Futbol boýunça Ispaniýanyň çempionaty (La Liga)

UEFA Çempionlar ligasynyň oýnunda janköýerleriň hereketi üçin “Atletiko” jerime saldy
01.12.2025 11:50
7.2k+

UEFA Çempionlar ligasynyň oýnunda janköýerleriň hereketi üçin “Atletiko” jerime saldy

UEFA 22-nji oktýabrda Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen myhmançylykdaky oýnunda Madridiň “Atletikosynyň” janköýerleriniň gatnaşmagynda bolup geçen wakalardan soň kluba garşy sanksiýalary yglan etdi. Çözgüt guramanyň Gözegçilik, tertip-düzgün we ahlak komissiýasy tarapyndan kabul edildi diýip, AS habar berýär
Mundo Deportivo: "Barselona" transfer maksatlaryny kesgitledi: gysga sanawda — Keýn, Holland we Alwares
30.11.2025 21:35
10k+

Mundo Deportivo: "Barselona" transfer maksatlaryny kesgitledi: gysga sanawda — Keýn, Holland we Alwares

"Barselona" tomusky transfer penjiresi üçin ileri tutulýan oýunçylaryň sanawyny düzdi diýip, Mundo Deportivo habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, toparyň baş tälimçisi Hans-Diter Flik sport direktory Deku we sport komitetiniň beýleki agzalary bilen bilelikde güýçlendirmek üçin esasy pozisiýalary – çep aýakly merkezi goragçyny, wingeri (ganat hüjümçini) we merkezi hüjümçini kesgitlediler
“Barselona” “Kamp Nou” stadionyna gaýdyp geljek wagtyny aýtdy
19.11.2025 10:00
4k+

“Barselona” “Kamp Nou” stadionyna gaýdyp geljek wagtyny aýtdy

22-nji noýabrda “Barselona” durkuny täzelemek işlerinden soň “Kamp Nou” stadionynda ilkinji öý oýnuny geçirer. Şol gün topar Ispaniýanyň çempionatynyň 13-nji tapgyrynda Bilbaonyň “Atletigine” garşy oýnar. “Kamp Nou” 2023-nji ýyldan bäri abatlaýyş üçin ýapykdy, topar oýunlaryny wagtlaýyn Luis Kompanis adyndaky Olimpiýa stadionynda (öň Montžuik Olimpiýa stadiony hökmünde belli) geçirdi
"Barselonanyň" prezidenti Laporta "Real" bilen dartgynly gatnaşyklar barada gürrüň berdi
16.11.2025 17:43
7.7k+

"Barselonanyň" prezidenti Laporta "Real" bilen dartgynly gatnaşyklar barada gürrüň berdi

"Barselonanyň" prezidenti Joan Laporta katalon klubunyň Madridiň "Realy" bilen arasyndaky gatnaşyklarda dartgynlylygyň bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, "Realyň" Negreýra bilen bagly dawaly işe goşulmagy sebäpli ýagdaý ýitileşdi
Madridiň “Atletikosy” täze maýadaryň gözegçiligine geçýär
12.11.2025 08:48
5.5k+

Madridiň “Atletikosy” täze maýadaryň gözegçiligine geçýär

Madridiň “Atletiko” futbol kluby paýnamalaryň gözegçilik bukjasynyň Apollo Sports Capital (ASC) maýa goýum kompaniýasyna satylandygyny habar berdi. Şertnamanyň çäklerinde Migel Anhel Hil we Enrike Sereso baş direktor we prezident hökmünde öz orunlaryny, şeýle-de paýdar statusyny saklap galar
"Real" soňky bir ýarym ýylda ilkinji gezek "Barselonadan" üstün çykdy
27.10.2025 09:55
13k+

"Real" soňky bir ýarym ýylda ilkinji gezek "Barselonadan" üstün çykdy

Madridiň «Realy» Ispaniýanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda öz meýdançasynda «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşyk futbol taryhynda 262-nji «El-klasiko» boldy. Duşuşygyň eýýäm 2-nji minutynda katalonlylaryň derwezesine penalti bellenildi, emma soňra bu karar ýatyryldy
“Barselona” Uber bilen hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy
26.10.2025 18:23
6.4k+

