filmler we multfilmler

Skorseze we DiKaprio “Karfagen ýegsan edilmeli” filmine prodýuserlik eder
31.05.2025 11:09
3.1k+

Skorseze we DiKaprio “Karfagen ýegsan edilmeli” filmine prodýuserlik eder

Martin Skorseze bilen Leonardo DiKaprio “Karfagen ýegsan edilmeli” (Карфаген должен быть разрушен) atly täze uruşly filme prodýuserlik eder. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Film üçin ssenarini “Ouşeniň on bir dosty” (Одиннадцать друзей Оушена) filminiň awtory hökmünde tanalýan Ted Griffin ýazdy
Jeki Çan karate boýunça gara guşagyň eýesi boldy
31.05.2025 11:03
10k+

Jeki Çan karate boýunça gara guşagyň eýesi boldy

Gonkongly aktýor Jeki Çan karate boýunça gara guşak aldy. Dabara Nýu-Ýorkda “Karateçi oglanjyk: Ussatlar” (Каратэ-пацан: Легенды) filminiň premýerasy wagtynda geçirildi diýip, Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) saýtynda habar berildi
“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” horror-franşizanyň iň köp girdeji gazanan bölümi boldy
30.05.2025 16:57
7.4k+

“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” horror-franşizanyň iň köp girdeji gazanan bölümi boldy

“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) filmi meşhur horror-franşizanyň iň girdejili bölümi boldy. Filmiň dünýädäki kassa ýygymy 189 mln dollardan geçdi. Muny BoxOfficeMojo portalynyň maglumatlary delillendirýär
The Last of Us serialynyň ikinji möwsümi finala çenli tomaşaçylarynyň ýarysyny ýitirdi
29.05.2025 08:00
5.7k+

The Last of Us serialynyň ikinji möwsümi finala çenli tomaşaçylarynyň ýarysyny ýitirdi

The Last of Us (“Biziň birimiz”) serialynyň ikinji möwsümiň final bölümine 3,7 mln adam tomaşa etdi. Bu birinji möwsümiň ahyrky bölümine tomaşa edenlerden iki esse azdyr diýip, The Wrap habar berýär. Maglumatlar HBO teleýaýlymynyň we Max akym hyzmatynyň auditoriýasyny göz öňünde tutýar
HBO täze serial üçin Garri Potteri, Rony we Germionany saýlady
28.05.2025 12:36
6.8k+

HBO täze serial üçin Garri Potteri, Rony we Germionany saýlady

HBO Garri Potter baradaky geljekki serial üçin baş keşpleri ýerine ýetirjek aktýorlary saýlady. Baş gahrymany Dominik Maklaflin, onuň dostlary Ron Uizli bilen Germiona Greýnjeri – Alaster Staut we Arabelle Stenton ýerine ýetirer diýip, Warner Bros
“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” franşizada iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi
27.05.2025 10:16
4.5k+

“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” franşizada iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi

Tom Kruz bilen “Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi franşizanyň taryhynda iň gowy kassa başlangyjyny görkezdi. Collider neşiriniň maglumatlaryna görä, sekizinji bölüm dünýä prokatynda 190 mln dollar ýygnady
«Lilo we Stiç» filmi ABŞ-da ilkinji görkezilişde rekord girdeji gazandy
27.05.2025 09:49
4.2k+

«Lilo we Stiç» filmi ABŞ-da ilkinji görkezilişde rekord girdeji gazandy

«Lilo we Stiç» filmi ABŞ-da prokatyň ilkinji dört gününde 183 million dollar girdeji gazandy we premýera uik-endinde kassa girdejeleri boýunça täze rekord goýdy. Ozalky rekord «Paramount» studiýasy tarapyndan surata düşürilen «Top Gan: Mewerik» filmine degişlidi, ol 160,5 million dollar girdeji gazanypdy
Netflix “Da Winçiniň koduny” döredijiniň Robert Lengdon hakyndaky täze romanyny ekranlaşdyrýar
26.05.2025 17:01
1.5k+

Netflix “Da Winçiniň koduny” döredijiniň Robert Lengdon hakyndaky täze romanyny ekranlaşdyrýar

Netflix akym hyzmaty Den Braunyň “Syrlaryň syry” (“The Secret of Secrets”) romanynyň ekranlaşdyryljakdygyny bildiriş etdi. Bu Garwardyň professory, simwolika boýunça hünärmen we “Da Winçiniň kodunyň” baş gahrymany Robert Lengdon hakdaky altynjy kitapdyr diýip, Deadline habar berýär
Disney täze «Ar alyjylar» filmleriniň çykarylyşyny yza süýşürýär
25.05.2025 23:37
4.9k+

Disney täze «Ar alyjylar» filmleriniň çykarylyşyny yza süýşürýär

«Disney» mediakorporasiýasy «Ar alyjylar: Kyýamat güni» («Avengers: Doomsday») we «Ar alyjylar: Gizlin uruşlar» («Avengers: Secret Wars») filmleriniň çykarylyşyny yza süýşürdi diýip, «Variety» neşiri habar berýär
Lýuis Hemiltonyň kinokompaniýasy üç sany täze filmiň üstünde işleýär
25.05.2025 23:35
4.6k+

Lýuis Hemiltonyň kinokompaniýasy üç sany täze filmiň üstünde işleýär

Monakonyň Monte-Karlo sebitinde geçirilen «Formula-1» filminiň ýapyk görkezilişinden soň, prodýuser we geňeşçi hökmünde çykyş eden, ýedi gezek dünýä çempiony bolan meşhur ýaryşçy Lýuis Hemilton öz uly maksatly meýilnamalaryny paýlaşdy diýip, «The Guardian» ýazýar
Google aktýorsyz film döretmek üçin Flow EA guralyny hödürledi
25.05.2025 23:15
2.7k+

Google aktýorsyz film döretmek üçin Flow EA guralyny hödürledi

Google teksti hakyky filmlere öwürýän täze Flow EA guralyny işe girizdi. Hyzmat aktýorlar, surata düşüriji topar, sahna bezegleri we adaty önümçilik bolmazdan kino döretmäge mümkinçilik berýär. Flow diňe ABŞ-da elýeterli
«The Last of Us» serialynyň üçünji möwsümi Ebbiniň hekaýasyny gürrüň berer
25.05.2025 19:36
2.2k+

«The Last of Us» serialynyň üçünji möwsümi Ebbiniň hekaýasyny gürrüň berer

«The Last of Us» («Biziň iň soňkymyz») serialynyň üçünji möwsüminde üns merkezinde Keýtlin Diwer tarapyndan ýerine ýetirilýän Ebbiniň keşbi bolar. Bu barada serialyň ikinji möwsüminde psihoterapewt Geýliň keşbini ýerine ýetiren aktrisa Ketrin O’Hara gürrüň berdi
«Kalmar oýnunyň» awtory serialyň soňky möwsümi barada gürrüň berdi
25.05.2025 19:33
4.6k+

«Kalmar oýnunyň» awtory serialyň soňky möwsümi barada gürrüň berdi

«Kalmar oýny» serialynyň awtory Hwan Don-hýogyň aýtmagyna görä, üçünji möwsümde baş gahryman öňküsindenem has agyr synaglar bilen ýüzbe-ýüz bolar. Bu barada ol «Entertainment Weekly» neşirine gürrüň berdi. «Üçünji möwsümde ynsan tebigatynyň iň aşak çäklerini görkezýän oýunlar bilen tanyşdyrmak isledim
Netflix “Titan” batiskafynyň heläkçiligi hakdaky filmiň treýlerini görkezdi
25.05.2025 18:31
4.8k+

Netflix “Titan” batiskafynyň heläkçiligi hakdaky filmiň treýlerini görkezdi

Netflix “TITAN: OceanGate Disaster” (Titan: OceanGate heläkçiligi) dokumental filminiň treýlerini çykardy. Akym hyzmatynda ilkinji görkeziliş 11-nji iýunda bolar. Film 2023-nji ýylda Atlantik ummanynda bolup geçen betbagtçylygy derňeýär
Kann kinofestiwalynyň baş baýragy eýranly Jafar Panahiniň filmine berildi
25.05.2025 10:56
4.9k+

Kann kinofestiwalynyň baş baýragy eýranly Jafar Panahiniň filmine berildi

78-nji Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasyny” eýranly režissýor Jafar Panahiniň “Ýönekeý bir tötänlik” (Простая случайность) filmi aldy. Bu barada festiwalyň ýapylyş dabarasynda yglan edildi. “Ýönekeý bir tötänlik” pidalaryň we jellatlaryň arasyndaky gatnaşyk baradaky wakadyr
“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy 2026-njy ýylyň maýynda çykar
25.05.2025 10:42
2.4k+

“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy 2026-njy ýylyň maýynda çykar

Disney studiýasy “Melgun Prada geýýär” (Дьявол носит Prada) filminiň dowamynyň üstünde işleýär. Variety žurnalynyň habar bermegine görä, filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirildi. Aktýorlar düzümi heniz belli däl
Tanymal režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy barada serial düşüriler
25.05.2025 10:40
3.5k+

