4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge hem-de ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň düýbi tutuldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Dünýäniň öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün ediljek bu täze kärhanada 250-ä golaý täze iş оrny dörediler.

Umumy meýdany 122 müň 500 inedördül metre deň bolan önümçilik desgasy bir gije-gündizde 600 tonna çig mal kabul etmäge ukyplydyr. Kabul edilen çig mal ilkinji tapgyrda kärhananyň barlaghanasynda barlagdan geçirilýär we çig mal ammarlarynda toplanýar. Kärhananyň sykma bölümi günde 200 tonna çig maly gaýtadan işlemäge, rafinirleýän bölümi bolsa bir gije-gündizde 50 tonna çig ýagy arassalamaga mümkinçilik berer. Guýma we gaplama binasynda ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda bir ýylda 1 litrlik plastiki çüýşelerde 9 milliona golaý ekologik taýdan arassa ýokary hilli pagta ýagyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Serdar Berdimuhamedow kärhananyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy. Ýaş nesliň wekili döwlet Baştutanyndan senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň düýbüni tutup bermegini haýyş edip, gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.

Ýadygärlik ýazgysy galdyrylan gutujyk ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda täze toplumyň binýadyna atyldy. Türkmenistanyň Prezidenti düýbi tutulýan desganyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy. Soňra bu göreldä eýerip, hormatly ýaşulular hem desganyň binýadyna beton garyndysyny atdy.
Bu döwrebap kärhananyň ulanmaga berilmegi içerki bazarda haryt bolçulygyny üpjün etmäge hem-de ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmäge uly goşant goşar.