Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
18.02.2026 13:12
11k+
Şu gün Er-Riýadda «Arkadag» we «Al-Nasr» duşuşygynyň jogap oýny bolar
Şu gün, 18-nji fewralda Er-Riýadyň «Mrsul Park» stadionynda AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy geçiriler. Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary öz meýdançasynda Türkmenistanyň çempiony — «Arkadag» futbol klubuny kabul eder
18.02.2026 12:46
3.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
Şu gün Türkmenistanda diplomatik işgärleriň güni bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň diplomatik gullugynyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynyň teksti resmi türkmen metbugatynda neşir edildi
17.02.2026 20:43
2.2k+
Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan brifing geçirildi. Çäräniň dowamynda 2025-nji ýyldaky özara gatnaşyklaryň netijeleri jemlenip, 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi
17.02.2026 19:13
1.2k+
El-Kuweýtde türkmen-kuweýt söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenildi
2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu taryhy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynda kabul edildi
17.02.2026 19:12
1.2k+
Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş
17.02.2026 19:11
5.4k+
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi öz ykjam goşundysyny işe girizdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurduň daşary syýasaty baradaky möhüm maglumatlara dessin elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen smartfonlar üçin resmi ykjam goşundysyny hödürledi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär
17.02.2026 18:48
3.6k+
TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygy bellenildi
Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldawy bilen «Türkmen kinematografiýasy: taryhy menziller we döwrebaplyk» atly halkara duşuşygy geçirdi. Bu çäre TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda boldy we Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygyna bagyşlandy
17.02.2026 16:38
9.3k+
Türkmen emini AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň «Al-Ahli» — «Esteglal» duşuşygyna gatnaşar
Türkmenistandan FIFA-nyň emini Resul Mämmedow 2025–2026 möwsüminiň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy üçin ätiýaçdaky emin hökmünde bellenildi. Kataryň «Al-Ahli» we Eýranyň «Esteglal» toparlarynyň arasyndaky bu oýun 18-nji fewralda Dohanyň «Al-Tumama» stadionynda geçiriler
17.02.2026 16:36
3.6k+
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli Kino hepdeligi geçirilýär
2026-njy ýylyň 16 — 22-nji fewraly aralygynda Türkmenistanda Kino hepdeligi geçirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan guraldy
17.02.2026 15:37
1.8k+
Türkmenistanyň YHG-yň ýanyndaky täze hemişelik wekili resmi taýdan wezipesine girişdi
16-njy fewralda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Jidda şäherindäki ştab-kwartirasynda ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow ýurduň YHG-yň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde resmi taýdan wezipesine girişdi diýip, «Orient» habar berýär
17.02.2026 15:35
2.6k+
Aşgabatda «Grassroots Football Day» çagalar futbol festiwaly geçirildi
Türkmenistanyň paýtagtynda «Grassroots Football Day» festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda we «Altyn asyr» futbol klubunyň goldawy bilen geçirilen bu çäre futbol janköýeri bolan 100-den gowrak çagany bir ýere jemledi
17.02.2026 13:06
945
Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer
Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi
17.02.2026 13:03
8.8k+
2025-nji ýylyň iň gowy etrabyna $1 mln pul baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy
2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyna 1 million ABŞ dollary möçberindäki pul baýragy gowşuryldy. Gowşurylyş dabarasy 16-njy fewralda ýurduň demirgazyk sebitiniň Bitaraplyk şäherçesinde boldy
17.02.2026 06:20
16k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-a sapar bilen ugrady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. TDH-nyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri 16-njy fewralda ir bilen Halk Maslahatynyň Diwanyndan çykyp, Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden ABŞ-a ugrady
17.02.2026 06:17
3.7k+
Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygyny Bahar baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we dostlukly ýurduň halkyna Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär
17.02.2026 05:42
5.3k+
Türkmenistanyň Prezidentine BSGG-niň ýörite sylagy gowşuryldy
16-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça direktory Hans Henri P.Klýugeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Hans Henri P
17.02.2026 02:31
1.5k+
Aşgabatda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialog açyldy
16-njy fewralda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy boldy. Forum Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bilen bilelikde guraldy
17.02.2026 02:30
3.7k+
Balkanabatda «Galkynyş» toparynyň hormatyna dabaraly ýöriş geçirildi
Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Ýatlap geçsek, topar Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy
16.02.2026 20:15
2.7k+
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Imperatoryň doglan güni mynasybetli kabul edişlik gurady
Aşgabatda Ýaponiýanyň ilçihanasy tarapyndan Onuň Alyhezreti Imperator Naruhitonyň 66 ýaşy mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, diplomatik wekiller, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy
16.02.2026 20:13
1.9k+