Tanymal režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy barada serial düşüriler

Apple TV+ režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy we döredijiligi barada dokumental serialyň çykaryljakdygyny habar berdi. Deadline neşiriniň belleýşi ýaly, “Jenap Skorseze” atly taslama bäş bölümden ybarat bolar
Kann festiwalynyň ýapyljak güni şäher çyrasyz galdy
25.05.2025 10:18
3k+

Kann festiwalynyň ýapyljak güni şäher çyrasyz galdy

Fransiýanyň Alpes Maritimes departamentinde elektrik energiýasy öçdi. Blekaut 78-nji Halkara kinofestiwalynyň geçirilýän Kann şäherine-de täsir etdi diýip, Deadline habar berýär. FranceInfo-nyň polisiýa işgärlerine salgylanyp habar bermegine görä, munuň sebäbi ýokary woltly liniýalardaky heläkçilik boldy
Kwentin Tarantino öz filmleri hakdaky kitaplaryň döredilişine gatnaşar
23.05.2025 12:08
1.2k+

Kwentin Tarantino öz filmleri hakdaky kitaplaryň döredilişine gatnaşar

Kwentin Tarantino we žurnalist Jeý Glenni režissýoryň meşhur filmleriniň döreýşi bilen baglanyşykly birnäçe kitap taýýarlaýarlar. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, Tarantino olara giriş sözlerini ýazar. Tapgyryň ilkinji kitaby "The Making of Quentin Tarantinoʼs Once Upon a Time… in Hollywood" diýlip atlandyrylar
Netflix «Clash of Clans» boýunça multserial çykarar
23.05.2025 11:11
3.1k+

Netflix «Clash of Clans» boýunça multserial çykarar

«Netflix» striming hyzmaty «Clash of Clans» mobil oýny boýunça animasion serial dörediljekdigini mälim etdi. «Variety» neşiriniň bellemegine görä, taslamanyň üstünde işlejek topar hem-de premýeranyň senesi entek belli däl
“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Gaýtadan dogluşyň” täze treýleri peýda boldy. Film 2-nji iýulda çykar
23.05.2025 09:51
3.7k+

“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Gaýtadan dogluşyň” täze treýleri peýda boldy. Film 2-nji iýulda çykar

Universal Pictures kinokompaniýasy “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Gaýtadan dogluş” filminiň ikinji treýlerini çykardy. Filmiň ilkinji görkezilişini 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda guramak meýilleşdirilýär. Filmiň sýužeti “Agalyk” filminiň wakalaryndan, takmynan, bäş ýyl soň ýaýbaňlanýar
Denzel Waşington garaşylmadyk ýagdaýda “Altyn palma şahasy” hormat baýragy bilen sylaglandy
22.05.2025 12:38
6.6k+

Denzel Waşington garaşylmadyk ýagdaýda “Altyn palma şahasy” hormat baýragy bilen sylaglandy

Amerikaly aktýor Denzel Waşingtona Kann kinofestiwalynda “Altyn palma şahasy” hormat baýragy berildi. Dabara bäsleşikden daşary görkezilen Spaýk Liniň “Jennet we dowzah” (Рай и ад) filminiň premýerasy wagtynda geçirildi
Disney “Haýwanlar şäheri-2” multfilminiň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi
22.05.2025 12:35
5.1k+

Disney “Haýwanlar şäheri-2” multfilminiň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi

Walt Disney Animation Studios-yň YouTube kanalynda “Haýwanlar şäheri-2” (Зверополис-2) multfilminiň ilkinji treýleri peýda boldy. Animasion filmiň dünýä prokatyndaky premýerasy 26-njy noýabra meýilleşdirilýär. Ikinji filmde Zootopia şäheriniň ýaşaýjylary täze howpa duçar bolýar
“Ol: Derrä hoş geldiňiz” serialynyň ilkinji treýleri peýda boldy
21.05.2025 11:25
3.2k+

“Ol: Derrä hoş geldiňiz” serialynyň ilkinji treýleri peýda boldy

HBO Max “Ol: Derrä hoş geldiňiz” (Оно: Добро пожаловать в Дерри) serialynyň – “Ol” filminiň prikweliniň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi. Onuň premýerasynyň güýzde bolmagyna garaşylýar. Serialyň wakalary režissýor Endi Muskettiniň Stiwen Kingiň romanyna esaslanan filmlerindäki wakalardan 27 ýyl öň bolup geçýär
Al Paçino Maserati-ni esaslandyryjylar hakdaky baýopikde surata düşer
20.05.2025 14:51
2.3k+

