Transfermarkt La Liga klublarynyň düzüm bahalaryny täzeledi: “Real” – birinji, “Barselona” – ikinji

11.06.2025, 22:368,931

Transfermarkt portaly ispan La Ligasynyň klublarynyň düzümleriniň bahalary boýunça maglumatlary täzeledi. Reýtingde birinji orny oýunçylarynyň umumy bahasy 1,33 mlrd ýewro bolan Madridiň “Realy” eýeledi. “Barselona” 1,07 mlrd ýewro bilen ikinji orunda ýerleşdi.

Üçlügi Madridiň “Atletikosy” jemledi. Klubuň düzüminiň umumy bahasy 505,7 mln ýewro barabar. Dördünji orunda 365,4 mln ýewro bilen Bilbaodan “Atletik” ýerleşýär.

Transfermarkt boýunça La Liga klublarynyň düzümleriniň umumy bahasy (2025-nji ýylyň iýuny):

  1. Madridiň “Realy” – €1,33 mlrd
  2. “Barselona” – €1,07 mlrd
  3. Madridiň “Atletikosy” – €505,7 mln
  4. Bilbao “Atletik” – €365,4 mln
  5. “Real Sosýedad” – €331,1 mln
  6. “Wilýarreal” – €246,4 mln
  7. “Betis” – €209,3 mln
  8. “Walensiýa” – €207,7 mln
  9. “Sewilýa” – €151,4 mln
  10. “Žirona” – €147,2 mln
  11. “Las-Palmas” – €114,4 mln
  12. “Espanýol” – €111,2 mln
  13. “Selta” – €108,5 mln
  14. “Osasuna” – €107,2 mln
  15. “Hetafe” – €82,55 mln
  16. “Malýorka” – €80,4 mln
  17. “Alawes” – €76,1 mln
  18. “Raýo Walýekano” – €64,9 mln
  19. “Leganes” – €41,2 mln
  20. “Walýadolid” – €38,36 mln.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.