population Review tarapyndan taýýarlanan reýtinge görä, häzirki wagtda okamaga iň köp wagtyny sarp edýän ýurt — ABŞ. Amerikalylar ýylyň dowamynda ortaça 357 sagat okap, bu döwürde takmynan 17 kitap tamamlaýarlar
Dünýäniň haýsy ýurtlarynda bugdaý has köp öndürilýär: infografika
07.11.2025 06:32
13k+

Dünýäniň haýsy ýurtlarynda bugdaý has köp öndürilýär: infografika

Bugdaý adamzat üçin möhüm ekin bolmagynda galýar – ol sarp edilýän ähli kaloriýalaryň, takmynan, bäşden birini üpjün edýär. Ýöne 2025-nji ýyla çenli onuň ähmiýeti adaty bir azyk önüminiň çäginden çykdy – indi ol global azyk howpsuzlygy, klimat durnuklylygy we global söwda durnuklylygy baradaky gepleşikleriň merkezinde durýar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy
01.11.2025 15:01
4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Täze Hyundai Venue krossoweri täze dizaýn we iki ekran bilen bazara çykýar
27.10.2025 15:19
4.9k+

Täze Hyundai Venue krossoweri täze dizaýn we iki ekran bilen bazara çykýar

Hindistanda ýerli bazarda iň meşhur modelleriň biri bolan täze Hyundai Venue ykjam krossoweri üçin sargyt kabul edilip başlandy. Täze Hyundai Venue täzelenen dizaýna we gaýtadan işlenen salona eýe boldy. Içinde iki sany  12 dýuýmlyk ekran oturdyldy, ýolagçylar üçin giňişlik artdyryldy – ikinji hatarda aýak üçin aralyga 2 sm goşuldy
Hindistan Delini tüsseden arassalamak üçin emeli ýagyş ýagdyrmaga taýýarlanýar
26.10.2025 09:27
10k+

Hindistan Delini tüsseden arassalamak üçin emeli ýagyş ýagdyrmaga taýýarlanýar

Hindi häkimiýeti emeli aňyň kömegi bilen Delidäki tüssä garşy göreşmek meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Şäher häkimiýetiniň başlygy Rekha Guptanyň habar bermegine görä, 23-nji oktýabrda tehnologiýanyň synaglary üstünlikli geçirildi, indi bolsa hünärmenler 28 – 30-njy oktýabrda bulut “ekişi” boýunça synagy geçirmäge taýýarlanýar
Hindistanyň täze ilçisi Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
23.10.2025 11:18
1.5k+

Hindistanyň täze ilçisi Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabudan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Türkmenistanyň daşary işler ministri ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň täze bellenilen ilçisini kabul etdi
23.10.2025 10:25
2.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň täze bellenilen ilçisini kabul etdi

22-nji oktýabrda Hindistanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär. Diplomat
Hindistanly adam 1 millimetrden sähel uly bolan agaç çemçäni döretdi
14.10.2025 13:25
11k+

Hindistanly adam 1 millimetrden sähel uly bolan agaç çemçäni döretdi

Hindistandan 23 ýaşly inžener-elektrik we miniatýuraçy hudožnik K. Bijaý Kumar Reddi dünýäde iň kiçijik agaç çemçäni ýasady. Bu aşhana enjamy 1,13 millimetrden uly däl. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda bellenilişi ýaly, çemçe şeýle bir kiçijik welin, ol hatda iňňäniň gözünden geçip bilýär
Şah Ruh Han milliarder bolan ilkinji Bolliwudly ýyldyz boldy
04.10.2025 16:30
20k+

Şah Ruh Han milliarder bolan ilkinji Bolliwudly ýyldyz boldy

Şah Ruh Han dollar milliarderleriniň sanawyna girizilen ilkinji Bolliwudly aktýor boldy. Onuň arassa baýlygy 1,4 milliard dollar hasap edilýär diýip, Hindistanyň iň baý adamlarynyň her ýyl düzülýän Hurun India Rich List 2025 sanawyna salgylanýan BBC habar berýär
Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy
16.09.2025 19:57
7.7k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy
Dürli ýurtlarda her sagatda näçe çaga dogulýar? BMG-niň maglumatlaryna esaslanýan infografika
07.09.2025 19:13
11k+

Dürli ýurtlarda her sagatda näçe çaga dogulýar? BMG-niň maglumatlaryna esaslanýan infografika

BMG-niň “Ýurtlaryň ilat sanynyň geljegi” baradaky hasabatyna görä, 2023-nji ýylda dünýäde 132 milliondan gowrak çaga dünýä indi, bu bolsa her sagatda 15 000 töweregi bäbegiň dünýä inendigini aňladýar. Hindistan täze doglan bäbekleriň sany boýunça dünýäde öňde barýar, bu ýurtda sagatda 2600-den gowrak çaga dogulýar
Tesla-nyň Hindistandaky satuwy ýöremedi. 2,5 aýda bary-ýogy 600 sargyt kabul edildi
05.09.2025 10:38
4.3k+

Tesla-nyň Hindistandaky satuwy ýöremedi. 2,5 aýda bary-ýogy 600 sargyt kabul edildi

Tesla kompaniýasynyň hindi bazaryna çykmagy garaşylan tamany ödemedi. Iýun aýynyň ortalarynda satuw başlany bäri kompaniýa bary-ýogy 600 sargyt kabul etdi, bu bolsa meýilnamadan ep-esli azdyr. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, ilkibaşda Tesla ýyl üçin meýilleşdiren 2500 awtomobiliniň ählisini satmagy göz öňünde tutupdy
OpenAI Hindistanda ägirt maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär
05.09.2025 10:35
1.4k+