Al Paçino Maserati-ni esaslandyryjylar hakdaky baýopikde surata düşer

Al Paçino italýan awtoulag brendini esaslandyryjylara bagyşlanan “Doganlar Mazeratiler” terjimehal filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär. “Çokundyran atanyň” (“Крестный отец”) ýyldyzy 1914-nji ýylda esaslandyrylan Maserati kompaniýasynyň esasy maýadarlaryndan biri Winçenso Wakkaronyň keşbini ýerine ýetirer
Garri Potter barada täze serial düşürmek üçin Angliýada mini-şäher gurulýar
20.05.2025 10:45
9.2k+

Garri Potter barada täze serial düşürmek üçin Angliýada mini-şäher gurulýar

X sosial ulgamynda HBO-nyň “Garri Potter” serialyny düşürmäge taýýarlyk işlerinden ilkinji surat peýda boldy. Kadrda baş gahrymanyň çagalykda ýaşan ýeri bolan Privet Drive köçesindäki jaýlar görünýär. Suraty UnBoxPHD akkaunty paýlaşdy
Maýli Saýrus «Something Beautiful» täze albomy bilen baglanyşykly film çykarar. Ol kinoteatrlarda bir gün görkeziler
20.05.2025 07:16
1.9k+

Maýli Saýrus «Something Beautiful» täze albomy bilen baglanyşykly film çykarar. Ol kinoteatrlarda bir gün görkeziler

Aýdymçy Maýli Saýrus «Something Beautiful» atly täze albomy bilen bilelikde film çykarar. Aýdym-sazly film iýun aýynda diňe bir günlügine kinoteatrlarda görkeziler. Bu barada «NME» habar berýär. Filmde 30-njy maýda çykjak täze albomdan 13 kompozisiýa eşitdiriler
Tom Kruz we Ana de Armas “Çuň” atly fantastik trillere gatnaşar
19.05.2025 18:55
4.1k+

Tom Kruz we Ana de Armas “Çuň” atly fantastik trillere gatnaşar

Tom Kruz bilen Ana de Armas “Geljegiň çägi” filminiň režissýory Dag Laýmanyň täze filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Olar baş keşpleri ýerine ýetirmäge taýýarlanyp başlady we häzir film üçin zerur boljak daýwing okuw-türgenleşigini geçýär
Baş keşpde The Weeknd bilen “Iň soňky ertir” filmi tankytçylaryň nägile bolmagyna getirdi
19.05.2025 18:53
2.9k+

Baş keşpde The Weeknd bilen “Iň soňky ertir” filmi tankytçylaryň nägile bolmagyna getirdi

Günbatar metbugaty aýdymçy The Weeknd-iň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki “Iň soňky ertir” (Последнее завтра) filmini tankytlady. Trilleriň režissýory indi-kinematografiýaçy Treý Edward Şuls boldy. Ol “Tolkunlar” (Волны) dramasy we “Ol gije gelýär” (Оно приходит ночью) horrory bilen bellidir
Netflix "Gears of War" oýnunyň esasynda film çykarar
19.05.2025 18:18
2.5k+

Netflix "Gears of War" oýnunyň esasynda film çykarar

Netflix Gears of War wideo oýny esasynda doly göwrümli film çykarmagy meýilleşdirýär. Akym hyzmaty filmi surata düşürmek üçin “Kaskadýorlar”, “Gülleden ýyndam” (“Быстрее пули”) we “Dedpul 2” filmleriniň režissýory Dewid Leýtç bilen gepleşikleri geçirýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär
“Rembonyň” Wýetnamdaky uruş baradaky prikweli düşüriler
19.05.2025 17:50
4.8k+

“Rembonyň” Wýetnamdaky uruş baradaky prikweli düşüriler

Kann film festiwalynda "Rembo" filmine prikweliň dörediljekdigi yglan edildi. "Jon Rembo" diýlip atlandyrylan täze filmde Wýetnam söweşi wagtynda gahrymanyň başdan geçiren hupbatlary barada gürrüň berler. Taslama öň “Gaýduwsyzlar” (“Неудержимые”) franşizasynyň filmlerini çykaran Millennium Media kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär
“Ahyrky nokat 6” $102 mln ýygnap, franşizanyň taryhynda iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi
19.05.2025 15:00
3k+

“Ahyrky nokat 6” $102 mln ýygnap, franşizanyň taryhynda iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi

“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) ilkinji dynç günleri 102 mln dollar ýygnady diýip, Variety habar berýär. Bu horror franşizanyň ähli bölümleriniň arasynda iň gowy başlangyçdyr. Öňki rekord 2009-njy ýylda çykan dördünji filme degişlidi – 27 mln dollar
Paramount “Aang hakynda rowaýat: Iň soňky howa jadygöýi” multfilminiň relizini yza süýşürdi
18.05.2025 22:46
2.7k+

Paramount “Aang hakynda rowaýat: Iň soňky howa jadygöýi” multfilminiň relizini yza süýşürdi

“Aang hakynda rowaýat: Iň soňky howa jadygöýi” (Легенда об Аанге: Последний маг воздуха) animasion filmi garaşylandan giç çykar. Paramount reliziň 2026-njy ýylyň ýanwaryndan oktýabryna süýşürilendigini habar berdi diýip, Variety ýazýar
Nolanyň “Odisseý” filmi başdan-aýak IMAX kameralarynda surata düşürilen ilkinji film bolar
18.05.2025 16:39
4.7k+

Nolanyň “Odisseý” filmi başdan-aýak IMAX kameralarynda surata düşürilen ilkinji film bolar

Kristofer Nolanyň “Odisseýi” tutuşlygyna IMAX kameralarynda surata düşürilen ilkinji film bolar. Bu barada Kann film festiwalynda IMAX-yň baş direktory Riçard Gelfond habar berdi. Collider onuň sözlerini getirýär
Režissýor Ari Asteriň “Eddington” filmi Kann festiwalynda 7 minutlyk el çarpyşma mynasyp boldy
18.05.2025 10:12
5k+

Režissýor Ari Asteriň “Eddington” filmi Kann festiwalynda 7 minutlyk el çarpyşma mynasyp boldy

Režissýor Ari Asteriň baş keşpleri Hoakin Feniks bilen Pedro Paskalyň ýerine ýetirmegindäki “Eddington” filmi Kann kinofestiwalynda 7 minutlyk el çarpyşmalara mynasyp boldy. Bu barada Deadline portaly habar berýär
III Bişkek kinofestiwalynda Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň kino görnüşi görkeziler
17.05.2025 11:51
5.1k+

III Bişkek kinofestiwalynda Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň kino görnüşi görkeziler

2025-nji ýylyň 11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde III Halkara Bişkek kinofestiwaly geçiriler. Bu çärä beýleki ýurtlar bilen birlikde türkmenistanly kinematograflar hem gatnaşar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň filmleri boýunça bäsleşik maksatnamasyna Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň esasynda düşürilen adybir çeper film girizildi
Nintendo we Illumination indiki ýylda ýazynda Mario baradaky multfilmiň dowamyny çykarar
17.05.2025 08:25
1.4k+

Nintendo we Illumination indiki ýylda ýazynda Mario baradaky multfilmiň dowamyny çykarar

Marionyň başdangeçirmeleri baradaky täze animasion film 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde prokata çykar. Illumination we Nintendo studiýalary Super Mario World adyny alyp biljek täze taslamanyň üstünde işleýär diýip, NBC habar berýär
Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy
16.05.2025 16:11
4k+

Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy

DC YouTube kanalynda režissýor Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy. Filmiň premýerasy 11-nji iýula meýilleşdirilýär. Treýlerde Loýs Leýn (onuň keşbini Reýçel Brosnahan ýerine ýetirdi) Supermen bilen söhbetdeş bolýar
“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli bolan “Ýedi şalygyň rysary” 2026-njy ýylyň başynda çykar
16.05.2025 16:05
2.7k+

“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli bolan “Ýedi şalygyň rysary” 2026-njy ýylyň başynda çykar

HBO “Ýedi şalygyň rysary” (Рыцарь семи королевств) serialynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň başyna süýşürdi. Ilkibaşda “Tagtlaryň oýny” (Игра престолов) serialynyň prikweli şu güýzde çykmalydy diýip, Variety belleýär
Tankytçylar täze “Ahyrky nokat” filmini franşizanyň taryhynda iň gowusy diýip hasaplady
16.05.2025 10:57
3.1k+

Tankytçylar täze “Ahyrky nokat” filmini franşizanyň taryhynda iň gowusy diýip hasaplady

16-njy maýda ABŞ-da “Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary” (Пункт назначения: Кровные узы) horror filminiň altynjy bölümi prokata çykýar. Deslapky görkezilişde filme tomaşa eden günbatar tankytçylary oňa franşizada iň ýokary bahany berdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.