Saýlanan şäher
14 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
filmler we multfilmler
Baş sahypa
/
Habarlar
/
filmler we multfilmler
26.07.2025 14:46
5.7k+
“Mortal Kombat 2” filminiň treýleri rekord goýdy
“Mortal Kombat 2” filminiň treýleri wideolaryň Red Band wersiýalarynyň arasynda tomaşa sany boýunça täze rekord goýdy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, wideonyň ýaş çäklendirmesi bolan wersiýasy ilkinji 24 sagatda 106,8 mln tomaşa ýygnady
26.07.2025 12:27
2.1k+
82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň programmasy yglan edildi
82-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň programmasy yglan edildi. Şu ýyl kinofestiwal 27-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Lido adasynda geçiriler. Esasy bäsleşige Jim Jarmuş (Kaka Eje Uýa Dogan / Отец Мать
24.07.2025 16:33
7.1k+
“28 ýyl soň” horrory 29-njy iýulda onlaýn görnüşde çykar
Režissýor Denni Boýluň apokalipsisden soňky waka barada “28 ýyl soň” (28 лет спустя) zombi-horrory 29-njy iýulda daşary ýurt sanly platformalarynda çykar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi. Filmiň sýužeti “gahar wirusy” epidemiýasy sebäpli galan dünýäden üzňeleşdirilen Beýik Britaniýada ýaýbaňlanýar
24.07.2025 14:52
5.1k+
Marvel Galaktusyň şekilindäki uly patrak bedresi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Marvel filmlerinden zalym Galaktusyň şekilindäki patrak bedresi häzire çenli kinoteatrlarda satylan şeýle bedreleriň arasynda iň ulusy diýlip ykrar edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär
24.07.2025 14:26
4.4k+
“Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ahyrky bölümi 19-njy awgustda onlaýn çykar
“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan üç aýdan soň, 19-njy awgustda sanly platformalarda elýeterli bolar. Meşhur franşizanyň baş keşbi Tom Kruzyň ýerine ýetirmegindäki sekizinji filmi, takmynan, 400 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 589 mln dollar ýygnady
24.07.2025 14:23
2.3k+
“Lilo we Stiç” onlaýn görkezilip başlandy
Disney-iň “Lilo we Stiç” multfilminiň kinoremeýki onlaýn kinoteatrlarda elýeterli boldy. Ozal film 2025-nji ýylyň dünýä prokatynda 1 mlrd dollardan köp gazanan ilkinji golliwud taslamasy bolupdy. Sýužet başga planetadan gelen jandar bilen gawaýili gyzyň dostlugy barada gürrüň berýär
24.07.2025 14:12
2k+
“South Park” multserialyny döredijiler Paramount bilen 1,5 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy
“Günorta Seýilgäh” (South Park) multserialyny döredijiler Treý Parker we Mett Stoun Paramount+ bilen 1,5 mlrd dollarlyk bäşýyllyk şertnama baglaşdy. Los Angeles Times-yň çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, kompaniýa her ýyl multserialy ýaýlyma bermek we täze bölümleri çykarmak hukuklary üçin 300 mln dollar tölär
24.07.2025 10:36
4.4k+
“Awatar: Ot we kül” filminiň ilkinji posteri hödürlendi. Premýera – 19-njy dekabrda
Disney “Awatar: Ot we kül” (Аватар: Огонь и пепел) filminiň ilkinji posterini hödürledi. Bu Jeýms Kemeronyň epiki wakasynyň üçünji bölümidir. Studiýa filmiň tizeriniň 25-nji iýulda “Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” filminiň premýerasynda görkeziljekdigini habar berdi
22.07.2025 09:46
6.2k+
“Supermen”, “Ýura eýýamynyň dünýäsi 4” we “Formula-1” prokatda öňdebaryjylygy saklaýar
Täzelenen DC äleminiň ilkinji blokbasteri “Supermen” iki hepdäniň içinde kassa ýygymy boýunça Marvel-iň soňky filminden öňe geçdi. THR-iň maglumatlaryna görä, ikinji dynç günleri kinokomiks ABŞ-da 57,2 mln dollar ýygnady – bu birinji uik-end bilen deňeşdirilende 54% azdyr
21.07.2025 23:40
3.9k+
DiKaprio Netflix üçin supergahryman-ekolog barada “Kapitan Planeta” serialyna prodýuserlik eder