OpenAI Hindistanda ägirt maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär

OpenAI Hindistanda uly maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Ol ýurtda iň ulularyň biri we Aziýada emeli aň infrastrukturasyny ösdürmekde möhüm ädim bolup biler diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa azyndan 1 gigawatt kuwwatly desganyň gurluşygy üçin ýerli hyzmatdaşlary gözleýär
Hindistan ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar
01.09.2025 13:54
1.5k+

Hindistan ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

30-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabatda öz diplomatik missiýasyny tamamlaýan Hindistanyň ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň häzirki ösüş derejesine ýokary baha berdiler
OpenAI Hindistanda ilkinji ofisini açýar
26.08.2025 13:50
1.4k+

OpenAI Hindistanda ilkinji ofisini açýar

OpenAI tiz wagtdan Hindistanda ilkinji ofisini açjakdygyny habar berdi. Wekilhana ýakyn aýlarda Nýu-Delide işläp başlar. Kompaniýa eýýäm ýurtda ýuridik şahs hökmünde hasaba alyndy we ýerli hünärmenler toparyny döredýär
Bandaru Wilsonbabu Hindistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi bolar
22.08.2025 15:35
2.9k+

Bandaru Wilsonbabu Hindistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi bolar

Hindistanyň Daşary işler ministrligi Banderu Wilsonbabunyň Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Ol ýakyn wagtda öz wezipesine girişer. Banderu Wilsonbabu 2004-nji ýylda diplomatik karýerasyna başlapdyr
Hindistanda Toyota Camry-nyň täze görnüşi – Sprint Edition hödürlendi
21.08.2025 16:12
9.5k+

Hindistanda Toyota Camry-nyň täze görnüşi – Sprint Edition hödürlendi

Hindistanda 4,85 mln rupiýa (takmynan, 55,4 müň dollar) baha bilen täze Toyota Camry Sprint Edition hödürlendi. Bu görnüş Elegance wersiýasyna esaslanýar we goşmaça töleg talap etmeýär. Ulagyň tehniki taraplary öňküligine galdy, üýtgeşmeler diňe daşky görnüşe we interýeriň bezeg elementlerine degişlidir
Hindi ýazyjysy diňe 2114-nji ýyla ýetilende okalyp bilinjek kitaby ýazar
18.08.2025 19:23
9.2k+

Hindi ýazyjysy diňe 2114-nji ýyla ýetilende okalyp bilinjek kitaby ýazar

Meşhur hindi ýazyjysy Amitaw Goş “Geljegiň kitaphanasy” taslamasynyň 12-nji gatnaşyjysy boldy. Onuň indiki golýazmasy, 2114-nji ýyla çenli, ýagny 89 ýyllap okyjylar üçin elýeterli bolmaz diýip, The Guardian habar berýär
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
15.08.2025 12:30
2.8k+

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
Hünärmenler dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň infografikasyny döretdiler
14.08.2025 13:40
6k+

Hünärmenler dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň infografikasyny döretdiler

Dünýä barha şäherleşýär. Häzirki wagtda şäherlerde öňkülerden has köp adam ýaşaýar. Visualcapitalist portalynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan täze infografika bu prosesiň doly gerimini görkezýär. Statistikada dünýäniň ilaty bir milliondan geçýän ähli şäherleri ýurtlar boýunça toparlara bölünen
Hindistanyň demirgazygyndaky suw joşguny tutuş obany basdy
07.08.2025 12:06
14k+

Hindistanyň demirgazygyndaky suw joşguny tutuş obany basdy

Hindistanyň demirgazyk bölegindäki güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna we sil akymlaryna getirdi. Uttarakhand ştatynda Dharali dag obasy bütinleý diýen ýaly weýran boldy. India Today-iň maglumatlaryna görä, azyndan dört adam heläk boldy, 50-den gowrak adam dereksiz ýitdi diýlip hasaplanýar
Hindistanda näsag bir zenanda ozal näbelli gan topary tapyldy
04.08.2025 17:52
8.1k+

Hindistanda näsag bir zenanda ozal näbelli gan topary tapyldy

Hindistanyň Karnataka ştatynyň Kolar etrabynyň 38 ýaşly ýaşaýjysynda gan toparynyň ozal belli bolmadyk antigeniniň bardygy anyklandy. Açyşy lukmanlar ýürek operasiýasyny geçirmäge taýýarlyk görýärkäler ýüze çykardylar diýip, The New Indian Express gazeti habar berýär
Täze Galaxy Z Fold7 ABŞ-da köp satylýan, Hindistanda bolsa ýetmezçilik edýän smartfon boldy
02.08.2025 17:53
6.5k+

Täze Galaxy Z Fold7 ABŞ-da köp satylýan, Hindistanda bolsa ýetmezçilik edýän smartfon boldy

Samsung ABŞ-da Galaxy Z Fold7 smartfony üçin rekord mukdarda – Galaxy Z Fold hatarynyň öňki islendik modelinden köp deslapky sargytlary kabul edendigini habar berdi. Umuman alanyňda, Galaxy Z Fold7 we Galaxy Z Flip7 üçin deslapky sargytlar geçen ýylky görkezijilerden 25% ýokary boldy