“Ýetginjeklik döwri” we “Ýene hereketde” 2025-nji ýylda Netflix-de iň köp tomaşa edilýän taslamalar boldy

20.07.2025, 18:123,899

“Ýetginjeklik döwri” (Переходный возраст) mini-serialy we “Ýene hereketde” (Снова в деле) filmi 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Netflix-iň iň köp tomaşa edilýän taslamalary boldy. Bu barada Variety habar berýär.

Kemeron Diasyň we Jeými Foksuň gatnaşmagyndaky “Ýene hereketde” filmi ýanwar aýynda çykdy we 165 mln tomaşaçyny özüne çekdi. Dört bölümden ybarat “Ýetginjeklik döwri” serialy bolsa mart aýynda görkezildi we 145 mln adam ýygnady.
Şeýle-de, tomaşa boýunça ilkinji onluga “Kalmar oýny” (Игра в кальмара) we “Gara aýna” (Черное зеркало) seriallarynyň täze möwsümleri girdi. Umuman alanyňda, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Netflix ulanyjylary kontent görmek üçin 95 mlrd sagat sarp etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1% köpdür. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.