Leonardo DiKaprio Netflix üçin “Kapitan Planeta” serialynyň ýerine ýetiriji prodýuseri bolar. Taslama aktýor tarapyndan esaslandyrylan Appian Way prodakşn-kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýär diýip, Deadline neşiri ýazýar
21.07.2025 18:58
2.7k+
Wenesiýa kinofestiwaly 2025-iň emin agzalarynyň düzümi yglan edildi
Wenesiýa kinofestiwalynyň müdirligi 82-nji biennaleniň emin agzalarynyň düzümini yglan etdi. Kinofestiwal 2025-nji ýylyň 27-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçiriler diýip, Variety ýazýar. Esasy emin agzalarynyň ýolbaşçysy režissýor Aleksandr Peýn (“Galdyrylanlar”/Оставленные) bolar
21.07.2025 18:44
6k+
Marvel Demir adamyň roluna täze aktýor gözleýär
Marvel Studios-yň ýolbaşçysy Kewin Faýgi Demir adamyň roluny ýakyn wagtda başga bir aktýoryň ýerine ýetirip biljekdigini aýtdy. Bu barada Variety habar berýär. 2008-nji ýyldan bäri supergahryman Demir adama öwrülýän Toni Starkyň keşbini ekranda Robert Dauni-kiçi janlandyryp gelýärdi
21.07.2025 13:12
3k+
“Möý adam: Älemden daşary” multfilminiň premýerasy 2027-nji ýylyň 25-nji iýunyna süýşürildi
“Möý adam: Älemden daşary” (Человек-паук: За пределами Вселенной) animasion filminiň premýerasy 2027-nji ýylyň 25-nji iýunyna süýşürildi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Multfilm eýýäm birnäçe gezek yza süýşürildi
21.07.2025 12:09
3.8k+
Billi Aýliş we Jeýms Kemeron “üýtgeşik” 3D taslamasynyň üstünde işleýär
Billi Aýliş režissýor Jeýms Kemeron bilen täze taslamanyň üstünde işläp başlandygyny habar berdi. Aýdymçy bu barada Mançesterdäki dört konsertiniň biriniň dowamynda aýtdy diýip, Variety ýazýar. Aýliş bu şäherdäki çykyşynyň surata düşüriş prosesiniň bir bölegi boljakdygyny belledi
20.07.2025 18:17
8.8k+
“Mortal Kombat 2” filminiň ilkinji treýleri çykdy
Warner Bros. studiýasy Mortal Kombat wideo oýunlary boýunça düşürilen filmiň dowamynyň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol “Mortal Kombat 2” adyny aldy. Wideodan görnüşi ýaly, täze bölümiň merkezi gahrymany Jonni Keýj boldy
20.07.2025 18:14
3.4k+
Netflix Assassin’s Creed oýunlary boýunça serialy önümçilige goýberýär
Netflix meşhur Assassin’s Creed oýun seriýasynyň äheňinde serial düşürip başlandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Taslama bilen şourannerler we ýerine ýetiriji prodýuserler Roberto Patino bilen Dewid Winner meşgullanýar
20.07.2025 18:12
3.8k+
“Ýetginjeklik döwri” we “Ýene hereketde” 2025-nji ýylda Netflix-de iň köp tomaşa edilýän taslamalar boldy
“Ýetginjeklik döwri” (Переходный возраст) mini-serialy we “Ýene hereketde” (Снова в деле) filmi 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Netflix-iň iň köp tomaşa edilýän taslamalary boldy. Bu barada Variety habar berýär
20.07.2025 13:57
4.1k+
“Kalmar oýny” Netflix-e çärýek girdejisi boýunça rekord goýmaga kömek etdi
2025-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça Netflix akym hyzmaty üçin rekord 11,08 mlrd dollar girdeji barada hasabat berdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16% köpdür. Netijä, esasan, hyzmatyň iň meşhur iňlis dilli däl taslamasy bolan “Kalmar oýnunyň” ahyrky möwsüminiň çykmagy täsir etdi
20.07.2025 13:55
2.2k+
“Ýyldyz söweşlerinden” Dart Weýderiň lazer gylyjy auksiona çykarylar
“Ýyldyz söweşleri: Imperiýa jogap urgusyny berýär” (Звездные войны: Империя наносит ответный удар) we “Jedaýyň gaýdyp gelmegi” (Возвращение джедая) filmlerinde ulanylan Dart Weýderiň şöhle gylyjy Los-Anjelesde auksiona çykarylar
20.07.2025 13:42
2.2k+
Netflix filmlerinde we seriallarynda käbir sahnalary emeli aň arkaly döredýär
Netflix filmleriň we seriallaryň önümçiliginde generatiw emeli aňdan peýdalanyp başlady. Munuň ilkinji mysaly Argentinanyň “Eternawt” (El Eternauta) ylmy-fantastiki serialy boldy. Onuň ahyrky kadrlary doly derejede neýroulgam tarapyndan döredildi
20.07.2025 13:36
3.6k+
Indiana Jonsuň gamçysy auksionda ýarym million dollara satyldy