“Barselona” Uber bilen hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy

“Barselona” futbol kluby taksi gözlemek we sargyt etmek boýunça Uber hyzmaty bilen hyzmatdaşlygyň başlandygyny habar berdi. Şertnama 2027-nji ýyla çenli hereket eder we Mundo Deportivo neşiriniň maglumatlaryna görä, kluba ýylda, takmynan, 1 mln ýewro getirer
2025-nji ýylyň dördünji “El-Klasikosy”: bu gezek üstünlik kimiň tarapynda bolar
25.10.2025 17:29
11k+

2025-nji ýylyň dördünji “El-Klasikosy”: bu gezek üstünlik kimiň tarapynda bolar

Ýekşenbe güni agşam La Ligada güýzüň esasy oýny – Madridiň “Realy” bilen “Barselonanyň” arasynda nobatdaky “El-Klasiko” bolar. Toparlar diňe bir üç utuk gazanmak däl, eýsem biri-birinden ýene bir basgançak ýokary bolmak ugrunda bäsleşer
Spotify 2034-nji ýyla çenli “Barselonanyň” stadionynyň adynda galar
19.10.2025 16:44
2.9k+

Spotify 2034-nji ýyla çenli “Barselonanyň” stadionynyň adynda galar

“Barselona” futbol kluby öz resmi saýtynda dünýäde iň uly aýdym-saz platformalarynyň biri bolan Spotify bilen täze şertnama baglaşandygyny habar berdi. Taraplar hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli uzaltdy, ýöne stadionyň ady üçin hukuk 2034-nji ýyla çenli Spotify-a degişli bolar
“Barselona” möwsümde €994 mln gazandy, şonuň diňe €2 mln-y arassa girdeji
09.10.2025 16:06
5.8k+

“Barselona” möwsümde €994 mln gazandy, şonuň diňe €2 mln-y arassa girdeji

Kataloniýanyň “Barselonasynyň” metbugat gullugy geçen möwsümiň maliýe netijeleri barada hasabat berdi. Klubuň operasion girdejileri 994 mln ýewro, arassa operasion girdeji bolsa bary-ýogy 2 mln ýewro boldy. Bellenilişi ýaly, Nike bilen hemaýatkärlik şertnamasy kluba 259 mln ýewro getirýär
UEFA “Barselona” bilen “Milana” çempionatyň oýunlaryny daşary ýurtlarda geçirmäge rugsat berdi
08.10.2025 12:38
6.4k+

UEFA “Barselona” bilen “Milana” çempionatyň oýunlaryny daşary ýurtlarda geçirmäge rugsat berdi

UEFA milli çempionatlaryň iki oýnuny daşary ýurtlarda geçirmäge rugsat berdi: “Barselona” “Wilýarreal” bilen duşuşygyny Maýamide (ABŞ), “Milan” bolsa “Komo” bilen oýnuny Pertde (Awstraliýa) geçirip biler. La Liga we Seriýa A şeýle rugsady bermek haýyşy bilen UEFA-a öňünden ýüz tutdy
“Barselona”, “Real”, “Atletik” we “Atletiko” Jiddada Ispaniýanyň Superkubogynda oýnar
01.10.2025 18:05
8.7k+

“Barselona”, “Real”, “Atletik” we “Atletiko” Jiddada Ispaniýanyň Superkubogynda oýnar

2026-njy ýylyň ýanwarynda futbol boýunça Ispaniýanyň Superkubogy ýene-de Saud Arabystanynda geçer. Bu barada Ispaniýanyň patyşalyk futbol federasiýasy (RFEF) habar berdi. Ýaryş Saud Arabystanynyň çäginde altynjy gezek geçiriler
Madridiň “Atletikosy” eýesini çalşar. Kluby Apollo amerikan gaznasy satyn alýar
22.09.2025 10:50
5.9k+

