Türkmenistanyň DIM-inde Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy

Şu gün, 16:38471
1 / 2

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşykda senagat, energetika, oba hojalygy we ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine hem-de Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ýurduň pudaklaryna ornaşdyrmagyň amaly taraplaryna seredildi. Şeýle-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen gatnaşyklary ösdürmegiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklady.