Bandaru Wilsonbabu Hindistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi bolar

22.08.2025, 15:352,886

Hindistanyň Daşary işler ministrligi Banderu Wilsonbabunyň Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Ol ýakyn wagtda öz wezipesine girişer.

Banderu Wilsonbabu 2004-nji ýylda diplomatik karýerasyna başlapdyr. 2006–2007-nji ýyllarda Moskwadaky, 2007–2010-njy ýyllarda bolsa Duşenbedäki Hindistanyň ilçihanalarynda işledi. Onuň rus dilini bilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde goşmaça artykmaçlyk hökmünde görkezilýär. Mundan öň ol Hindistanyň Madagaskardaky ilçisi wezipesini ýerine ýetirýärdi.
Türkmenistan bilen Hindistanyň h
yzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri - Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasydyr. Taslama sebitde energetika howpsuzlygy üçin möhüm ähmiýete eýe.
Şeýle hem ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlyk giňelýär. Türkmenistan 2023-nji ýylda Merkezi we Günorta Aziýany birleşdirýän, söwdanyň ösdürilmegine ýardam berýän «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesine (INSTC) goşuldy.
Medeni we bilim hyzmatdaşlygyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabatda hindi şahyry Rabindranat Tagoryň heýkeli açyldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.