Madridiň “Atletikosy” eýesini çalşar. Kluby Apollo amerikan gaznasy satyn alýar

Madridiň “Atletiko” futbol kluby Apollo amerikan maýa goýum gaznasynyň gözegçiligine geçmäge ýakyn. Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, klubuň häzirki eýeleri bilen gepleşikler ahyrky tapgyrda dowam edýär
«Barselona» üçünji egin-eşik toplumyny hödürledi: Klub 11 ýyldan bäri ilkinji gezek mämişe reňke dolanar
24.08.2025 16:45
6.3k+

«Barselona» üçünji egin-eşik toplumyny hödürledi: Klub 11 ýyldan bäri ilkinji gezek mämişe reňke dolanar

«Barselona» futbol kluby 2025/26 möwsüm üçin üçünji egin-eşik toplumyny görkezdi. Hansi Fligiň topary 2014/15 möwsüminden bäri ilkinji gezek mämişi köýnekçede meýdana çykar. Klub taryhynda bu reňk sekizinji gezek ulanylar
"Barselonanyň" YouTube-kanaly FIFA-dan we NBA-dan öňe geçip, sport guramalarynyň arasynda iň meşhury boldy
16.08.2025 18:35
8.3k+

"Barselonanyň" YouTube-kanaly FIFA-dan we NBA-dan öňe geçip, sport guramalarynyň arasynda iň meşhury boldy

“Barselona” klubunyň YouTube-kanalynyň agzalarynyň sany 23,8 milliona ýetdi. Bu görkeziji kluby platformadaky iň meşhur sport guramasyna öwürdi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi. Agzalarynyň sany boýunça katalon kluby FIFA-ny (23,6 mln) we NBA-ny (23,3 mln) yzda goýdy
La Liganyň başlygy “Barselona” barada maliýe maglumatlaryny aýan edendigi üçin işden çykarylyp bilner
16.08.2025 00:03
8.5k+

La Liganyň başlygy “Barselona” barada maliýe maglumatlaryny aýan edendigi üçin işden çykarylyp bilner

La Liganyň prezidenti Hawýer Tebas “Barselona” futbol kluby barada gizlin maglumatlary aýan etmekde aýyplamalardan soň wezipeden aýrylyp bilner. Bu barada AS gazeti habar berýär. Ispaniýanyň Demokratiýa we sport aç-açanlygy assosiasiýasynyň başlygy Migel Anhel Galan Ýokary sport geňeşine (CSD) 50 sahypalyk resminama berip, onda Tebasyň bäş düzgün bozma ýol berendigini nygtady
“Real” FIFA-dan we UEFA-dan “Barsa” bilen “Wilýarrealyň” ABŞ-daky oýnuny gadagan etmegi talap etdi
14.08.2025 12:53
10k+

“Real” FIFA-dan we UEFA-dan “Barsa” bilen “Wilýarrealyň” ABŞ-daky oýnuny gadagan etmegi talap etdi

Madridiň “Realy” Ispaniýanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň “Wilýarreal” bilen “Barselonanyň” arasyndaky oýnunyň Ispaniýanyň çäginden daşary geçirilmegine garşy çykdy. Ozal La Liganyň bu duşuşygy dekabrda Maýamidäki “Hard Rok” stadionynda geçirmek barada gepleşikleri alyp barýandygy, Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň bolsa bu pikiri makullap, UEFA ýüz tutandygy habar berlipdi
Ispaniýanyň futbol federasiýasy eminleriň tehniki komitetine AI boýunça bilermeni belledi. Ol “Realyň” janköýeri
24.07.2025 17:34
10k+

Ispaniýanyň futbol federasiýasy eminleriň tehniki komitetine AI boýunça bilermeni belledi. Ol “Realyň” janköýeri

Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasy (RFEF) emeli aň boýunça hünärmen Çema Alonsony eminleriň tehniki komitetiniň (CTA) AI meseleleri we innowasiýa boýunça geňeşçisi edip belledi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi
Karlo Ançelotti salgyt tölemändigi üçin bir ýyl tussaglyga höküm edildi
10.07.2025 14:09
14k+

Karlo Ançelotti salgyt tölemändigi üçin bir ýyl tussaglyga höküm edildi

Madridiň Ýokary kazyýeti Madridiň “Realynyň” öňki baş tälimçisi Karlo Ançelottini salgyt tölemändigi bilen bagly iş boýunça bir ýyl tussaglyga höküm etdi. Bu barada kazyýet çözgüdiniň tekstine salgylanyp, TASS habar berýär
“Barselona” 35 ýaşly Woýseh Şensny bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
09.07.2025 11:18
3.5k+

“Barselona” 35 ýaşly Woýseh Şensny bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

“Barselona” polşaly derwezeban Woýseh Şensny bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 35 ýaşly futbolçy bilen şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Şensny katalon toparyna 2024-nji ýylyň oktýabrynda – karýerasyny tamamlandygyny yglan edenden iki aý soň goşuldy
“Barselonany” gyzyklandyran Niko Uilýams “Atletik” bilen şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy
05.07.2025 06:21
6.8k+

“Barselonany” gyzyklandyran Niko Uilýams “Atletik” bilen şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy

Bilbaodan “Atletik” futbol kluby ispaniýaly ýarymgoragçy Niko Uilýams bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Täze şertnama 2035-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Bellenilişi ýaly, 22 ýaşly futbolçynyň şertnamany möhletinden ir ýatyryp, başga bir kluba geçmegi üçin tölemeli mukdar 50%-den gowrak ýokarlandy
«Barselona» öýüne dolanýar: Täzelenen "Kamp Nouda" geçiriljek ilkinji duşuşygyň senesi belli boldy
28.06.2025 11:36
11k+

«Barselona» öýüne dolanýar: Täzelenen "Kamp Nouda" geçiriljek ilkinji duşuşygyň senesi belli boldy

  "Barselona" futbol kluby resmi taýdan "Spotify Kamp Nou" stadionyna dolanýandygyny yglan etdi. Abatlaýyş işleri tamamlanandan soňky ilkinji duşuşyk 2025-nji ýylyň 10-njy awgustynda - her ýyl geçirilýän Joan Gamper Kubogynyň çäginde geçiriler
UEFA «Barselona» klubuna salan iň ýokary jerimesini üç esse azaldar we synag möhletini berer
14.06.2025 11:22
9.5k+

UEFA «Barselona» klubuna salan iň ýokary jerimesini üç esse azaldar we synag möhletini berer

«Barselona» maliýe hasabatyndaky düzgün bozulmalar bilen baglylykda, UEFA bilen jezany ýeňilleşdirmek boýunça ylalaşdy. «Diario Sport» neşiriniň maglumatlaryna görä, UEFA klubuň maliýe hasabatyndaky nädogry maglumatlar sebäpli salynjak jerimesini 60 million ýewrodan, takmynan, 20 million ýewro çenli peselder
Transfermarkt La Liga klublarynyň düzüm bahalaryny täzeledi: “Real” – birinji, “Barselona” – ikinji
11.06.2025 22:36
8.9k+

Transfermarkt La Liga klublarynyň düzüm bahalaryny täzeledi: “Real” – birinji, “Barselona” – ikinji

Transfermarkt portaly ispan La Ligasynyň klublarynyň düzümleriniň bahalary boýunça maglumatlary täzeledi. Reýtingde birinji orny oýunçylarynyň umumy bahasy 1,33 mlrd ýewro bolan Madridiň “Realy” eýeledi. “Barselona” 1,07 mlrd ýewro bilen ikinji orunda ýerleşdi
“Real” öz stadionyna bagyşlanan dizaýn bilen 2025/26 möwsüminiň eşik toplumyny görkezdi
11.06.2025 12:13
8.3k+

“Real” öz stadionyna bagyşlanan dizaýn bilen 2025/26 möwsüminiň eşik toplumyny görkezdi