Türkmenistanda ösümlikleri goramak boýunça birinji internet ders bäsleşigi geçiriler
Türkmen oba hojalyk instituty agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasy tarapyndan guralýan ösümlikleri goramak boýunça I internet ders bäsleşiginiň geçiriljekdigini yglan etdi. Bäsleşik 10-njy aprelde şahsy görnüşde bolar
16.02.2026 14:40
1.4k+
«Melodiýa» orkestri Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert taýýarlaýar
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda özüniň ikinji uly konsertini geçirer. «“Melodiýa” äheňindäki bahar» atly konsert 6-njy martda «Watan» kinokonsert merkezinde bolar we Halkara zenanlar gününe bagyşlanar. Konsertiň maksatnamasyna Waleriý Meladzeniň we Grigoriý Lepsiň meşhur aýdymlarynyň orkestr üçin işlenip taýýarlanylan görnüşleri girizildi
16.02.2026 14:19
4.3k+
Türkmen lukmanlary rak keseliniň öňüni almakda Sloweniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet Sloweniýanyň ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini irki anyklaýyş we öňüni alyş boýunça öňdebaryjy tejribesini öwrenmek üçin Lýublýana şäherine tanyşlyk saparyny amala aşyrdy
16.02.2026 13:24
1.4k+
Bangkokda türkmen-tailand gatnaşyklarynyň täze tapgyry ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M.Maşalow Bangkok şäherinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
16.02.2026 11:26
1.1k+
Serdar Berdimuhamedow Litwanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi
16.02.2026 11:25
1.2k+
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň Döwlet güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli Prezident Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär
16.02.2026 10:26
1.1k+
Türkmenistanda birža söwdalary geçen hepde 7,6 mln dollardan geçdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, karbamidi satyn aldylar
16.02.2026 09:59
12k+
29 gradusa çenli maýyllyk hem-de ýagyşlar: hepdelik howa maglumaty
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar
14.02.2026 23:32
16k+
Ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
14-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi
14.02.2026 23:20
36k+
Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri täzelendi
General-maýor Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä general-maýor Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredow bellenildi
14.02.2026 19:22
5.2k+
Türkmenistanda sportuň üç görnüşi boýunça Talyp ligalaryna badalga berildi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda futzal, basketbol we woleýbol boýunça ýurduň Talyp ligalarynyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde tassyklanan 2026-njy ýyl üçin köpçülikleýin sport we medeni çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär
14.02.2026 15:52
15k+
Oba hojalyk pudagynda wezipeler kesgitlenildi we ýolbaşçylar bellenildi
Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy täze işgärler düzümi we 2026-njy ýyl üçin anyk meýilnamalar bilen täze önümçilik tapgyryna girişýär. Degişli çözgütler döwlet Baştutany tarapyndan geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda kabul edildi
14.02.2026 15:23
12k+
2026-njy ýylda Türkmenistanda 900 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler
2026-njy ýylda Türkmenistanda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde aýtdy
14.02.2026 14:54
4.6k+
Türkmenistanda 2026-njy ýylda 3 million düýp nahal ekiler
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň dowamynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň üç million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 13-nji fewralda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi diýip, TDH habar berýär
14.02.2026 13:58
7.8k+
Köneürgenç etraby Türkmenistanda iň gowy etrap diýlip ykrar edildi we $1 mln möçberinde baýrak aldy
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň etraplarynyň arasynda geçirilýän her ýylky döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa habar berdi
14.02.2026 12:26
16k+
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeler geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirip, degişli Kararlara gol çekdi
14.02.2026 12:09
23k+
Türkmenistanyň welaýatlarynda birnäçe etraplaryň häkimleri täzelendi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda, anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň häkimlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi
14.02.2026 12:04
15k+
Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherleriniň häkimleri täzelendi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda welaýat merkezi bolan şäherleriň häkimlerinde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda: Kakageldi Atajanowiç Saryýew Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy
14.02.2026 10:55
16k+
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri täzelendi
Myrat Akmyradowiç Mämmedow pensiýa gitmegi sebäpli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşadyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi
14.02.2026 10:34
16k+
Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi
13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ýollary ministrligini döretmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
14.02.2026 09:53
7.1k+
«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze başlyk bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Resul Annaçaryýewiç Myradowy «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Şol bir wagtda Myradow senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy
«
1
…
9
10
11
…
160
»
«
1
…
6
7
8
9
10
11
12
13
14
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.