Heritage Auctions auksionynda “Indiana Jons we soňky haçly ýöriş” (Индиана Джонс и последний крестовый поход) filmindäki gamçy 525 müň dollara satyldy. Bu barada Associated Press agentligi habar berdi. “Gamçy – kino taryhynda rowaýaty gahrymanyň, Indiana Jonsuň belli nyşanydyr we ol bu auksionyň esasy wakasyna öwrüldi” – diýip, Heritage Auctions-yň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Jo Maddalena belledi
19.07.2025 13:37
6.8k+
Nolanyň “Odisseýa” filmi bir ýyldan çykýandygyna garamazdan, eýýäm $1,5 mln ýygnady
Universal studiýasy Kristofer Nolanyň “Odisseýa” filminiň IMAX görkezilişi üçin onuň premýerasyndan bir ýyl öň petek satyp başlady. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirilýär. Bu kino taryhynda film üçin petekleriň ilkinji gezek şeýle ir elýeterli bolmagydyr
19.07.2025 07:16
6.9k+
“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy
“The Fast and the Furious: Tokyo Drift” (Тройной форсаж: Токийский дрифт) filminden meşhur Mazda RX-7 Gudwuddaky Tizlik festiwalynyň çäklerinde geçirilen Bonhams auksionynda satyldy. Ahyrky baha 911 müň funt sterling – takmynan, 1,2 mln dollar boldy
19.07.2025 06:53
2.9k+
Pixar täze “Bökegenler” multfilminiň tizer-treýlerini çykardy
Pixar studiýasynyň YouTube kanalynda “Bökegenler” (“Hoppers”) animasion filminiň tizer-treýleri hödürlendi. Multfilmiň 2026-njy ýylyň 6-njy martynda çykmagyna garaşylýar. Sýužet täze oýlap tapyşyň kömegi bilen öz aňyny mehaniki samyra oturdýan Meýbl atly gyz barada gürrüň berýär
19.07.2025 06:37
1.7k+
Raýan Gosling we Uill Ferrell “Bet oglanlar” ekşn-komediýasynda düşer
Raýan Gosling we Uill Ferrell täze “Bet oglanlar” (“Tough Guys”) ekşn-komediýasyna gatnaşar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, film Amazon MGM Studios tarapyndan çykarylar. Sýužet jenaýat işlerinde ulanylyp, taşlanmakdan bizar bolan iki ýoldaş barada gürrüň berer
18.07.2025 19:22
4.1k+
“Lilo we Stiç” 2025-nji ýylyň 1 mlrd kassa ýygymyna ýeten ilkinji golliwud filmi boldy
“Lilo we Stiç” multfilminiň kinoremeýki dünýä prokatynda 1 mlrd dollar ýygnap, 2025-nji ýylda şeýle netijä ýeten ilkinji golliwud filmi boldy. Variety neşiriniň habar bermegine görä, film Demirgazyk Amerikada 416 mln dollar we halkara bazarlarynda 584 mln dollar gazandy
17.07.2025 17:34
2.8k+
“Emmi-2025” baýragyna dalaşgärler yglan edildi
77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylda baýraga dalaşgärleri yglan etdi. Bu barada Variety habar berýär. Iň köp nominasiýany “Bölünişik” (Разделение, 27) we “Kinostudiýa” (23) seriallary aldy
17.07.2025 17:25
3.6k+
HBO "Biziň iň soňkymyz" serialynyň üçünji möwsüminiň 2027-nji ýylda çykjakdygyny tassyklady
HBO-nyň we HBO Max-yň kontent boýunça ýolbaşçysy Keýsi Bloýs The Last of Us (“Biziň iň soňkymyz”) serialynyň üçünji möwsüminiň 2027-nji ýylda çykjakdygyny habar berdi. Bu täze möwsümiň çykjak senesiniň ilkinji resmi tassyklamasy boldy diýip, Variety habar berýär
16.07.2025 17:43
4.8k+
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” kinoremeýki onlaýn çykdy
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filmi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan bir ýarym aý soň onlaýn görnüşde çykdy. Film öz taýpasy wikingleriň aždarhalar bilen tükeniksiz söweşinden ýadan ýetginjek Ikkingiň (Hiccup) wakasyny gürrüň berýär
16.07.2025 13:39
3.9k+
Endrýu Garfild OpenAI kompaniýasyndaky dawa baradaky filmde Sem Altmanyň keşbini oýnar
“Möý adam” filminiň ýyldyzy Endrýu Garfild täze “Emeli” (Artificial) dramedisinde Sem Altmanyň keşbini ýerine ýetirer. Filme Luka Guadanino režissýorlyk eder diýip, Variety habar berýär. OpenAI-iň egindeş esaslandyryjysy we baş ylmy işgäri Ilýa Suskeweriň keşbini Ýura Borisow oýnar
15.07.2025 17:47
7k+
HBO Garri Potter barada serialy düşürip başlady we baş gahrymanyň ilkinji suratyny görkezdi