Madridiň “Realy” adidas tarapyndan taýýarlanan 2025/26 möwsüminiň öý eşik toplumyny görkezdi. Dizaýn “Santýago Bernabeu” stadionynyň taryhyndan ylham alyp, klubuň mahsus reňklerini döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrýar
Raul “Realyň” ýaşlar toparynyň tälimçisi wezipesinden aýryldy
28.05.2025 13:49
9.6k+

Raul “Realyň” ýaşlar toparynyň tälimçisi wezipesinden aýryldy

Raul “Realyň” ýaşlar topary bolan “Kastilýanyň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi. 47 ýaşly hünärmen topara alty ýyl ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Kastilýa” 2019/20 möwsüminde UEFA-nyň Ýaşlar ligasynda ýeňiji boldy
Ýamal “Barselona” bilen şertnamany 2031-nji ýyla çenli uzaltdy
28.05.2025 12:34
7.5k+

Ýamal “Barselona” bilen şertnamany 2031-nji ýyla çenli uzaltdy

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal katalon kluby bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň saýtynda habar berilýär.  17 ýaşly futbolçy bilen täze şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder
Habi Alonso resmi taýdan "Reala" bellenildi, "Baýerde" onuň ýerine Erik ten Hag geçdi
25.05.2025 23:51
10k+

Habi Alonso resmi taýdan "Reala" bellenildi, "Baýerde" onuň ýerine Erik ten Hag geçdi

Habi Alonso Madridiň "Realynyň" täze baş tälimçisi boldy. 43 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2028-nji ýylyň tomsuna çenli dowam eder. Ol wezipesine 1-nji iýunda girişer. 2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri Alonso Lewerkuzeniň "Baýer" toparynyň baş tälimçisi bolup işledi
“Barselona” Flik bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
22.05.2025 11:55
6.9k+

“Barselona” Flik bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

“Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hans-Diter Flik bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. Ilkibaşdaky şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi. Täze şertlere görä, germaniýaly hünärmen bu wezipede 2026/27 möwsüminiň ahyryna çenli galar
“Barselona” toý tutýar: ýeňiş ýörişi 670 müň adamy ýygnady
17.05.2025 16:42
14k+

“Barselona” toý tutýar: ýeňiş ýörişi 670 müň adamy ýygnady

16-njy maýda agşam “Barselona” futbol kluby şäheriň köçeleri bilen çempionlyk ýörişini geçirdi. Oýunçylar we tälimçiler ştaby üsti açyk iki gatly awtobusda Kataloniýanyň paýtagtyna aýlandy. Ýöriş ýerli wagt bilen sagat 18:00-da başlady
“Barselona” 28-nji gezek futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony boldy
16.05.2025 10:48
11k+

“Barselona” 28-nji gezek futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony boldy

“Barselona” Ispaniýanyň çempionatynda möhletinden öň ýeňiji boldy. La Liganyň 36-njy tapgyrynyň myhmançylykda geçirilen oýnunda topar “Espanýoly” 2:0 hasabynda utdy. Duşuşygyň 53-nji minutynda Lamin Ýamal gol geçirdi, goşulan wagtyň 6-njy minutynda bolsa Fermin Lopes tapawutlandy
“Real” möwsümiň ilkinji 6 aýynda 589,8 mln ýewro gazandy
29.03.2025 10:17
5.5k+

“Real” möwsümiň ilkinji 6 aýynda 589,8 mln ýewro gazandy

Madridiň “Realy” häzirki möwsümiň ilkinji alty aýynda, ýagny 2024-nji ýylyň iýul aýyndan dekabr aýy aralygynda 589,8 mln ýewro gazandy. Bu geçen möwsümiň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27,9% köpdür diýip, As
"Real" "Bernabeuda" geçiren her duşuşygynda 10 mln ýewro gazanýar: möwsümde 307 mln ýewro
11.02.2025 14:29
7.8k+

"Real" "Bernabeuda" geçiren her duşuşygynda 10 mln ýewro gazanýar: möwsümde 307 mln ýewro

“Santýago Bernabeu” stadiony Madridiň “Realy” üçin möhüm girdeji çeşmesi bolmagynda galýar. Marca neşiriniň maglumatlaryna görä, stadion 2023/24 möwsüminde kluba 307 million ýewro getirdi. Görkezilen mukdar oýun
Florentino Peres Madridiň “Realynyň” prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy
20.01.2025 18:42
7.4k+

Florentino Peres Madridiň “Realynyň” prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

Madridiň “Realynyň” ýolbaşçysy Florentino Peres klubuň prezidenti hökmünde ýedinji möhlete gaýtadan saýlandy. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi. “Realyň” häzirki prezidenti öz wezipesini 2029
“Barselona” “Kamp Nou” stadionyndaky VIP orunlaryny 100 mln ýewro satdy
18.01.2025 23:22
8k+

“Barselona” “Kamp Nou” stadionyndaky VIP orunlaryny 100 mln ýewro satdy

“Barselona” futbol kluby “Kamp Nou” stadionyndaky 475 VIP orny satdy. Ýakyn Gündogardan iki maýadarlar topary bilen baglaşylan şertnama kluba 100 mln ýewro getirer diýlip, klubuň beýanynda aýdylýar. “Barselona
"Barselona" 5:2 hasabynda "Realy" utup, Ispaniýanyň Superkubogyny aldy
13.01.2025 02:19
13k+

"Barselona" 5:2 hasabynda "Realy" utup, Ispaniýanyň Superkubogyny aldy

Ispaniýanyň futbol boýunça Superkubogy ugrundaky final duşuşygynda "Barselona" "Realy" 5:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Saud Arabystanynda geçirildi. Katalon klubunyň düzüminde gollary Lamin Ýamal (22
Ýylyň ilkinji El-Klasikosy ýakynlaşýar: haçan we nirede görmeli?
10.01.2025 16:57
12k+

Ýylyň ilkinji El-Klasikosy ýakynlaşýar: haçan we nirede görmeli?

Öňümizdäki dynç günleri Ispaniýanyň Superkubogynyň final oýny bilen tamamlanar. Kubok üçin Madridiň “Realy” we “Barselona” göreşer. Oýun 13-nji ýanwara geçilýän gije sagat 00:00-da başlar we “Матч ТВ” telekanalynda göni
“Barselona” Olmo bilen Wiktory möwsümiň ikinji bölegi üçin hasaba almaga wagtlaýyn rugsat aldy
09.01.2025 17:56
9.3k+

“Barselona” Olmo bilen Wiktory möwsümiň ikinji bölegi üçin hasaba almaga wagtlaýyn rugsat aldy

“Barselona” ýarymgoragçysy Dani Olmony we hüjümçisi Pau Wiktory hasaba almak üçin wagtlaýyn ygtyýarnama aldy. Olar indi möwsümiň galan böleginde klub üçin çykyş edip bilerler. Patyşalyk ispan futbol federasiýasy
Madridiň “Realynda” klubuň prezidentini saýlamak işleri başlandy
09.01.2025 16:06
7.6k+

Madridiň “Realynda” klubuň prezidentini saýlamak işleri başlandy

Madridiň “Realynda” klubuň prezidentini saýlamak işleri başlandy. Klubuň resmi saýtynda täze prezidentiň ýanwar aýynyň ahyryna çenli bellenjekdigi habar berilýär. “Prezident şu gün geçirilen müdirler geňeşiniň
“Barselonanyň” Dani Olmony we Pau Wiktory hasaba almak arzasy ret edildi
05.01.2025 23:00
5.7k+

“Barselonanyň” Dani Olmony we Pau Wiktory hasaba almak arzasy ret edildi

Patyşalyk ispan futbol federasiýasy (RFEF) düzgün çäklendirmeleri sebäpli “Barselonanyň” 2024/2025 möwsüminiň ikinji bölegi üçin Dani Olmony we Pau Wiktory hasaba alyp bilmejekdigini tassyklady. RFEF bilen La Liganyň
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.