Beýik Britaniýada Warner Bros. studiýasynda ýaş jadygöý Garri Potter barada serial surata düşürilip başlandy. J. K. Roulingiň ýedi kitabyny öz içine aljak serialyň premýerasy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär diýip, Warner Bros
15.07.2025 14:50
3.7k+
Jeýms Gannyň “Supermen” filmi soňky 8 ýylda DC-niň iň üstünlikli taslamasy boldy
Jeýms Gannyň režissýorlyk etmegindäki “Supermen” filmi dünýä prokatyna soňky sekiz ýylda DC Studios üçin iň gowy kassa ýygymlary bilen başlady diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Premýera güni film, deslapky görkezişleri hasaba almazdan, 56,5 mln dollar gazandy
14.07.2025 18:18
3k+
“Lilo we Stiç” golliwud filmlerinden ilkinji bolup milliarda has golaýlady
Disney studiýasynyň “Lilo we Stiç” remeýki ýedi hepdäniň dowamynda 994,2 mln dollar ýygnady. Häzirki dinamikany göz öňünde tutsaň, “Lilo we Stiç” Hytaýyň “Neçža 2” animasiýasyndan soň, 1 mlrd dollardan geçjek ilkinji film bolup biler diýip, The Wrap neşiri habar berýär
14.07.2025 11:01
4.7k+
Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” filminiň dowamyny düşürmekden ýüz öwürdi
Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” (Дом у дороги) uruşly filminiň dowamyny düşürmez. Režissýoryň gitmeginiň sebäbi görkezilmeýär diýip, Variety ýazýar. Riçi şu ýylyň ýazynda filmiň dowamynyň üstünde işlemäge goşulypdy. Filmde Jeýk Jillenhol we Deýw Batista oýnar
11.07.2025 19:19
6.1k+
“Muzeýdäki gije” komediýasy täze wakalar we gahrymanlar bilen täzeden düşüriler
20th Century studiýasy meşhur “Muzeýdäki gije” (Ночь в музее) franşizasyny täzeden başlamagyň üstünde işleýär. Täze komediýanyň çykjak senesi heniz belli däl diýip, Variety ýazýar. Sýužet hem gizlin saklanýar, ýöne wakanyň gije eksponatlaryň janlanýan şol bir muzeýinde bolup geçjekdigi belli
11.07.2025 14:42
5k+
Jeýms Gannyň “Supermen” filmi dünýä prokatyna çykdy
11-nji iýuldan dünýä kinoteatrlarynda Jeýms Gannyň “Supermen” filmi görkezilip başlandy. Bu režissýoryň gözegçilik etmegindäki täzelenen DC kinoäleminiň ilkinji filmidir. Film Klark Kentiň ýaşlygy we onuň gahryman hökmünde kemala gelşi barada gürrüň berýär
09.07.2025 19:53
5.2k+
“Alaňyň” üçünji bölümi düşürilip başlandy. Filmiň resmi ady yglan edildi
Legendary studiýasy “Alaňyň” üçünji bölüminiň düşürilip başlanandygyny habar berdi. Deni Wilnýowyň ylmy-fantastiki wakasynyň üçünji filmi “Alaň: Üçünji bölüm” (Dune: Part Three) adyny aldy. Taslama bu at bilen kino auditoriýasy barada maglumatlary ýygnamak we seljermek bilen meşgullanýan Rentrak analitiki kompaniýasynyň bazasynda peýda boldy
09.07.2025 19:37
2.1k+
“Garfild kinoda” multfilminiň dowamy çykar
Sony Pictures we Alcon Entertainment kompaniýalary “Garfild kinoda” multfilminiň dowamyny taýýarlamak işleriniň başlanandygyny habar berdi. Gürleýän pişige ýene-de Kris Pratt ses berer. Multfilmiň dowamyny düşürmek işleri birinji bölüm çykandan bir ýyldan gowrak wagt soň tassyklandy
09.07.2025 14:16
3.9k+
Trump Media kompaniýasy Netflix-iň bäsdeşi boljak Truth+ akym hyzmatyny işe girizdi
Trump Media kompaniýasy özüniň Truth+ akym hyzmatynyň dünýä derejesinde işe başlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda platformadaky göni ýaýlymlar we wideo mazmun mugt elýeterlidir. Abuna ýazylmak barada maglumat ýok diýip, Reuters ýazýar
09.07.2025 12:26
2.6k+
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filmi 15-nji iýulda Internetde çykar
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filminiň remeýkiniň sanly görnüşi 15-nji iýulda Internetde çykar diýip, When to Stream neşiri ýazýar. Onlaýn görnüşdäki premýerasy film kinoteatrlarda görkezilenden bir aý soň bolar
«
1
…
16
17
18
…
40
»
«
1
…
13
14
15
16
17
18
19
20
21
…
40
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.